Türk­men be­de­wi. Ata-ba­ba­la­ry­myz oňa my­da­ma sar­pa go­ýup ge­lip­dir. Be­dew türkmeniň gö­wün gal­kyn­ma­sy, ýow gü­nün­de ýol­da­şy, şat gü­nün­de buý­san­jy bo­lup, kö­ňül kä­be­sin­de ýa­şap­dyr.
Halkymyz öz be­dew at­la­ry­ny ti­mar­lap, kä­mil­leş­di­rip, ony maş­ga­la­nyň deňhu­kuk­ly ag­za­sy, sö­we­şi­ji gar­da­şy ha­sap­lap­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem halkymyzda: “Er­tir tur, ata­ňy gör, ataň­dan soň – aty­ňy” di­ýen pä­him bar.
Ta­ry­hy bi­len ta­ryh­daş, ýü­re­gi bi­len ýü­rek­deş bo­lup gel­ýän, uçar ga­na­ty, mäh­rem dos­ty, gö­wün ga­na­ty bo­lan aty­na türk­me­niň çäk­siz söý­gü­si­ni dil bi­len be­ýan et­mek müm­kin däl.
Türk­men be­dew­le­ri ýa-da ahal­te­ke at­la­ry XIX asyr­da dün­ýä­de tä­ze­den meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, gün­do­gar at­la­ry­nyň at-ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­ýär. XX asy­ryň ahy­ryn­da ahal­te­ke be­de­wi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­lip, onuň owa­dan keş­bi ýur­du­my­zyň Döw­let tug­ra­sy­ny be­ze­di.
Ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ahal­te­ke be­de­wi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä are­na­syn­da tut­ýan my­na­syp or­nu­na we ab­ra­ýy­na la­ýyk gel­ýän hor­mat mün­be­ri­ne çyk­ýar.
Türk­me­niň öz aty­na bo­lan söý­gü­si çäk­siz­dir. Hal­kyň ýo­wuz gü­nün­de iň we­pa­dar ýol­da­şy, toý gü­nün­de zy­na­ty bo­lan be­de­wi şan-şöh­rat­ly ta­ry­hy ýo­luň kö­tel­lik­le­ri­ni eýe­si bi­len deň çe­ki­şen­dir. Türk­me­niň aty onuň yk­ba­ly bi­len çuň­ňur bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dür­li dö­wür­ler­de gö­çüp-gon­ma­ga, agyr ýö­riş­le­re git­mä­ge, men­zil-men­zil ýol sök­mä­ge mej­bur bo­lan hal­kyň dur­mu­şyn­da guş deý ga­nat­ly, ýel­ma­ýa deý ýüw­rük, gyz deý gy­lyk­ly, it deý we­pa­ly, dü­ýe deý çy­dam­ly, adam deý duý­gur, säh­ra deý owa­dan atyň ýol­daş bol­ma­gy onuň ýa­şaý­şy­nyň te­bi­ga­tyn­dan ge­lip çyk­ýar. Adam ýo­wuz dur­muş­da öz yk­ba­ly­ny az­da-kän­de ýeň­let­jek, onuň dur­mu­şy­na da­ýanç, ýa­gyş­da-gar­da, ep­gek­de-ys­sy­da, toý­da-ýas­da hem­dem bol­jak we­pa­ly ýol­daş göz­läp­dir. Türk­men şeý­le ýol­da­şy at­da ta­pyp­dyr. Kow­sa ýet­ýän, gaç­sa gu­tul­ýan, bir men­zil­lik ýo­ly çaý içim sa­lym­da geç­ýän be­dew gi­je-gün­diz aý­ryl­maz hem­de­mi­ne öw­rü­lip­dir. Türk­men öz dur­mu­şy­ny at­syz göz öňü­ne-de ge­ti­rip bil­män­dir, ony ýe­ke­je pur­sat hem göz­den sal­man­dyr. Aty­ny suw ýe­ri­ne şe­ker-şer­bet, ot ýe­ri­ne bal, ýu­murt­ga be­rip ba­kyp­dyr, gö­zü­niň gö­re­ji­ne, ba­şy­nyň tä­ji­ne, döw­le­ti­niň ba­şy­na de­ňäp­dir, agyr pur­sat­lar­da öz atyn­dan he­ma­ýat is­läp­dir.
Ahalteke atlary­nyň ba­ky­lyp-be­je­ri­li­şin­de, se­ýis­le­ni­şin­de, ös­dü­ri­lip ýe­tiş­dir­li­şin­de tä­sin­lik, öç­me­jek aý­dym, tü­ke­nik­siz mu­kam bar. Türk­men öz aty­nyň kad­dy-ka­ma­ty­nyň owa­dan, boý­nu­nyň dik, dö­şü­niň ýaý­baň, aýak­la­ry­nyň in­çe­den uzyn, be­de­ni­niň ýü­pek ýa­ly my­la­ýym bol­ma­gy, te­ni­niň şöh­le sa­çyp dur­ma­gy, boý­nu­ny tä­sin ta­law­lat­ma­gy, eýe­si­niň gö­zün­den onuň ni­ýe­ti­ne dü­şün­me­gi üçin nä­çe yh­las, söý­gi siň­di­ren­dir! Bedewlerimiziň ter­bi­ýe­le­ni­şi gi­den bir des­san, aňyr­sy-bä­r­si ýok kys­sa.
At­çy­lyk spor­ty, at mün­mek we at ça­py­şyk­la­ry adam­da ba­tyr­lyk, ugur ta­py­jy­lyk, ez­ber­lik hem-de öz-özü­ňe erk et­mek, ba­şar­mak ýa­ly hä­siỳet­le­ri ter­bi­ýe­le­ýär.
Halkymyz gel­jek­de hem be­dew­le­ri­ni bir­jik-­de üns­den dü­şür­mez, çün­ki olar türk­me­niň buý­san­jy­dyr, şöh­ra­ty­dyr.

Nur­je­mal
Öw­li­ýa­ku­ly­ýe­wa,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň ta­ly­by.