Bir aýal Ber­nand Şou­dan so­rap­dyr:
– Si­ziň pi­ki­ri­ňiz­çe, men nä­çe ýa­şym­da?
Ýa­zy­jy oňa bir­laý syn edip du­rup­dyr-da:
– Özü­ňi­zi alyp bar­şy­ňyz-a 14, sa­çy­ňyz 18, di­şi­ňiz bol­sa 19 ýaş­ly gy­zyň­ka meň­ze­ýär – di­ýip jo­gap ber­ýär.
Alan jo­ga­byn­dan göw­nü­hoş bo­lan aýal:
– Köp sag bo­luň! – di­ýip, ho­şal­lyk bil­di­ren­de, ýa­zy­jy sug­şur­ýar:
– Ha­nym, en­tek bi­raz sa­byr ediň, bu­la­ryň hem­me­si­ni jem­le­sek, si­ziň ýa­şy­ňy­za deň bo­lar.

Möw­la­na Je­la­let­din Ru­my özü­niň iň ýa­kyn dos­ty Şem­si Töw­ri­zi­ni Me­di­ne şä­he­rin­de gö­ren­di­gi­ni aý­dan bir ki­şä eg­nin­dä­ki çäk­me­ni­ni sow­gat ber­ýär. Ýe­ne bi­ri ony Şam­da gö­ren­di­gi­ni aý­dan­da, oňa-da baş­ga­by­ny çy­ka­ryp ber­ýär. Bu ýag­da­ýy syn­lap du­ran mü­rit­le­riň bi­ri dil­len­män du­rup bil­me­ýär:
– Pi­rim, Şem­si Töw­ri­zi in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri ara­myz­da ýok ahy­ryn. Ýö­ne siz nä­me üçin ony gör­düm di­ýen­le­re ýe­ne-de sow­gat ber­ýär­si­ňiz.
Şon­da be­ýik şa­hyr şeý­le jo­gap ber­ýär:
– Ola­ryň sö­zi ýa­la­nam bol­sa, me­ni be­gen­dir­ýär. Eger dog­ry aýd­ýan bol­sa­lar, eşig­imi däl, ja­ny­my hem gaý­gyr­maz­dym.

Meş­hur ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Mark Twen ot­lu­da sy­ýa­hat edip ýör­kä, gar­şy­syn­da otu­ran ada­myň öz ki­ta­by­ny oka­ýan­dy­gy­na gö­zi düş­ýär. Ol ki­ta­by okap bo­lan des­si­ne, ýo­lag­çy­lar öza­ra söh­bet edip baş­la­ýar­lar. Söh­be­tiň do­wa­myn­da Mark Twen ýol­da­şy­nyň özü­ni ta­na­man­dy­gy­ny aňan­soň, söh­be­ti uzak­dan aý­lap, gür­rü­ňi ki­ta­ba sy­ryk­dyr­ýar.
– Häl­ki okap otu­ran ki­ta­by­ňyz gy­zyk­ly eken­mi? Göw­nü­ňi­ze ýa­ra­dy­my? – di­ýip, ýa­zy­jy on­dan so­ra­ýar. Ol adam bir sa­lym böw­rü­ni diň­läp otur­ýar-da:
– Şu ki­ta­by gö­ýä okal­ma­dyk ýa­ly edip bil­jek bi­ri bar bol­sa, oňa ep-es­li tö­lär­dim – di­ýip, jo­gap ber­ýär. Mark Twen alan jo­ga­by­na diý­seň la­py­keç bol­ýar-da, ýe­ne-de so­ra­ýar:
– Nä­me ü­çin? Ki­ta­by ha­la­ma­dy­ňyz­my?
Häl­ki ki­şi ýa­zy­jy­nyň ga­raş­ma­dyk jo­ga­by­ny ber­ýär:
– Ýok-la, ter­si­ne, ki­ta­by ýe­ne-de il­kin­ji ge­zek oka­ýan ýa­ly duý­gy­ny baş­dan ge­çir­mek üçin.

