(Bolliwud barada gysgaça we umumy maglumat)
Bol­li­wud — bu Mum­baý şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ägirt uly hin­di ki­no­in­dust­ri­ýa­sy­nyň hem-de hin­di di­lin­dä­ki film­le­riň ady bo­lup, ol Bom­beý (hä­zirki Mum­baý) bi­len Gol­li­wud söz­le­ri­niň bir­le­ş­megin­den eme­le ge­len­dir. Hin­dis­tan­da ýyl­da müň­ler­çe ki­no ön­dü­ril­ýär we onuň di­ňe 200–300 sa­ny­sy Bol­li­wu­dyň, ga­lan­la­ry bol­sa, Tol­li­wu­dyň (te­lu­gu di­lin­dä­ki film­ler), Kol­li­wu­dyň (ta­mil di­lin­dä­ki film­ler), Mol­li­wu­dyň (ma­la­ýa­lam di­lin­dä­ki film­ler)… pa­ýy­na düş­ýär. Bol­li­wud sö­zi 1932-nji ýyl­da dö­rän Tol­li­wu­dyň ana­lo­gi­ýa­sy hök­mün­de dü­zül­ýär.
Özü­niň ýat­dan çyk­ma­jak aý­dym­dyr tans­la­ry, hoş owaz­ly saz­la­ry, mil­li ly­bas­la­ry bi­len özü­ne ben­di ed­ýän hin­di ki­no­sy­nyň ta­ry­hy ba­ryp, 1899-njy ýyl­da su­rat­çy H.S.Bhat­wa­de­ka­ryň gys­ga met­raž­ly ki­no­la­ryn­dan baş­lan­ýar. Il­kin­ji do­ly met­raž­ly hin­di ki­no­sy “Ra­ja Ha­riş­çand­ra” bo­lup, ol Da­da­sa­heb Phal­ke ta­ra­pyn­dan 1913-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. XX asy­ryň bi­rin­ji on ýyl­ly­gy­nyň ahy­ryn­da Hin­dis­tan­da eý­ýäm 25-e go­laý film çy­ka­ry­lyp­dyr. 1930-njy ýy­la çen­li bol­sa, ýurt­da ýyl­da 200-e go­laý film ön­dü­ril­ýär­di. El­bet­de, şol döw­rüň film­le­ri en­tek ses­siz gör­nüş­de­di.
Il­kin­ji ses­li hin­di di­lin­dä­ki ki­no özün­de 7 sa­ny aý­dy­my jem­le­ýän Ar­de­şir Ira­ni­niň “Alam Ara” fil­mi bo­lup, ol 1931-nji ýyl­da to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­ýär. Bu film to­ma­şa­çy­la­ry­nyň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga, pro­kat­da bol­sa, haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­li­ge eýe bol­ýar. Onuň yzysü­re “Ghar Ki Laksh­mi” we “Şi­rin-Far­had” film­leri su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. Ola­ryň ikin­ji­sin­de 17 sa­ny aý­dym ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şon­dan soň aý­dym hin­di ki­no­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­ýär. Iň köp aý­dym­ly film “In­der Sab­ha” bo­lup, ol özün­de 71 sa­ny aý­dy­my jem­läp re­kord goý­ýar. Şol döw­rüň öň­de­ba­ry­jy re­žiss­ýor­la­ry W.Şan­ta­ram bi­len Ar­de­şir Ira­ni, de­giş­li­lik­de “Sai­rand­ha­ri” hem-de “Ki­san Ka­nya” at­ly il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän reňk­li film­le­ri su­ra­ta dü­şür­ýär­ler. Reňk­li film­ler 1950-nji ýyl­lar­da giň­den ýaý­rap baş­la­ýar.
