Häzirki wagtda Giza piramidasynyň ýanynda gurluşygy alnyp barylýan Müsüriň uly muzeýi 2020-nji açylyp, ulanmaga berler. Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Halil Al-Sisiniň ýurduň gadymy ýadygärlikler boýunça ministri Haled al-Anani we syýahatçylyk ministri Raniýa al-Maşat bilen geçiren duşuşygynyň barşynda bu barada habar berildi. Müsüriň syýahatçylyk ministri duşuşygyň dowamynda bu muzeýiň açylmagynyň ýurduň syýahatçylyk pudagynyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
90 gektar meýdany eýeleýän muzeýde Müsüriň gadymy medeniýetine bagyşlanan müňlerçe eksponat ýerleşdiriler. 2002-nji ýylda düýbi tutulan bu muzeýiň açylyşy geljek ýyla meýilleşdirilen. Bu ýere gelýänler 1922-nji ýylda tapylan Tutanhamonyň aramgähinden ýüze çykarylan hazynalary görüp bilerler. Bu faraon täze şalygyň XVIII hanadanlygyna degişli bolup, 3 müň ýyl mundan ozal, Müsüri dolandyrypdyr. Bilermenleriň aýtmagyna görä, Afrika yklymynda şunuň ýaly tutuş bir medeniýete bagyşlanan iri muzeýiň açylmagy, Müsüre gelýän syýahatçylaryň sanynyň has-da artmagyna ýardam berer. Bahasy 1 milliard dollara barabar bolan bu muzeý Giza piramidasynyň golaýynda ýerleşýär. Muzeýiň girelgesiniň öňünde Müsür faraony Ramses ikinjiniň 3200 ýyl mundan ozal ýasalan 11 metrlik heýkeli dikeldiler.