Öwez okuwdan boş wagtlary obalaryndaky Medeniýet öýünde hereket edýän drama gurnagyna gatnaşyp, artist hökmünde gysga sahnalarda çykyş etmäge başlaýar. Öwez çagalykdan gülki, ýagny komediýa žanryna ýykgyn edýär.
Öwezgylyç Şarlyýew 1966-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Orta bilimi obalaryndaky Magtymgulynyň adyny göterýän 3-nji orta mekdepde alýar. Ol 1983-nji ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýyl Aşgabatdaky öňki Türkmen döwlet sungat institutynyň “Kino we drama aktýory” bölümine okuwa girýär. Öwez okuwyň ikinji ýyllygynda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmäge gidýär. Emma, ol gullukdan dolanyp gelenden soň okuwyny dowam etdirmeýär. 1986-njy ýylda Moskwanyň Şepkin adyndaky okuw mekdebine resminamalaryny tabşyrýar. Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen Öwez okuw mekdebiniň talyby bolýar. Ol bu ýerde pedagog Semýon Barkandan, şeýle-de halk artisti Ýuriý Solominden tälim alyp, aktýor ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. Ol meşhur rus artisti Ýuriý Nikulinden hem sungat ugrundan köp zatlary öwrenýär.
Öwez ýokary okuw mekdepde okan wagtlary birnäçe sahna oýunlarynda çykyş edip, özüniň ukyp-başarnygyny görkezmegi başarýar. Olardan Tolstoýyň “Tümlügiň girdabynda” atly eseri boýunça goýlan sahna oýnundan Akymy, Dostoýewskiniň “Jenaýat we Jeza” sahna oýnundan Marmeladowy, R. N. Güntekiniň “Amanat giýew” sahna oýnundan Hilmany we beýlekileri ýatlap geçse bolar. Moskwada okaýan döwri Öwez “Mosfilm” kinostudiýasy bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolup birnäçe filmlerde surata düşýär. Olar “Brigada” atly filmde Toligiň, “Owgan öwrümleri” atly filmde Kemalyň, “Fanat – 2” filminde bolsa, Mişanyň keşpleridir. Şeýdip Öwez Şarlyýew 1990-njy ýylda ýokary okuwy tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Şol ýylam ol ozalky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başlaýar. Bu teatryň sahnasynda Öweze birnäçe keşpleri döretmek miýesser edýär. Olarda çagalar üçin niýetlenen “Altyn jüýje” oýnunda möjek, “Akyllyja towşanjyk” oýnunda kürrejik, “Janly gurjaklarda” şazada, şeýle hem “Gumdaky gelinde” 1-nji sakçy, “Nusaý galasynda” Ganimet, “Togrul begde” kerwenbaşy, “Jelaletdinde” ilçi we sülçi, “Şapakda” Dädebaý, “Kemalda” Ali, “Münnetjimde” Mahmyt, “Alp Arslanda” dagly ýigit, “Hoş geldiň, Täze ýylda” Aýazbaba ýaly keşpler teatr muşdaklarynyň göwnünden turan keşpler bolupdy. Ykbal Öwez Şarlyýewiň ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda zähmet ýoluna başlamagyna itergi berýär. Oňa bu teatryň “Sen kalbymyň aýdymy” sahna oýnunda Begenjiň, “Abyl we Kabyl” sahna oýnunda Abylyň, şeýle-de “Perwana” sahna oýnunda Tahyryň keşbini döretmegi ynanýarlar. Ol bu keşpleri ynandyryjy edip, döretmegiň hötdesinden gelýär we öz muşdaklarynyň sagbolsunlaryna mynasyp bolýar. Şondan soňra Öwez Şarlyýew zehinini rus dilinde synap görmäge höwes edip A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryna işe girýär. Bu teatrda guýmagursak zehine “Zöhre we Tahyr” dessany esasynda goýlan sahna oýnunda Begiň, “Söýgi gözbaşynda” 1-nji esgeriň, “Dýumowoçkada” Tomzagyň, “Bremenli-sazandalarda” jansyzyň, “Wodowilde” Lukanyň, “Amanat giýewde” Ymamyň, “Derňewçide” Osipiň, “Biz ýene-de duşuşarysda” mollanyň, “Awazada” Şükür aganyň keşplerini ussatlarça döredip, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar.
