“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ri­len sam­mi­te Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Now­ruz Ma­me­dow, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­rin­ji Wi­se-pre­zi­den­ti Es­hak Ja­han­gi­ri, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri As­kar Ma­min, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Dmit­riý Med­we­dew, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ab­dul­la Ari­pow hem-de Bol­ga­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Boý­ko Bo­ri­sow bar. Fo­ru­myň da­ba­ra­ly mej­li­si­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­now hem gat­naş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li fo­rum­da çy­kyş edip, Ha­zar se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-ara­gat­na­şyk, ener­ge­ti­ka, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de eko­lo­gi­ýa ugur­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len en­çe­me ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Şol baş­lan­gyç­lar ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da te­bi­ga­ty go­ra­mak, ulag ul­ga­myn­da giň hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da tä­ze tek­lip­le­ri öňe sür­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň Ha­zar yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy ener­ge­ti­ka, se­na­gat, ulag, söw­da ýa­ly ugur­lar­da iri möç­ber­li hem-de uzak möh­let­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge esas­lan­ýar.
Şo­ňa gö­rä-de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ha­zar se­bi­tin­de teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge uly üns ber­mek bi­len hal­ka­ra in­no­wa­si­on-teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­ni dö­ret­me­gi tek­lip edip, ony “Ha­za­ryň in­no­wa­si­on şä­he­ri” di­ýip at­lan­dyr­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ýer­de, pi­kir­le­riň öz­bo­luş­ly la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­lar­dan we beý­le­ki döw­let­ler­den alym­lar, hü­när­men­ler, düýp­li we ama­ly ylym­la­ryň we­kil­le­ri Ha­zar üçin tä­ze teh­no­lo­gik ýö­rel­gä­niň üs­tün­de bi­le­lik­de iş­läp, in­no­wa­si­on hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­la­ry­ny, Ha­zar me­se­le­si­niň köp ugur­la­ry – ener­ge­ti­ka, se­na­gat, lo­gis­ti­ka, dü­züm­le­ýin, eko­lo­gi­ýa ugur­la­ry bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy çöz­güt­le­ri taý­ýar­lap bi­ler­ler. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz “Ha­za­ryň in­no­wa­si­on şä­he­ri­niň” ýa­nyn­da “san­ly yk­dy­sa­dy­ýet” bö­lü­mi­ni dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ha­zar üçin “ýa­şyl dip­lo­ma­ti­ýa­nyň”, ýag­ny eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len tek­lip­le­ri öňe sür­me­gi Ha­zar deň­zi­niň baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga hem-de re­je­li ulan­ma­ga ni­ýet­le­ni­len­di­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz Ha­zaryň kon­ti­nen­tal ýol­la­ryň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän­di­gi, bi­rek-bi­rek­den uzak­da ýer­leş­me­dik Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň çä­gi gün­do­gar ta­rap­da Gü­nor­ta Azi­ýa we Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­ne, gün­ba­tar ta­rap­da Ga­ra we Or­ta­ýer de­ňiz­le­ri­ne, gü­nor­ta ta­rap­da Eý­ra­nyň üs­ti bi­len Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ra, Rus­si­ýa­nyň üs­ti bi­len we soň­ra de­mir­ga­zyk ugur­da Bal­ti­ka deň­zi­niň ke­nar ýa­ka­sy­na gö­ni çyk­mak ýo­lu­na eýe­di­gi­ni bel­läp, ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len Ha­zar se­bit lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­me­gi tek­lip et­di. Şol mer­kez Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän tä­ze ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­jak bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ut­gaş­dyr­ýan mer­ke­ze öw­rü­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň uly ýo­luň baş­lan­gy­jy­dy­gy­ny, onuň Ha­zar­da stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň tä­sir­li gu­ra­ly­na öw­rül­jek­di­gi­ni bel­le­di. Ha­za­ryň onuň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän ýurt­la­ra tä­ze sep­git­le­ri aç­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di.