Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlary bankynyň dolandyryjy geňeşi (Asian Infrastructure Investment Bank, AIIB) Lýuksemburgda geçiren dördünji maslahatynda Afrika yklymynyň Benin, Jibuti we Ruanda ýurtlarynyň maliýe guramasyna agzalygyny makullady. Şeýlelikde, bankyň agzalarynyň umumy sany 100-e ýetdi. Indi täze agzalar resmi tassyklanandan soňra, banka ilkinji gatançlaryny geçirerler. Şondan soň, olar resmi taýdan banka agza ýurtlaryň sanawyna goşularlar.
Bu maslahatda Hytaýyň maliýe ministri Lýu Kun AIIB-iň dolandyryjy geňeşiniň başlyklygyna saýlandy. Şeýle hem bankyň bäşinji maslahatyny 2020-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Pekinde geçirmek hakynda karar kabul edildi.
– Hytaýyň hökümeti AIIB-iň ştab-kwartirasy ýerleşýän ýurdy hökmünde mundan beýläk hem bankyň ösüşine yzygiderli ýardam berer – diýip, Lýu Kun belledi.
Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlary bankyna agza ýurtlaryň paýyna dünýä ilatynyň 73%-i, ählumumy jemi içerki önümiň hem 63%-i düşýär.
– Biz ähli agzalarymyzyň kömegi bilen durnukly ösüşe ýardam bermäge ukyply “ýaşyl” gurluşy döredýäris – diýip, AIIB-niň başlygy Szin Lisýun aýtdy.
AIIB – halkara maliýe guramasy Aziýada we onuň çäklerinden daşarda durnukly infrastrukturany we önümçiligi döretmek maksady bilen maliýe hyzmatlaryny hödürleýär. Bank häzirki wagta çenli agza ýurtlarynyň iri taslamalarynyň 46-syna ABŞ-nyň 8,5 milliard dollaryna deň bolan karz serişdelerini bölüp berdi.
HHR-iň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu maliýe guramasy köp taraplaýyn ösüşi bilen tapawutlanýar. Bank ilkibaşda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maliýe we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Aziýada iri infrastruktura taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen döredilipdi. Ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýän bu maliýe guramasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, 2016-njy ýylda resmi taýdan işläp başlady. Dünýäniň dürli ýurtlaryna karz berýän bu bankyň häzirki wagtda 100 milliard dollardan gowrak gory bar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, Halkara Pul Gaznasy, Dünýä banky we Aziýa ösüş banky bu guramanyň esasy bäsdeşleridir.
AIIB baradaky ilkinji maglumatlar 2013-nji ýylyň oktýabrynda peýda boldy. HHR-iň başlygy Si Szinpiniň Indoneziýa amala aşyran saparynda ýurduň Prezidenti Susilo Banbang Ýudoýono bilen geçiren gepleşikleriniň çäklerinde Aziýa sebitinde ösüşe we ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermäge ukyply şeýle bankyň esaslandyrylmagyna wagtyň ýetendigini aýdypdy. Hytaý 2014-nji ýylda Hindistany bu taslama goşulyşmaga çagyrýar. 2014-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Pekinde özara hyzmatdaşlyk hakyndaky memoranduma gol çekilýär. Oňa Hytaý, Hindistan, Tailand, Malaýziýa, Singapur, Filippinler, Pakistan, Bangladeş, Bruneý, Kamboja, Gazagystan, Kuweýt, Laos, Mýanma, Mongoliýa, Nepal, Oman, Katar, Şri-Lanka, Özbegistan we Wýetnam ýaly 21 döwletiň wekilleri gol çekýärler.
Indiki tapgyr guramany döretmek baradaky ylalaşyk bolup, ol 2014-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Hytaýyň Kunmin şäherinde gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Ol 2015-nji ýylyň 15-16-njy ýanwarynda geçirilen Mumbaý duşuşygynda dowam etdirilip, şol ýylyň 30-31-nji martynda Almaty şäherinde geçirilen üçünji duşuşykda ylalaşygyň gutarnykly taýýarlanandygy mälim edilýär we esaslandyryjy ýurtlara gol çekmäge hödürlenýär.
Hytaý geljekki bankyň sermaýasynyň deň ýarysyndan gowragynyň üpjünçiligini öz üstüne almagy teklip edip, guramaçy ýurt hökmünde öňe saýlanýar. Ilki bilen “Özara hyzmatdaşlyk hakyndaky memoranduma” 21 döwletiň wekilleri gol çekip, soňra oňa beýleki agzalar goşulýarlar. Eýýäm 2015-nji ýylyň 20-nji apreline çenli memoranduma 57 döwlet goşulýar. 2015-nji ýylyň 29-njy iýunynda 57 ýurduň wekilleri banky döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekýärler. Hytaý, (bankdaky paýnamasy 30,34%), Hindistan (8,52%) we Russiýa (7,5%) iri paýdarlar hökmünde öňe saýlanýarlar. Häzirki wagtda başga-da birnäçe ýurtlar bu banka agza bolmak meýillerini mälim edýärler.