Entek ýigit wagtlarym “mawy ekran” arkaly ýaýlyma berilýän satiriki sahnalara, şeýle-de teleoýunlara sabyrsyzlyk bilen garaşyp, başdan-aýak tomaşa ederdik. Şol sahnalaryň edebi esasynyň döwrebap, ilhalar bolşy ýaly, keşpleri döredýän artistler hem seni özüne maýyl edip goýýardylar. Haýsydyr bir eser many-mazmunly ýazylanda, režissýordyr artistler ussat bolanda şol eser seniň aňyňdan hiç wagt çykmaýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň “Ata we ogul” poemasy esasynda, ir döwürler türkmen telewideniýesiniň edebi-drama bölüminde taýýarlanan ata bilen ogluň arasynda bolup geçýän wakany öz içine alýan teleoýunda daýhan ýigit Wellegiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow ýerine ýetirdi. Wellegiň keşbi eserde ikinji orundaky keşpdigine garamazdan, Welmyrat ony örän ynandyryjy edip janlandyrdy. Şu keşp bilen hem Welmyrat Amanow tomaşaçylar köpçüliginiň aňynda galmagy başarypdy. Welmyrat Amanowyň halkyň aňynda galan keşpleriniň ýene biri-de “Söýgi duralgasy” atly spektakldaky ýaşulynyň keşbidir. Bu oýun ir döwürler öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylypdy. Şeýle keşpleriň hataryna “Myhmanhanada” atly spektakldaky Aleksandr Wampirowyň keşbini hem goşup bileris.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda halypa artistleriň hatarynda, ýaşlara görelde bolup zähmet çekip ýören Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow 1947-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Ol ilki Aşgabatdaky 26-njy mekdepde, soň hem 9-njy mekdepde orta bilimi alýar. Welmyrat entek mekdepde okaýan döwri teatr sungatyna ýykgyn edýär. Mekdepden boş wagtlary özi ýaly oglandyr gyzlaryň öňünde şorta sözler bilen çykyş etmegi gowy görüpdir. Ol okuwynyň daşyndan Ýetginjekler köşgüniň dutar gurnagyna gatnap başlaýar. Şol wagtlar Ýetginjekler köşgi Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň gabat garşysynda ýerleşýärdi. Welmyrat bolsa teatryň sahnasynda goýulýan spektakllara uly höwes bilen tomaşa edipdir. Soňra Welmyrat dutardan drama gurnagyna geçýär. Bu meselede oňa Baýram daýysy kömek edipdir. Şeýlelikde, ýaşajyk Welmyrat mekdebiň daşyndan drama gurnagyna gatnap, aktýorçylyk bilen hem gyzyklanyp başlaýar. Drama gurnagynda Welmyradyň topary çagalar üçin her hili sahnajyklary, gülküli wakalary sahnalaşdyrýan eken. Bir gün gurnagyň ýolbaşçysy Gyzyl Batyrow ýazyjy Pirli Körpäýewiň ýazan “Aýdyň geljegiň gadamlary” atly sahna oýnuny sahnalaşdyrmaga hyýallanýandygyny aýdýar hem-de şol sahna oýny bilen çagalar dynç alyş öýlerinde çykyş etjekdiklerini ýatladýar. Günlerde bir gün Ýetginjekler köşgüne Türkmen telewideniýesiniň çagalar bölüminden wekil gelip, çagalar barada taýýarlanýan gepleşiklerde drama gurnagynda taýýarlanýan sahna oýunlary bilen çykyş edip bermeklerini haýyş edýär. Şondan soňra gurnaga gatnaýan çagalar “mawy ekran” arkaly çykyş edip başlaýarlar. Soňabaka Welmyrada telewideniýäniň edebi-drama bölüminde taýýarlanyp, halk köpçüligine hödürlenýän satiriki sahnalarda we teleoýunlarda keşp janlandyrmaga gatnaşmagyny teklip edýärler. Ýaşajyk Welmyrat bu ýerde sungata, aktýorçylyga hasam uýgunlaşyp başlaýar. Emma Welmyradyň ejesi oglunyň artist bolmagyna düýbünden garşy çykýar. Ol Welmyradyň nebit-gaz ugrundan hünärmen bolup ýetişmegini isläp, Balkanabat (ozalky Nebitdag) şäheriniň nebitçilik tehnikumyna okuwa ibermegi ýüregine düwen eken. Şeýdip Welmyrat bu okuw mekdebinde okap başlaýar. Ol bu ýerde hem sungat ýoluny ýitirmändir. Welmyrat şol ýerde taýýarlanýan gysga sahnalarda çykyş edip başlaýar. Bu babatda Welmyrada şol wagtlar merkezi telewideniýäniň çagalar bölüminde işleýän Aýnabat Geldiýewa kömek edýär. Welaýat telewideniýesiniň işgärleri T. Myhmarowyň “30-njy ýyllar” atly pýesasyndan birki sany sahnany ýaýlyma bermek üçin sahnalaşdyrýarlar. Bu sahnalarda Welmyrada Mälik mergeniň keşbini janlandyrmagy tabşyrýarlar. Bu keşbi janlandyrmak Welmyrada gaty bir kynam düşmändir. Sebäbi ol bu spektakla Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda ençeme gezek tomaşa eden eken. Soňra Welmyrat ymykly sungat bilen meşgul bolmak niýeti bilen nebitçilik okuwyny taşlamagy ýüregine düwýär. Ol dessine Aşgabada gaýdyp, ejesine bolan wakany duýdurýar. Ol ejesine artistlik ugrundan okuwa girmegi we şol ugurdan işlemäge arzuw edýändigini aýdýar. Emma ejesi Welmyradyň bu pikirini goldaman, ony Aşgabadyň “Lokomotiw” deposyna işe ýerleşdirýär. Soňra ol 1964-nji ýylda Aşgabadyň 23-nji agşamky işçi ýaşlar mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde-de Welmyrada baýramçylyklarda kiçiräk sahnalary taýýarlap bermegi tabşyrýarlar. Şondan soňra teatr sungatyna, artistlige bolan höwes Welmyrady Daşkendiň Ostrowskiý adyndaky teatr çeperçilik institutyna alyp gelýär. Bu okuw mekdebinde Welmyrat halypa mugallymlar Mark Amanowiç we Baýram Seýdullaýew dagydan teatr sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. Ýokary okuwyň ilkinji ýylynda Welmyrat “Meşýanin dworýanlykda” atly sahna oýnunda baş keşp bolan Jürdeniň keşbini ýerine ýetirýär. Ol okuwyň üçünji ýyllygynda “Dagly gyz” sahnasynda, dördünji ýyllykda-da A.S. Puşkiniň kiçi tragediýalaryndan “Husyt Rysar”, “Daş myhman”, “Mosart we Salerini” atly spektakllarda özüne ynanylan keşpleri ussatlarça janlandyryp, mugallymlarynyň sagbolsunyna mynasyp bolýar.
