600 gektar meýdanda bina edilen Songdo şäheri Koreýa Respublikasyndaky “akylly” şäherdir. Ol Sary deňziň kenarynda gurlup, Seulyň Inçhon halkara aeroportuna golaýdyr. Bu ýerde taşlandylar awtomatik usulda ýerasty turbalar arkaly sorulyp gerekli ýerine äkidilýär. Çyraly sütünler ulaglar golaý gelende ýagtylýar, binada goýlan sensorlar gelen awtoulagy bellige alyp, ýaşaýjyny garşy almaga lifti aşak ugradýar. Bu şäher 1990-njy ýyllaryň ahyrynda Inçhon aeroporty meýilleşdirilende Koreýanyň hökümetiniň teklibi bilen taslanyldy. Şol döwürde bu şäher nusgalyk keşbe eýe bolup, dünýäniň beýleki ýurtlarynda şeýle meýliň döremegine sebäp boldy. Şunuň ýaly ýokary tehnologiýa bilen abzallaşdyrylan şäherler köplenç bir-birinden onçakly tapawutlanmaýar. Çünki, olaryň köpüsi şol bir halkara şereketleri tarapyndan taslanylyp, dünýäniň ösen we ösüp barýan ýurtlarynda gurulýar.
Hindistan 100 sany akylly şäher gurmagy göz öňünde tutýan bolsa, Afrika ýurtlarynda 100 milliard dollaryk 20 taslama meýilleşdirilýär.
2017-nji ýylda Saud Arabystanynyň hökümeti hem Gyzyl deňziň kenaryndan NEOM atly täze şäheri gurmak baradaky meýillerini mälim etdi. Şonda bu taslamanyň bahasynyň 500 milliard dollara deňdigi habar berildi.
BMG-niň hasabatyna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň 68 göterimi şäherlerde ýaşar. Şonuň ýaly hem 2,5 milliard adam şäher eteklerinde ýaşap, bu esasan, Aziýa we Afrika ýurtlaryna degişli bolar.
Meýilleşdirilýän şäherleriň aglabasy halkara maýa goýumlaryny çekmegiň baş guralydyr diýip, halkara bilermenleri aýdýarlar. Malaýziýanyň günortasynda bahasy 100 milliard dollara deň bolan Tokaý şäherine (Forest City) ýakyn ýyllarda 700 müň adam göçürmek meýilleşdirilýär. Bu şäheriň gurluşygy üçin 162 million kubmetr topragyň daşalmagy deňiz gurşawyna hem ep-esli derejede täsirini ýetirdi.
Edil şuňa meňzeş ýagdaý Afrika yklymynyň günbatarynda, Nigeriýanyň günorta-günbataryndaky Lagos şäheriniň kenarlarynda bolup geçýär. Suwuň içinde gurlan “Eko Atlantic” şäheriniň düýbi 100 müň sany bäş tonnalyk beton bloklar bilen berkidilip, “Lagosuň beýik diwarlary” adyna eýe boldy. Bu berkitme “Eko Atlantic” şäherini iň howpsuz ýerleriň birine öwürýär.