1934-nji ýyl­da “Bom­bey Tal­ki­es” stu­di­ýa­synyň dö­re­dil­me­gi bi­len bir­nä­çe ki­ne­ma­tog­raf­lar ki­no sun­ga­ty­na ga­dam bas­ýar­lar. Ola­ryň ara­syn­da Şan­ta­ram, Ni­tin Bos, P. Ba­rua, De­ba­ki Bos hem-de Meh­bub Han ýa­ly re­žiss­ýor­lar saý­lan­ýar. Hin­di ki­no­sy il­kin­ji ge­zek 1934-nji ýyl­da hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal­la­ry­na De­ba­ki Bo­suň “See­ta” at­ly ki­no­sy bi­len gat­na­şyp, ol We­ne­si­ýa­da hor­mat­ly dip­lo­ma my­na­syp bol­ýar. Bir ýyl­dan re­žiss­ýor Ni­tin Bos ta­ra­pyn­dan dü­şü­ril­en “Dhoop Chhaon” at­ly film­de fo­nog­ram­ma as­tyn­da­ky dü­şü­ri­liş usu­ly il­kin­ji ge­zek ula­nyl­ýar.
Ikin­ji ja­han ur­şy ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Stu­di­ýa­la­ra ýyl­da 3 ki­no­len­ta goý­be­ril­me­gi­ne rug­sat be­ril­ýär. Çe­per film­le­riň do­wam­ly­ly­gy­na çäk­len­dir­me gi­ri­zil­ýär. Bu bol­sa film­ler­de ge­rek­me­jek mag­lu­mat­la­ryň we aý­dym­la­ryň sa­ny­nyň azal­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Hin­di ki­no­sy­nyň al­tyn eý­ýa­my diý­lip, 1940–1960-njy ýyl­la­ryň ara­ly­gy gör­ke­zil­ýär. Şol döw­rüň meş­hur akt­ýor­dyr akt­ri­sa­la­ry Raj Ka­pur, Di­lip Ku­mar, Dew Anand, Nar­gis, Wi­ja­ýan­ti­ma­la we Mi­na Ku­ma­ri türk­men to­ma­şa­çy­la­ry­na hem ta­nyş­dyr. Bu dö­wür­de ek­ran­laş­dy­ry­lan bir­nä­çe ki­no­lar nus­ga­lyk film­ler di­ýip yk­rar edil­ýär. Ola­ryň ara­syn­da türk­men to­ma­şa­çy­la­ry­na bel­li bo­lan ta­ny­mal akt­ýor hem-de re­žiss­ýor Raj Ka­pu­ryň “Ser­gez­da­ny­ny” (Awaa­ra) bel­läp geç­mek ze­rur­dyr. “Ser­gez­dan” Kann fes­ti­wa­ly­nyň Al­tyn pal­ma­sy­nyň şa­ha­sy­na hö­dür­len­ýär. Raj Ka­pu­ryň dö­re­den ob­ra­zy to­ma­şa­çy­la­ra uly tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Onuň hin­di akt­ri­sa­sy Nar­gis bi­len dü­şen ki­no­la­ryn­da­ky due­ty bol­sa, hin­di to­ma­şa­çy­sy üçin nus­ga­lyk jü­bü­tiň sim­wo­ly bo­lup gal­dy.