Ýaş ýa­zy­jy­lar­dan bi­ri Ber­nand Şo­ua ýa­zan ha­tyn­da:
– Ha­ly­pa, eşi­di­şi­me gö­rä, ýa­zy­jy­lar ýat­keş­li­gi­ni ös­dür­mek üçin ba­ly­gy köp­räk iý­me­li­miş. Si­ziň bu ba­bat­da ga­raý­şy­ňyz nä­hi­li? – di­ýip, so­ra­ýar. Ýa­zy­jy des­si­ne jo­gap ýaz­ýar:
– Ha­ty­ňy­zy baş­dan aýa­ga çen­li dyk­gat bi­len oka­dym. Si­ze her gün bir sa­ny lä­heň ba­ly­gy iý­me­gi mas­la­hat ber­ýä­rin.

Muşdaklarynyň bi­ri Alek­sandr Dýu­ma­dan so­ra­ýar:
– Ha­ly­pa, nä­çe gar­ra­sa­ňy­zam, gör­kü­ňi­zi ýi­tir­män­si­ňiz. Mu­nuň sy­ry nä­me­de?
– Aýý… olam ýe­ňil iş däl, mu­nuň üçin bü­tin öm­rü­mi sarp et­dim – di­ýip, ýa­zy­jy jo­gap be­rýär.

Dur­muş äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy üçin Lew Tols­to­ýyň öýü­ne ge­lip­dir­ler. Şol wagt ýa­zy­jy öýün­de ýok eken. Ýö­ne aýa­ly So­f­ýa And­re­ýew­na ola­ry şu söz­ler bi­len ug­ra­dyp­dyr:
– Ho­ja­ýy­nyň özü­ni äti­ýaç­lan­dyr­ma­ga mä­täç­li­gi ýok. Ol ba­ry­bir ýa­zan eser­le­ri bi­len özü­ni ebe­di­leş­dir­di.

Eser­le­rin­den köp gir­de­ji ga­za­nan Alek­sandr Dýu­ma ke­sel­läp, dü­şek­de ýa­tyr­ka ýa­nyn­da otu­ran­la­ryň bi­rin­den jü­bü­si­ni bar­lap, nä­çe­räk pu­lu­nyň ga­lan­dy­gy­ny bi­lip ber­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýär. Ola­ryň bi­ri onuň ki­se­sin­dä­ki pul­la­ry sa­nap:
– Kyrk frank – di­ýip, jo­gap ber­ýär. Ýa­zy­jy ýyl­gyr­ýar-da şeý­le diý­ýär:
– Pa­ri­že il­kin­ji ge­zek ge­len gü­nü­mem ki­säm­de kyrk frank bar­dy. Diý­mek, kyrk ýyl­lap mug­tu­na ýa­şap­dy­ryn.

Pab­lo Pi­kas­so­nyň ser­gi­sin­de bir aýal su­rat­la­ryň bi­ri­ni oňa gör­ke­zip:
– Şu su­ra­ta hiç dü­şü­nip bi­le­mok – di­ýip­dir.
Pi­kas­so jo­ga­ba de­rek, onuň özü­ne so­wal ber­ýär:
– Siz hy­taý di­li­ni bil­ýär­mi­si­ňiz?
– Ýok, bi­le­mok.
– Siz bil­me­ýä­nem bol­sa­ňyz, bu dil­de bir ýa­rym mil­liard­dan gow­rak adam gep­leş­ýär.

Gün­le­riň bi­rin­de meş­hur fran­suz ede­bi­ýat­çy­sy Wol­ter­den dün­ýä­niň nä­çe ýa­şyn­da­dy­gy­ny so­ran­la­ryn­da, be­ýik şa­hyr şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Nä­çe ýa­şyn­da­dy­gyn-a anyk aý­dyp bil­jek däl, ýö­ne dün­ýä me­niň gö­zü­me özü­ni ju­wan gör­kez­jek bol­ýan gar­ra meň­ze­ýär.