Zehinli artist Öwez Şarlyýew diňe bir sahnada artist hökmünde keşp döretmek bilen çäklenmän, eýsem, režissýor hökmünde-de birnäçe eserleri sahnalaşdyrdy. Olardan Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda “Amanat giýew”, Türkmen döwlet sirkinde “Söýgi, söýgi, söýgi”, Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Nadaranyň nogtalanyşy”, “Ak Lotos”, “Aýal arwah” atly spektakllary agzap geçse bolar.
Öwez Şarlyýewe Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň professor mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikowyň halypalyk etmeginde talyp ýaşlara aktýor ussatlygyndan tälim bermek hem miýesser edýär. Öwez Şarlyýew türkmen kino sungaty bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolýar. Häzirki güne çenli ol “Türkmenfilm” kinostudiýasynda birnäçe filmlerde keşp janlandyryp, kino muşdaklarynyň hem aňynda galmagy başardy. Şol filmlerden “Ýusup–Ahmet”, “Günä”, “Toba”, “Küştçi”, “Arçaly adam”, “Ýowbagşy”, “Jennet guşy”, “Bäşinji hazyna”, “Ene mähri”, “Zöhre–Tahyr”, “Taryha syýahat”, “Şaýly gelin”, “Bagt nury”, “Pälwan”, “Magtymguly”, “Arkadagyň paýhas çeşmesi”, “Stadion” şeýle-de 2013-nji ýylda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde ilkinji gezek başy başlanan türkmen telekeçileriniň durmuşyndan gürrüň berýän “Ömür kerweni” atly köpseriýaly çeper filmde döreden keşpleri bilen kino muşdaklarymyzyň berekellasyna mynasyp bolýar.
Guýmagursak — tebigy zehinli Öwez Şarlyýew nähili äheňdäki keşbi janlandyrsa hem ol maňzyňa batyp dur. Bu bolsa artistiň öz kärini jany-teni bilen söýýändiginiň alamatydyr. Her bir artistiň näderejede ussatdygyny “sahna” anyk çözüp bilýär. Öwez Şarlyýewiň ykbalynyň diňe sahna, sungat bilen baglydygyna göz ýetirse bolýar. Zehinli artist Öwez Şarlyýewe teatr we kino sungatyna goşan goşandyny göz öňünde tutup 2004-nji ýylda Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragy berilýär. Öwez Şarlyýew häzirki döwürde paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda zähmet çekip ýör. Bu teatrda-da Öwez halypa artistleriň hatarynda hormatlanýar.
Meniň “Çagalaryň içinde seniň käriňi dowam etdirjekleri barmy?” diýen sowalyma ol şeýle jogap berdi:
— Ata-babalarymyzyň “Ata kesbi, ogla halal” diýen pähimine eýerip, körpe oglum Ata häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “drama we kino” bölüminiň 3-nji ýyllygynda okap ýör. Nesip bolsa, oglum meniň kesbi-kärimi alyp gider diýen tamam bar. Maşgalam Orazgül Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde zähmet çekip ýör. Uly oglum ýokary bilim alyp telekeçi, körpe gyzym bolsa, tikinçilik ugry boýunça bilim alyp ýör. Häzirki döwürde beýleki pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet sungat döredijilik işgärlerine-de öz zehinlerini açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. Üstümizdäki ýyly Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip yglan etdi. Bu bolsa, biziň hemmämizi rowaç işler bilen meşgul bolmaga iterýär. Rowaç sözüniň özi şowlulykdan, bagtlylykdan nyşan. Şonuň üçin biz teatr işgärleriniň hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli – ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Maňa bolsa, zehinli artist, gülküli sahnalaryň ussady Öwez Şarlyýewe elmydama şowlulygyň hemra bolmagyny arzuw edäýmek galýar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Türkmenistanyň kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasy.