Türk­me­nis­ta­n ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri dat­ly ga­wun­la­ryň wa­ta­ny ha­sap­la­nyp, köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ga­wun­la­ry öz hi­l aýratynlygy bilen uly şöh­ra­ta eýe bo­lup­dyr. Dün­ýä­niň bel­li ja­han­keş­de­le­ri we ta­ryh­çy­la­ry türk­men ga­wun­la­ry ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry gal­dy­ryp­dyr­lar. XII asyr­da ýa­şap ge­çen fran­suz sy­ýa­hat­çy­sy: “Men hiç ýer­de şeý­le dat­ly ta­ga­m dat­man­dym” diý­se, arap ta­ryh­çy­sy Kö­ne­ür­genç ga­wun­la­ry ba­ra­da: “Bü­tin ýer şa­ryn­da Ho­rezm ga­wun­la­ry­na taý gel­jek ga­wun ýok­dur, pa­ça­gy dö­kün­dir, eti al­tyn­dyr” diý­ýär. Umu­man, türk­men ga­wun­la­ry şa­la­ryň des­ter­ha­ny­na my­na­syp ýo­kum­ly iý­mit ha­sap­la­nyp­dyr. Sol­tan San­ja­ryň, Baý­ram han türk­me­niň we beý­le­ki türk­men hö­küm­dar­la­ry­nyň söý­gü­li ta­ga­my bo­lup­dyr. Il ara­syn­da aý­dyl­ýan “Ga­wu­nyň­ky ýüz gün, ýüz gün­den soň üz­gün”, “Ga­wu­nyň agy­ry, gar­py­zyň ýe­ňi­li”, “Ga­wun ga­wun­dan reňk alar”, “Ga­wun ga­by­gyn­dan ta­na­lar” di­ýen na­kyl­lar müň bir der­diň der­ma­ny sa­ýyl­ýan ga­wun­la­ry­ň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ta­gam­ly nyg­mat sa­ýyl­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz ga­wu­ny süý­ji nyg­mat hök­mün­de iýen bol­sa­lar, luk­man­lar ony der­man­lyk hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Luk­man He­kim ady bi­len ta­nal­ýan Ibn Si­na hem türk­men ga­wun­la­ry­nyň dür­li ke­sel­le­re der­man­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, ola­ry öz te­bip­çi­li­gin­de giň­den ula­nyp­dyr. Se­bä­bi ga­wu­nyň dü­zü­min­de dür­li wi­ta­min­ler, krah­mal, be­lok­lar, or­ga­ni­ki kis­lo­ta­lar, dür­li mi­ne­ral duz­lar hem-de ka­liý sak­lan­ýar.
Türk­me­nis­tan­da gawun ösdürip ýetişdirmek ýö­ne bir bak­ja­çy­lyk işi ha­sap edil­män, eý­sem ol ga­dy­my halk däp-des­su­ry bo­lup, sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­lip­dir. Türk­men ga­wun­la­ry di­ňe bir terligine iýil­män, eý­sem, onuň etin­den to­şap, mü­rep­be, kak önüm­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Ene-ma­ma­la­ry­my­zyň us­sat­lyk bi­len taý­ýar­la­ýan bu önüm­le­rine hä­zir­ki dö­wür­­de hem is­leg örän uly. Iý­seň ag­zyň­dan ta­ga­my git­me­ýän bu önüm­ler ýy­lyň äh­li döw­rün­de sa­çak­la­rymy­zyň be­ze­gi bo­lup, hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan iň ýo­ka­ry ta­gam ha­sap edil­ýär.
Bi­ziň gün­le­ri­miz­de ýur­du­my­zyň ba­ba­daý­han­la­ry ga­wun­la­ryň 400-den gow­rak gör­nüşi­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär­ler. Ola­ryň us­sat­lyk bi­len ýe­tiş­dir­ýän ga­wun­la­ry ta­ga­my, ulu­ly-ki­çi­li­gi, daş­ky gör­nü­şi biş­ýän wag­ty bo­ýun­ça ta­pa­wut­lan­ýar. Çalt biş­ýän “zam­ça”, “az­gyn”, “ter­nek”, “kyrk­gün­lik” ýa­ly gör­nüş­le­ri maý aýy­nyň ahyr­la­ryn­da bi­şip ýe­tiş­ýär. Giç­ki gör­nü­şi “gar­ry­gyz” güýz­de ýe­ti­şip, bu ga­wu­ny uzak wagt­lap sak­lap bol­ýar. Ol ta­ga­my bo­ýun­ça to­mus­ky ga­wun­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de us­sat seç­gi­çi daý­han­la­ry­my­za dün­ýä­de deň­siz-taý­syz ha­sap­lan­ýan türk­men ga­wun­la­ry­nyň ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan gör­nüş­le­ri­ni sak­la­mak, tä­ze­le­ri­ni dö­ret­mek, hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň ha­lal zäh­met­le­ri­ne my­na­syp ba­ha be­ril­ýär. Bu bol­sa, ola­ra tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­ma­ga, has ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­mä­ge, eder­men daý­han­la­ry­my­zyň ene top­ra­ga bo­lan yh­la­sy­ny, on­dan bol ha­syl ön­dür­mä­ge, ha­lal zäh­me­ti­niň hö­zü­ri­ni gö­rüp, bag­ty­ýar ýa­şa­ma­ga hö­we­si­ni art­dyr­ýar, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ge­lip ýe­ten daý­han­çy­lyk däp­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Çy­nar BER­DI­KU­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Sa­par­my­rat
Türk­men­ba­şy et­rap ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.