Düýeler adamyň müňlerçe ýyllardan bäri ulanyp gelýän kömekçisidir. Çölüň iň gazaply tebigy şertlerinde ýaşamaga uýgunlaşan jandarlar adamlaryň ýaşaýşynyň taryhynda müňlerçe ýyllap ýeke-täk çydamly ulagy bolupdyr. Taryha nazar aýlasak, düýe maly adamzada zerur bolan azyk önümçiligi, senagat pudaklary üçin çig mal çeşmesi, hojalykda ulag hyzmaty hökmünde giňden ulanylypdyr. Uzak aralyklary gysgaldyp, halklar arasynda alnyp barylýan söwda gatnaşyklary-da düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr. Gadymy Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda Hytaý, Hindistan we beýleki ýurtlar bilen söwda aragatnaşyklaryny saklamaga, agyr ýükleri çekmäge, ýer sürmäge, hiç bir ulagyň geçip bilmejek ýollaryny geçmäge uýgunlaşandyr. Düýeler goşmaça ýük maly hökmünde häzirem maldarçylyk etraplarynda çopanlaryň esasy ulagydyr.
Türkmen halkynyň aňynda düýe maly bagtyň, rysgal-döwletiň nyşany hökmünde orun alýar. Türkmenler “Düýe maly – dünýe maly”, “Düýeli baý – dünýeli baý” diýip bu mala uly hormat goýupdyrlar. Sebäbi, düýäniň hiç bir yrýa zady ýok. Onuň eti, süýdi, ýüňi dermanlyk häsiýete eýedir. Düýe ýüňüniň 80%-iniň mymyk bolanlygy üçin ondan örülen önümler ýumşak, jana ýakymly bolýar. Mymyk düýe ýüňüniň düzümindäki maddalar oňa berklik, ýumşaklyk, inçelik hem-de uzak wagtlap ýylylygy saklamaga ýardam berýär. Düýe ýüňünden guşak, çäkmen, ýorgan, saçak ýaly önümler öndürilýär. Düýe ýüň guşagy garyn boşlugyny ýyly saklap, sowuklamanyň öňüni alýar. Düýe ýüň saçagyna çörek dolanyp goýlanda çöregi ýumşak saklap, heňletmeýär.
Düýe çöllerdäki ýabany we tebigy ýandak, sazak, gandym ýaly ösümlikler bilen iýmitlenýär. Düýelerden alynýan hemme önümler adam üçin peýdalydyr. Düýe çaly, süýdi, agarany dürli iç kesellerinde bejergi hökmünde gymmatly derman hasaplanylýar, ynsan bedeniniň berkemeginde bahasyna ýetip bolmajak tebigy içgi saýylýar. Düýe çaly jana melhem içgi hökmünde şypaly içgi hasaplanylýar. Çünki, tomsuň jöwzaly yssysynda düýe çalyndan gowy teşneligi gandyryp biljek içgi ýok. Hut şuňa esaslanyp hem türkmen halky “Düýe çaly – derde däri” diýýär.
Düýe çaly inçekesel, aşgazan, öýkendir böwrek keselleriniň hem bire-bir emi hasaplanýar. Düýe süýdünden çaldan başga-da agaran, süzme, gurt ýaly süýt turşy önümleri we mesge taýýarlanylýar. Bularyň hemmesi-de adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden ulanylýar.
Düýe çaly düýe süýdi turşadylyp alynýar. Çal taýýarlamak üçin täze saglyp alnan düýe süýdi zerurdyr. Süýt içi gorly küýzelere guýulýar. Diňe şondan soňra üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýulýar. Şeýlelikde, ýokarda görkezilen goşundylaryň diňe bir garyşdyrylmagy däl, eýsem, onuň kislorod bilen baýlaşdyrylmagy bilen birwagtyň özünde artykmaç kükürt turşuly gazdan azat edilmegi hem gazanylýar. Şol wagt kazein (süýtdäki protein) we köpürjik görnüşli beýleki ýaglar ýokary göterilip, agaran bolup, garyndynyň ýüzüne çykýar.
Düzüminde aýdylanlaryň ujypsyz mukdaryny saklaýan suwy bolsa, çal görnüşinde aşakda galýar. Şondan soňra süýdi öz-özünden gazlandyrmak we turşatmak üçin 4-12 sagatlap 20-25 dereje gyzgynlykda basyrylyp goýulýar. Agaranyň turşulygy ýetende, şeýle hem özüne mahsus ýakymly ysy peýda bolanda çal taýýar diýlip hasap edilýär. Şondan soňra gabyny hiç bir tarapa gozgaman, seresaplyk bilen ýüzüniň agarany alynýar, çal bolsa, şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, türkmeniň gadymy we gymmatly süýt turşy önümi, ýagny düýe çaly taýýar bolýar.
Düýe süýdi adamyň bedeniniň berkemeginde bahasyna ýetip bolmajak tebigy içgi hasaplanýar. Onuň düzüminde dürli ýaglar bar. Mysal üçin, onda C we D ýokumly maddalar sygyr süýdündäkiden üç esse köpdür, şoňa görä-de çal köp keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Düýe çaly diňe bir teşneligiňi gandyrmak üçin ulanylman, eýsem, halk lukmançylygynda dertlileriň derdini dep etmek üçin derman hökmünde hem giňden ulanylypdyr.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.