Bu gün Durnukly ulag ulgamy boýunça maslahatlardyr duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrülen Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamy, demir we awtomobil, deňiz şeýle-de derýa ýollary we beýleki ugurlar boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde giň goldaw tapýar. Öňe sürülýän maksatnamalaryň halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýändigini bu guramalar tarapyndan kabul edilýän resminamalaryň mysalynda hem aýdyň görýäris.
Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem, döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kuwwatly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň düzümini döretmäge aýratyn üns berilýär. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gurlan Türkmenabat – Kerki, Daşoguz – Köneürgenç, Aşgabat – Daşoguz ýaly demir ýollary bilen bir hatarda, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugry boýunça, şonuň ýaly-da, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň Kerki – Ymamnazar – Akina böleginiň, Serhetabat – Turgundy demir ýollarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigini bellemek gerek.
Bu gün Türkmenistan Watanymyz polat ýollaryň möhüm çatrygynda ýerleşýändigi bilen tapawutlanýar. Munuň özi eziz Diýarymyzyň Ýewraziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrülmegine getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Açyk gapylar” syýasaty Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine alyp bardy. Dünýä derejesinde halkara ulag-üstaşyr ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşýan ýurdumyz sazlaşykly, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýar. Doganlyk halklaryň bähbitlerine gönükdirilen sebitdäki ulag ulgamynyň ösdürilmegi, sebitde, şonuň ýaly-da, Ýewraziýa giňişliginde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine badalga boldy.
Şeyle hem döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ýurtlaryň söwda-ykdysady we ulag ulgamlary babatdaky ýakynlyk derejesine baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygynyň tassyklanmasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi we bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi. Bu forum Hökümet agzalarynyň, işewür we ylmy düzümleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin hemişelik hereket edýän binýada öwrülmelidir, ol Hazarýaka döwletleriniň her birinde gezekme-gezek yzygiderli geçirilmelidir.
Bu möhüm duşuşykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan halkara ulag geçelgeleriniň dörediliş ugurlary, ozalky bellenilen çäreleriň berjaý edilişi, ýolagçy gatnawlarynyň guralyşy we ýükleriň daşalyşy, hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylyşy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly ilkinji halkara maslahatdan we Aşgabat Jarnamasyndan soňky edilen işlere seljerme berler. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ulag geçelgelerini, multimodal ýollary döretmek baradaky başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda”, şeýle hem “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýalar kabul edildi we işe girizildi.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň halkara başlangyçlary boýunça ýurtlaryň we halkara düzümleriniň bilelikde ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça kabul eden iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolardan üstünlikli hereket edýänlerinden “Demirgazyk – Günorta”, “Gündogar – Günbatar” demir ýollaryny görkezmek bolar. Amal edilýän şeýle tutumly işlerde döwrüň täze şertleri we talaplary göz öňünde tutulandyr, ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösüşine gönükdirilen çäreler bellenilendir.
Hormatly Prezidentimiz halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek barada şeýle pikiri öňe sürýär: “Ýurdumyzyň logistika strategiýasy taryhy taýdan emele gelen ýörelgelerden ugur alýar. Bir wagtlar kontinentimiziň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren esasy söwda ýollary Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Gürrüň medeni ösüşde, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýoly barada barýar”.
Dünýäniň döwletleri bilen “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesiniň gerimini giňeltmek barada deňhukukly hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ata Watanymyzyň çäklerinden söwda ýollarynyň geçmegi, ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli syýasy, ykdysady, medeni çäreleriň sanynyň artmagy, syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine çykarmak boýunça giň möçberdäki işleriň alnyp barylmagy, maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy – bularyň ählisi daşary ykdysady işjeňligiň ýokarlanmagyna getirýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň esasy haryt ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, möhüm ulagüstaşyr hem-de kommunikasiýa merkezi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan daşary ýurtlar hem-de sebitler bilen deňhukukly ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýükleriňdir ýolagçylaryň gatnawlarynyň üstaşyr geçirilmeginiň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Halkara bilermenleri ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň Türkmenistany sebitde öňdäki orunlara çykarýandygyny nygtaýarlar.
Döwletimiz özüniň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategik taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Ýurdumyzyň TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi hökmündäki ornuny berkidýär. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýolagçy gatnawlaryna, ýükleriň daşalyşyna ýokary tizlik berýär, ýola sarp edilýän wagt tygşytlanylýar, hyzmatlaryň hili gowulandyrylýar. Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň, halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň ýaly-da olary iş ýüzünde amala aşyrmak babatda zerur çäreleri görýär.
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň ýollaryny birleşdirmek baradaky amala aşyrýan beýik işleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin dünýä ýurtlarynda ýaşaýan ynsanlaryň bähbidine gönükdirilýär.
Meýlis NURSÄHEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.