Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri De­wid Ke­me­ro­nyň we­zi­pe­si­ni tab­şyr­jak­dy­gy ba­ra­da­ky ha­ba­ryň ýaý­ra­ma­gy­nyň yzy­sü­re no­bat­da­ky hö­kü­met baş­tu­ta­ny­nyň kim bol­jak­dy­gy ba­ra­da gür­rüň­ler baş­lan­dy. Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň no­bat­da­ky Prem­ýer-mi­nist­ri ze­nan maş­ga­la bol­dy. Bu ba­ra­da met­bu­gat gul­luk­la­ry ha­bar ber­ýär. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gär­le­ri­niň ara­syn­da şu ýy­lyň 7-nji iýu­lyn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji saý­la­wyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, içe­ri iş­ler mi­nist­ri Te­re­za Me­ýiň hem-de ener­ge­ti­ka mi­nist­ri And­rea Lid­siň da­laş­gär­li­gi ka­bul edil­di.
Kon­ser­wa­tor­la­ryň 2020-nji ýy­la çen­li ýur­duň hö­kü­me­ti­ni do­lan­dyr­ma­ga do­ly hu­ku­gy bar. Olar 2015-nji ýyl­da­ky saý­law­da ynam­ly ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne has ýa­kyn da­laş­gär Te­re­za Meý ha­sap­lan­ýardy. Ol il­kin­ji saý­law­da 199 ses al­dy. Bäs­de­şi And­rea Lids bol­sa 84 ses al­ma­gy ba­şar­dy. Ses be­riş­lik ýur­duň mil­li par­la­men­tin­de par­ti­ýa­nyň öz ara­syn­da ge­çi­ril­di. Beý­le­ki da­laş­gär­ler örän az ses alan­dy­gy üçin bäs­le­şik­den çe­kil­di.

TE­RE­ZA MEÝ PREM­ÝER-MI­NISTR
Ýur­duň ozal­ky Prem­ýer-mi­nist­ri De­wid Ke­me­ron şu ýy­lyň 13-nji iýu­lyn­da we­zi­pe­si­ni meý­le­tin tab­şyr­dy. Onuň ýe­ri­ne ýur­duň ozal­ky içe­ri iş­ler mi­nist­ri Te­re­za Meý saý­lan­dy. Ol şa ze­na­ny Ýe­li­za­wetta II döw­rün­de Mar­ga­ret Tet­çer­den soň­ra bu we­zi­pä saý­la­nan ikin­ji ze­nan maş­ga­la bol­dy. Ol Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri hök­mün­de bu we­zi­pä saý­lan­dy. 11-nji iýul­da Me­ýiň ýa­kyn bäs­de­şi And­rea Lids da­laş­gär­lik­den çe­kil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şon­dan soň­ra 59 ýa­şyn­da­ky Te­re­za Meý ýe­ke-täk da­laş­gär bo­lup gal­dy.
Te­re­za Meý şa ze­na­ny Ýe­li­za­wet­a II döw­rün­de ýur­duň 13-nji Prem­ýer-mi­nist­ri bol­dy. On­dan ozal Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da di­ňe bir ge­zek ze­nan maş­ga­la ýur­duň hö­kü­met baş­tu­ta­ny bo­lup­dy. Ol hem Mar­ga­ret Tet­çer­dir. Tet­çer 1979—1990-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ny do­lan­dy­ryp­dy.
Ol Mar­ga­ret Tet­çe­re de­ňel­ýär. Meý Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy­nyň dü­zü­min­den öňe saý­la­nan 2 ze­nan de­pu­ta­tyň bi­ri­dir. Tet­çer ýur­duň döw­let eda­ra­la­ry­nyň 4-si­niň ýol­baş­çy­sy bo­lan ýe­ke-täk ze­nan­dyr. Ol Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň baş­ly­gy, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, içe­ri iş­ler mi­nist­ri hem-de döw­let ha­zy­na­sy­nyň sak­la­ny­şy­na se­red­ýän ma­li­ýe or­ga­ny­nyň ýol­baş­çy­sy bol­dy.
Te­re­za Meý 1956-njy ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ist­born şä­he­rin­de ene­den do­gul­ýar. Ol Oks­ford uni­wer­si­te­ti­ni ta­mam­lap, ge­og­ra­fi­ýa bo­ýun­ça ba­ka­lawr de­re­je­si­ne eýe­dir. Ang­li­ýa­nyň ban­kyn­da we Lon­don şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de dür­li we­zi­pe­ler­de iş­le­di. Sy­ýa­sat­çy, 2010-njy ýyl­dan bä­ri ýur­duň içe­ri iş­ler mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär­di.