Meh­bub Ha­nyň 1957-nji ýyl­da dü­şü­ren “Ene Hin­dis­tan” (Mot­her In­dia) at­ly ki­nosy Os­kar baý­ra­gy­na hö­dür­le­nen il­kin­ji hin­di fil­mi bol­ýar. 1950-nji ýyl­lar­da “Şäh­diaçyk bo­luň!” (Jag­te Ra­ho), “Baý­ju Baw­ra” (Bai­ju Baw­ra), “Tä­ze asyr” (Naya Da­ur) hem-de “Mad­hu­ma­ti” ýa­ly film­ler uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. 1960-njy ýyl­da hin­di ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­syn­da maş­ga­la dur­mu­şy ba­ra­da­ky me­lod­ra­ma­, baş­dan ge­çir­me ýa­ly žanr­lar ag­dyk­lyk edip baş­la­ýar. Ek­ran­da Dhar­mend­ra, San­jiw Ku­mar, Şa­şi Ka­pur, Şar­mi­la Ta­gor, Mum­taz we Aşa Pa­rekh ýa­ly tä­ze ýyl­dyz­lar peý­da bol­ýar. Pro­kat­da bol­sa “Gan­ga we Jam­na” (Gan­ga aur Ja­mu­na), “Me­niň söý­gü­lim”, “San­gam”, “Wagt bi­len sy­nag” (Waqt), “Gül we daş” (Phool aur Phat­tar), “Borç” we ýe­ne-de bir­nä­çe ki­no­lar üs­tün­li­ge my­na­syp bol­ýar­lar. Ekiz do­gan­lar ba­ra­da söh­bet aç­ýan ki­no­la­ryň ara­syn­da, ça­ga­lyk­da bi­ri-bi­rin­den mah­rum bo­lan ekiz­ler ha­kyn­da “Ram we Şýam” (Ram aur Shyam), edil şo­lar ýa­ly te­ma­da “Zi­ta we Gi­ta” (See­ta aur Gee­ta) hem di­ňe bir Hin­dis­tan­da däl, eý­sem da­şa­ry ýurt­da­ky to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan film­le­r bo­lup gal­ýar.
Hin­di ki­no­sy şol dö­wür tä­ze so­si­al ta­lap­la­ry­na, şert­le­ri­ne uý­gun­la­şyp baş­la­ýar. Ýaş Çop­ra, Ra­meş Sip­pi, Man­mo­han De­sai, Şak­ti Sa­man­ta, Raj Khos­la we ýe­ne-de bir­nä­çe re­žiss­ýor­la­ryň iş­le­ri bi­rin­ji pla­na çyk­ýar.
Bol­li­wu­dyň 1970-nji ýyl­lar­da meş­hur­lyk ga­za­nan te­ma­la­ry – ko­me­di­ýa, uruş­ly, me­lod­ra­ma hem-de bel­li bir de­re­je­de gy­nanç­ly wa­ka­la­ry be­ýan ed­ýän film­ler bol­ýar. Ön­dü­ril­ýän film­le­riň sa­ny ar­typ baş­la­ýar we ne­ti­je­de, 1971-nji ýyl­dan bä­ri hin­di ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­sy san ba­bat­da film ön­dür­mek­de dün­ýä­de il­kin­ji or­ny sak­lap gel­ýär. 1973-nji ýyl­da re­žiss­ýor Raj Ka­pu­ryň dü­şü­ren “Bob­bi” fil­mi (baş keşp­ler­de Dimpl Ka­pa­di­ýa bi­len Ri­şi Ka­pur) uly üs­tün­li­ge eýe bol­ýar. 70-nji ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da, tä­ze ýyl­dyz Ami­tabh Baç­çan ada­lat­syz­ly­gyň gar­şy­sy­na çyk­ýan “ýaş ga­har­jaň ada­myň” ob­ra­zy bi­len “Eg­le­nen ar alyş” (Zan­je­er) fil­mi bi­len ek­ran­la­ra çyk­ýar. Baç­çan bi­len Dhar­mend­ra­nyň baş keşp­ler­de oý­nan “Ar we Ka­nun” (Sho­lay) fil­mi, re­žiss­ýor Ra­meş Sip­pi, hin­di ki­no­in­dust­ri­ýa­sy­nyň ta­ry­hyn­da iň bir üs­tün­lik­li ki­no­la­ry­nyň bi­ri di­ýip ha­sap­lan­ýar. Re­žiss­ýor Ýaş Çop­ra­nyň 1989-njy ýyl­da dü­şü­ren, türk­men to­ma­şa­çy­la­ry­nyň hem söý­gü­si­ni ga­za­nan “Çand­ni” (Chand­ni) at­ly fil­mi, hin­di ki­no­sy­ny zor­luk-sü­tem­lik te­ma­syn­dan ro­man­ti­ki te­ma gaý­dyp ge­tir­ýär.
