12-nji aw­gust­da Ha­zar deň­zi­niň gü­nü­niň bel­len­ýän se­ne­sin­de ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my köp san­ly çä­re­ler hem-de du­şu­şyk­lar bilen ýat­da gal­dy.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myny­ň çä­re­le­ri­niň çäk­le­rin­de Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da ulag ul­ga­myn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da yla­la­şy­ga gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ulag dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Fo­ru­my­ň çä­re­le­ri­niň çäk­le­rin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky yla­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň – Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça de­giş­li eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy bol­dy.
Fo­ru­my­ň çäk­le­rin­de Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar hal­ka­ra ser­gi­si hem-de “Türk­men säh­ra­sy – 2019” at­ly hal­ka­ra aw­to­ser­gi ge­çi­ril­di.
13,7 müň ine­dör­dül meý­da­ny tut­ýan ser­gi­ler­de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 57-si we ýur­du­my­zyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 62-si öz ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­di­ler.
Ser­gi­de 100 ine­dör­dül metr meý­dan­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li bö­lü­mi ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň bar bo­lan ägirt uly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tä­ze se­na­gat sy­ýa­sa­ty hem-de eks­port kuw­wa­ty öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Ýurdumyzyň diwarlyklarynda tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, go­log­ram­ma­la­ryň, in­te­rak­tiw kar­ta­la­ryň, sen­sor ek­ran­la­ryň, mul­ti tas­la­ma­la­ryň peý­da­la­nyl­ma­gy myh­man­la­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da we ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da, hi­mi­ýa we dok­ma se­na­ga­tyn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da ba­şy­ny baş­lan öz­gert­me­le­ri­niň we tas­la­ma­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­, Ga­ra­gum­da­ky “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy bi­len jik­me-jik ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Aw­tou­lag ser­gi­sin­de Rus­si­ýa­nyň “LA­DA” we “AU­RUS”, şeý­le hem “KA­MAZ” we “GAZ” aw­tou­lag­la­ry, Azer­baý­ja­nyň “Azer­maş” aw­to­mo­bil za­wo­dy, Eý­ra­nyň “Iran Hod­ra”, Öz­be­gis­ta­nyň “UzAvto Mo­tors”, Be­la­ru­suň “MAZ” önüm ön­dü­ri­ji­le­ri, “Mercedes”, “Volks­wa­gen”, “BMW”, “AUDI”, “Toyo­ta”, “Lexus”, “Maz­da”, “Mit­su­bis­hi”, “Hy­un­dai”, “You­tong” kom­pa­ni­ýa­la­ry öz naýbaşy önüm­le­ri­ni gör­kez­di.
“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar hal­ka­ra ser­gi­si­niň işi­niň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan bir­ža söw­da­la­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 380 mil­li­on 179 müň dol­la­ryn­dan gow­rak hem-de 96 müň 600 ma­nat­lyk örän köp san­ly – 256 sa­ny bag­la­şy­lan ge­le­şik­ler bir­ža söw­da­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bol­dy. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri içer­ki ba­zar üçin umu­my ba­ha­sy 43 mil­li­on ma­nat­lyk ge­le­şik bag­laş­dy­lar.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň we mej­lis­le­riň bar­şyn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry ber­kid­ýän res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Umu­man, dür­li de­re­je­ler­de hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­rynyň 57-si ka­bul edil­di, olar mag­lu­mat­lar teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy, söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe ul­ga­my, dip­lo­ma­ti­ýa, ulag, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ýe­ňil se­na­gat, oba we suw ho­ja­ly­gy, sport we beý­le­ki­ler ýa­ly ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ne de­giş­li­dir.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-bol­gar hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň dör­dün­ji mej­li­si ge­çi­ril­di.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de te­le­ke­çi­lik me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­men-ast­ra­han ge­ňe­şi­niň bi­rin­ji mej­li­si bol­dy.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de “Ha­zar se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk”, “Ha­zar se­bi­tin­de ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi”, “Ha­zar deň­zi­niň ener­ge­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri”, “Ha­zar se­bi­tin­de se­na­ga­tyň ös­dü­ril­me­gi”, “Ha­zar üçin “ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet”, “Ha­zar deň­zin­de yl­my bar­lag­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk” at­ly ýö­ri­te bö­lüm­ler bo­ýun­ça mej­lis­ler ge­çi­ril­di.
Ikin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­tyn­da ge­çi­ri­ler.