Batbörek näçe kiçi hem bolsa, onuň uzak taryhy bolup, dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Ilkinji uçýan enjamyň hytaýlylar tarapyndan oýlanyp tapylandygy aýdylýar. Wagtyň geçmegi bilen batbörek Aziýa ýurtlaryndan Ýewropa, Amerika we Awstraliýa ýaýrapdyr. Dürli döwürlerde batböregiň dürli görnüşleri peýda bolupdyr. Batbörek ylmy açyşlar etmek üçin hem peýdalanylypdyr. Ýel, basyş we howa akymy batbörek bilen ölçenipdir. Ilkinji uçary oýlap tapan doganlar Wraýtlar hem batbörekden peýdalanypdyrlar. Amerikaly alym Benžamin Franklin ýyldyrymda elektrik energiýasynyň bardygyny batbörek arkaly subut edipdir. Telefony oýlap tapan Aleksandr Graýam Bell hem ylmy açyşlary üçin bu enjamy ulanypdyr.
Gyzykly güýmenje
Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde wagtymyzy has şadyýan we gyzykly geçirmek üçin dürli oýunlary oýnaýarys. Eýsem, siz batbörek uçuryp gördüňizmi?!
Elbetde, tehnologiýanyň ösmegi bilen batbörek ylmy maksatlar üçin ulanylmaýan hem bolsa, güýmenmek maksady bilen uçurylýar. Hytaýda halkara batbörek festiwaly hem geçirilýär. Batböregi uçurmak üçin hökman şemalyň öwüsmegine zerurlyk ýok. Ýeňil materialdan ýasalan batbörekler aňsatlyk bilen uçurylyp bilner. Batböregiň yzyndaky guýrugy diňe owadanlyk üçin däl, eýsem, tizligini we deňagramlylygyny hem saklamaga ýardam edýär. Has belende galýan batbörekleriň ýüpüniň eliňizi kesmegi mümkin. Şol sebäpli ellik geýilse gowy bolar. Agaçlyk ýa-da elektrik geçirijileriniň golaýynda batbörek uçurmakdan gaça duruň! Ýel turan wagty bu oýnawaçlar bilen oýnamaň! Sebäbi ýyldyrym çaksa, howply bolup biler. Isleseňiz batböregiň taýýar görnüşini hem satyn alyp bilersiňiz ýa-da ony özüňiz hem ýasap bilersiňiz.
Ilki iki taýajygy şekildäki ýaly atanaklaýyn daňyp ýa-da çüýläp, birleşdiriň. Kagyzy ýere ýazyp, üstüne ýaňky atanak görnüşli agajy ýerleşdiriň! Gapdallaryndan epin üçin 2 sm çemesi goýup, daşyny kesiň! Ýelim bilen kagyzy ýelimläň. Ony skoç bilen has hem berkidiň! Şekilde görşüňiz ýaly, iki ýerinden ýüp daňyň! Isleseňiz halka dakyp ýüpi şoňa hem baglap bilersiňiz. Taýýar bolan oýnawajy uçurmak üçin size biriniň kömegi gerek bolar. Siz batböregiň uzyn ýüpüniň ujundan tutup şemala tarap ylgamaly, ýoldaşyňyz bolsa, ony ýokary galdyryp, belli bir wagtdan soňra goýbermeli.