Te­bi­gat­da bo­lup geç­ýän ha­dy­sa­la­ra, jan­ly-jan­dar­la­ryň gur­lu­şy­na se­re­dip, şo­ňa öý­kü­nilmegine, tä­ze açyş edil­me­gi­ne bio­mi­mik­ra di­ýil­ýär. Bio­mi­mik­ra ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ula­ny­lyp­dyr. Te­bi­gat­da­ky ül­ňü­le­ri nus­ga alyp, esa­san, na­no­teh­no­lo­gi­ýa­da, ro­bot önüm­çi­li­gin­de, luk­man­çy­lyk­da hem-de awia­si­ýa­da ula­nyl­ýan en­jam­lar iş­le­nip dü­zül­ýär. Te­bi­gat­da mil­li­on­lar­ça ýyl­dan bä­ri do­wam edip gel­ýän haý­ran gal­dy­ry­jy ul­gam­lar alym­lar­dyr in­že­ner­ler üçin yl­ham çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji alym, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Ja­nin. M.Ben­ýus di­ňe bu ug­ry öw­ren­mek üçin Bio­mi­mik­ra ins­ti­tu­ty­ny esas­lan­dyr­ýar. Ol “Bio­mi­mik­ra: te­bi­gat­dan yl­ham alan in­no­wa­si­ýa” (Bio­mi­micry: In­novation Ins­pi­red by Na­tu­re) at­ly ki­ta­byn­da te­bi­ga­ty my­sal al­yp, bir­nä­çe my­sal­la­ry getirýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da te­ne­çir­le­riň di­ku­çar­lar­dan has çalt he­re­ket et­me­gi­ni, ary­la­ryň we guş­la­ryň kar­ta­syz uzak ara­lyk ge­çip bil­mek­li­gi­ni, ha­me­le­on­la­ryň du­ran ýe­ri­ne gö­rä reňk üýt­get­me­gi­ni, ýap­rak­la­ryň fo­to­sin­tez ha­dy­sa­sy esa­syn­da ýyl­da 300 mil­liard ton­na şe­ker iş­läp çy­kar­ma­gyny we baş­ga-da bir­nä­çe de­lil­le­ri sa­na­mak bo­lar.
XIX asyr­da te­bi­ga­tyň ül­ňü­si es­te­ti­ka taý­dan my­sal alyn­ýar­dy. Şol döw­rüň su­rat­keş­le­ri­dir heý­kel­ta­raş­la­ry, te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gin­den yl­ham alyp aja­ýyp eser­le­ri dö­re­dip­dir­ler.
Te­bi­gat­da­ky ha­dy­sa­la­ryň adam­la­ryň dur­mu­şy­na peý­da­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ne göz ýe­ti­ri­len­den soň­ra, bi­lim dün­ýä­sin­de tä­ze açyş­la­ryň sa­ny art­ýar. Ine, kä­bir my­sal­lar:
Ba­lyk­çy guş­lar we ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly
Bio­mi­mik­ra­da my­sal al­nan iň aja­ýyp jan­dar­la­ryň bi­ri hem ba­lyk­çy guş­lar­dyr. Uzyn çüňk­li bu guşlar as­man­dan su­wa ta­rap örän çalt he­re­ket ed­ýär­ler. Ba­lyk­çy guş­la­ryň çüňk­le­ri­niň tiz­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­ren Eiji Na­kat­su, ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly­nyň ül­ňü­si­ni taý­ýar­la­ýar.
Ýar­ga­nat we ra­dar
Ra­da­ry oý­lap tap­mak­da ýar­ga­nat­la­ryň öz he­re­ke­tiniň ug­ru­ny kes­git­le­mek uky­byn­dan nus­ga alyn­ýar.
Te­ne­çir we di­ku­çar
Dört ga­nat­ly ýe­ke-täk mör-mö­jek ha­sap­lan­ýan te­ne­çir­le­riň uçan­la­ryn­da de­ňag­ram­ly­gy­ny saz­la­mak­da­ky ba­şar­ny­gy awia­si­ýa pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan in­že­ner­ler üçin yl­ham çeş­me­si bo­lup­dyr. Te­ne­çir­le­riň ho­wa­da­ky ça­la­syn he­re­ket­le­ri dür­li mak­sat­ly di­ku­çar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ro­bot­lar we mör-mö­jek­ler
Mör-mö­jek­le­riň kö­pü­si dik aga­ja dyr­ma­şyp bil­ýär, haý­sy­dyr bir zat­dan ba­şa­şak­ly­gy­na ýa­py­şyp dur­ýar. Has ki­çi göw­rüm­li ro­bot­la­ry ýa­sa­mak­da ary, ga­ryn­ja ýa­ly jan­dar­la­ryň be­den gur­luş­la­ry­na öý­kün­ýär­ler. Mör-mö­jek­le­riň gur­lu­şy my­sal al­nyp ýa­sa­lan ro­bot­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar.
Ýa­pyş­ýan len­ta­lar
Şweý­sa­ri­ýa­ly Jorj de Mest­ral, py­ta­na­ga meň­zeş bur­dok at­ly otuň eşi­gi­ne ýa­pyş­ma­gyn­dan nus­ga alyp, ýel­meşýän len­ta­la­ry dok­ma pu­da­gy­na or­naş­dyr­ýar. Mest­ral 1941-nji ýyl­da aw et­mek üçin açyk meý­da­na çy­ka­nyn­da onuň üs­ti-ba­şy­na, aw iti­niň ýü­ňü­ne bu otuň go­za­jyk­la­ry ýa­pyş­ýar. Ol bu tä­sin za­dy mik­ros­kop­da has ýa­kyn­dan gör­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Ne­ti­je­de, dok­ma se­na­ga­tyn­da hä­zir­ki wagt­da hem giň­den ula­nyl­ýan “welk­ro” len­ta­sy­ny oý­lap tap­ýar. Welk­ro fran­suz­ça­da­ky “velour” (mah­mal) hem-de crochet (ga­ňyr­çak) söz­le­rin­den alyn­ýar.
Howa gä­mi­si we ba­lyk
Ho­wa gä­mi­le­ri­niň bir­nä­çe­si guş­la­ryň be­den gur­luş­la­ry öw­re­ni­lip kä­mil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem ho­wa gä­mi­le­ri­ni iş­läp düz­mek­de suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ra hem öý­kü­nil­ýär.
Ma­ýa ÝAZ­MY­RA­DO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.