1970-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlap gelensoň Welmyrat Amanowy ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna ýaş artist hökmünde işe belleýärler. Guýma gursak zehiniň, joşgunly yhlasyň eýesi bolan Welmyrat Amanow sähel salymyň içinde beýik-beýik ussatlaryň arasynda özüne niýetlenen abraýly orna mynasyp bolmagy başarýar. Ol özüne ynanylan keşplere uly ýa-da kiçi diýmeýär. Ol ýaşuly, halypa artistlere sala salmagy, olardan öwrenmegi hiç wagt özüne kiçilik bilmeýär. Sahna onuň ýürek küýsegi, teatr onuň hemrasy bolýar. Welmyrat Amanow teatryň düýbüni tutan halypa artistler Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Ata Durdyýew, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew, Myrat Seýitnyýazow, Sary Garryýew, Suraý Myradowa, Ogulgurban Durdyýewa ýaly ägirtler bilen bile işlemegiň özüne miýesser edendigi üçin bu günki gün özüni örän bagtly saýýar. Welmyrat Amanowyň drama teatrynyň sahnasynda ilkinji döreden keşbi “Ret bol ýarag” atly spektakldaky Lukman Etrihiň keşbi bolupdy. Adatça, ýaňy okuwyny tamamlap gelen ýaş artisti ilkibaşda sahna öwrenişdirýärler. Emma, Welmyrada dessine keşp janlandyrmagy ynanýarlar. Bu bolsa onuň tebigy zehininiň we başarjaňlygynyň netijesidir. Şondan soň Welmyrada keşp baryny ynanyp başlaýarlar. Ol “Hawa, dünýä düňderildi” (Waka), “Derňewçi” (Dopçinskiý), “General Kulyýew” (Gorodowoý), “Keýmir Kör” (Zeberdes han), “Ar” (Aznaý), “Ykbal” (Çerkez işan), “Söýgi duralgasy” (ýaşuly), “Gelin gelýär” (bufetçi), “Riçard 3” (Lord Stenli), “2 ogly” (Amanbaý), “Üçünji patatika” (Kumakin) ýaly spektakllarda biri-birine meňzemeýän, dürli-dürli keşpleri döretmegi başarýar. Welmyrat aga döredýän keşpleriniň hemmesini tomaşaça ynandyryjy edip döretmegi başarýar. Welmyrat Amanow teatrda diňe bir artist bolup işlemän, eýsem, teatryň guramaçylyk işlerine-de işjeň gatnaşýar. Ol drama teatrynyň ýolbaşçysy wezipesinde hem işledi. Ol mawy ekranda taýýarlanyp ýaýlyma berilýän gülküli sahnalaryň hem ussadydyr. Welmyrat Amanowa ir döwürler, telewideniýäniň edebi drama bölüminde işlän režissýorlar Orazdurdy Hojaýew, Allaberdi Meläýew, Tagan Saryýew, Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow, Ýazgeldi Gurbangeldiýew ýaly ussatlar bilen egin-egne berip işlemek hem miýesser edipdi. Ol esasy işiniň daşyndan gazet-žurnallarda makalalar bilen hem çykyş edip durýar. Teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Welmyrat Amanowa 1991-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1993-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar. Häzirki wagtda Welmyrat aganyň döwletli maşgalasy bolup, 4 çagasy, 13 agtygy bar. Uly gyzy Sonagül Amanowa Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallymçylyk etse, ýene bir gyzy Aýna Annaorazowa ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde zähmet çekip ýör. Bize bolsa köpleriň halypasy, ussat aktýor, görnükli sungat işgäri, Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanowa uzak ýaş, jan saglyk, döredijilik işinde rowaçlyk arzuw etmek galýar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
teatr sungatyny öwreniji.
Suratlary düşüren: Akmämmet Garajaýew.