Ni­ge­ri­ýa­da ge­çi­ri­len Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň no­bat­dan da­şa­ry sam­mi­ti bu yk­ly­my­ň ýa­şaý­jy­la­ry­na ta­ry­hy tä­ze­lik ge­tir­di. Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň Li­der­le­ri ahyr­so­ňy Af­ri­ka yk­ly­my­nyň er­kin söw­da zo­la­gy­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Af­ri­ka yk­ly­my­nyň er­kin söw­da ba­ra­da­ky yla­la­şy­gy­ny (Af­rican Con­ti­nen­tal Free Tra­de Ag­ree­ment AfCFTA) ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi 17 ýyl­dan gow­rak wagt­lap ýe­ňil bol­ma­dyk gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.
– Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dün­ýä­niň iň uly söw­da zo­la­gy­dyr – di­ýip, Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Mu­sa Fa­ki Ma­ha­mat aýt­dy. Bu yla­la­şyk yk­ly­myň iň gür ilat­ly we yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýur­dy bo­lan Ni­ge­ri­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň iň soň­ky pur­sat­lar­da res­mi­na­ma gol çek­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim eden­den soň­ra ba­şa bar­dy. Bu yla­la­şy­ga Ni­ge­ri­ýa bi­len bi­le­lik­de Be­nin hem gol çek­di. Hä­zir­ki wagt­da Efio­pi­ýa­dan baş­ga Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň 55 ýur­dun­dan 54-isi res­mi taý­dan söw­da–yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goýdular.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, söw­da zo­la­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­ha ber­mek çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu söw­da zo­la­gy ila­ty we meý­da­ny bo­ýun­ça iň uly zo­lak­la­ryň bi­ri­dir. Em­ma tä­ze bi­le­le­şi­giň je­mi içer­ki önü­mi 3,4 tril­li­on dol­la­ra deň bo­lup, ol ýew­ro­zo­la­gyň­ky­dan 4 es­se, Hy­ta­ýyň­ky­dan bol­sa, 6 es­se az­dyr. Bi­le­le­şi­gi dö­re­di­ji­ler gel­jek bir­nä­çe ýy­lyň için­de söw­da­nyň ge­ri­mi­ni 60 gö­te­ri­me ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Ýö­ne, onuň bir­nä­çe kyn­çy­lyk­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­jak­dy­gy hem çak­la­nyl­ýar.

Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň 55 ýur­dun­dan
54-si öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy
ýo­la goýdular.

Af­ri­ka­da umu­my ba­za­ry dö­ret­mek ide­ýa­sy 1960-njy ýyl­lar­dan göz­baş alyp, ol yk­lym­da il­kin­ji ga­raş­syz­ly­gy­ny alan ýurt­la­ryň ara­syn­da ýü­ze çyk­ýar. Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da söw­da päs­gel­çi­lik­le­ri­niň ara­dan aý­ryl­ma­gy, goň­şy ýurt­la­ryň ara­syn­da se­na­gat we oba ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň çäk­len­dir­me­siz sa­tyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer. Bu bol­sa, ýer­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ma­ga ba­dal­ga be­rer. Eger-de äh­li zat ug­ru­na bol­sa, on­da af­ri­ka­ly­lar ýa­kyn 10 ýyl­lyk­da öz yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni düýp­li ös­dü­rer­ler. Şeý­le­lik­de, er­kin söw­da zo­la­gy bi­le­le­şi­giň her bir ag­za­sy­na tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açar.
Bi­le­le­şi­giň few­ral aýyn­da ge­çi­ri­len 32-nji sam­mi­tin­de bi­le­le­şi­giň hä­zir­ki baş­ly­gy Mü­sür Arap Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Abdel Fat­tah Ha­lil Al-Si­si Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Si­ril Ra­ma­fo­sa­nyň 2020-nji ýyl­da Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Efio­pi­ýa­nyň paý­tag­ty Ad­dis-Abe­be­de ge­çi­ri­len bu sam­mit­de arap döw­le­ti­niň ýol­baş­çy­sy Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň Li­der­le­ri­ni yk­lym­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça iş­le­ri has-da art­dyr­ma­ga ça­gy­ryp­dy. Esa­san hem As-Si­si Ka­ir we Keýp­ta­un ara­ly­gyn­da­ky ýo­luň gur­lu­şy­gy, dün­ýä­niň iň iri kö­li – Wik­to­ri­ýa­ny Or­ta Ýer deň­zi bi­len bi­rik­dir­mek ýa­ly tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp ge­çip­di.
Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi 1963-nji ýy­lyň ma­ýyn­da dö­re­di­lip, il­ki Af­ri­ka ag­zy­bir­lik gu­ra­ma­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol hä­zir­ki ady­na 2001-nji ýyl­da eýe bol­dy. Gu­ra­ma­nyň dü­zü­min­de 55 döw­let bar. Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň be­ýa­na­ty­na gö­rä, Af­ri­ka yk­ly­my­nyň er­kin söw­da zo­la­gy 1,2 mil­liard ilat­ly dün­ýä­niň iň uly er­kin söw­da zo­la­gy bo­lar.