Ge­çen asy­ryň ahyr­la­ryn­da, ýag­ny 90-njy ýyl­lar­da hin­di ki­no­sy­nyň dün­ýä­dä­ki meş­hur­ly­gy has hem ulal­dy. Şah Ruh Han, Sal­man Han, Aa­mir Han, Go­win­da, Şri­de­wi, Mad­hu­ri Dik­şit, Ju­hi Çaw­la, Ka­jol, Aýş­war­ýa Raý da­gy hin­di ki­no­sy­nyň tä­ze eý­ýa­my­nyň ýyl­dyz­la­ry hök­mün­de gö­rül­ýär. Şol dö­wür­de ki­no sun­ga­ty­na tä­ze ga­dam ba­san re­žiss­ýor­lar Adit­ýa Çop­ra­nyň, Ka­ran Jo­ha­ryň, Man­sur Ha­nyň, we Su­raj Bar­jat­ýa­nyň dü­şü­ren “Bäs­deş­ler” (Jo Jee­ta Wo­hi Si­kan­dar), “Men se­niň üçin kim?” (Hum Aap­ke Ha­in Ka­un), “Ogur­lan­ma­dyk ge­lin­lik” (Dil­wa­le Dul­ha­nia Le Jayen­ge), “Dur­muş­da hem­me zat bol­ýar” (Kuch Kuch Ho­ta Hai) film­le­ri to­ma­şa­çy­la­ryň gyz­gyn söý­gü­si­ni ga­za­nan, kas­sa top­la­ma­la­ryn­da re­kord go­ýan film­ler­dir.
2001-nji ýyl­da çy­kan re­žiss­ýor Aşu­toş Go­wa­ri­ke­ryň “La­ga­an: bir­wagt­lar Hin­dis­tan­da” (La­ga­an: Once Upon Ti­me In In­dia) fil­mi “Os­ka­ryň” da­şa­ry ýurt di­lin­dä­ki iň go­wy film baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar. San­jaý Lee­la Bhan­sa­li­niň “Dew­das” (2002) we Ra­keş Omp­ra­kaş Meh­ra­nyň “Rang De Ba­san­ti” (2006) at­ly film­le­ri BAF­TA baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýär. 2009-njy ýyl­da Raj­ku­mar Hi­ra­ni­niň dü­şü­ren “Üç ke­ma­kyl” (3 idiots) fil­mi, kas­sa ýy­gym­la­ryn­da 3 mil­liard hin­di ru­pi­ýa­syny top­lan il­kin­ji hin­di fil­mi bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, hin­di film­le­ri tu­tuş dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma bi­len to­ma­şa edil­ýän film­le­riň ha­ta­ry­na gir­me­gi ba­şar­dy. Soň­ky ýyl­lar­da uly býu­jet­li film­ler ön­dü­ri­lip, ola­ryň ga­za­nan gir­de­ji­le­ri-de 100, 200, hat­da 300 mil­li­on dol­lar­dan hem geç­ýär. Aý­ra­ty­n hem 3 Ha­nyň – Aa­mir Ha­nyň, Şah Ruh Ha­nyň hem-de Sal­man Ha­nyň film­le­ri­ne di­ňe bir Hin­dis­tan­da däl, eý­sem tu­tuş dün­ýä­de-de to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny ju­da köp.
2011-nji ýyl­dan baş­lap, Bol­li­wu­dyň pa­wil­on­la­ry sy­ýa­hat­çy­lar üçin öz ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar. Su­ra­ta dü­şü­ril­ýän meý­dan­ça­ny gör­mek üçin ol ýe­re ada­ty ge­ze­lenç­le­riň ara­syn­da hem ba­ryp bol­ýar. In­di sy­ýa­hat­çy­lara öz söý­gü­li gah­ry­man­la­ry­nyň ek­ra­nyň aň­ry­syn­da­ky dur­mu­şy bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­ýär.
Ajap Re­je­po­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.