Birleşen Milletler Guramasynyň ylym-bilim we medeniýet edarasy hasaplanýan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 40-njy mejlisi geçirilýär. Türkiýäniň iň gür ilatly şäheri bolan Stambuldaky ÝUNESKO-nyň nobatdaky mejlisi bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň müdiri, ilçi Lale Ülkeriň baştutanlygynda öz işine başlady. Mejlisiň barşynda dünýäniň dürli künjegindäki taryhy we medeni ýadygärlikleri ygtybarly goramak babatda özara pikir alşyldy.
Stambuldaky mejlise dünýäniň ençeme ýurdundan 800-e golaý wekiliýet gatnaşýar. ÝUNESKO-nyň Baş direktory Irina Bokowa mejlisiň gün tertibi boýunça eden çykyşynda dünýäniň dürli künjegindäki taryhy we medeni ýadygärlikler toplumlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek babatda gelip gowşan teklipleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, umumadamzat gymmatlyklarynyň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Guramanyň Halkara Maslahatynyň başlygy Stenli Mutumba Simataa öz gezeginde Bütindünýä mirasy boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň zerur bolup durýandygyny mälim etdi. Ol häzirki döwürde bu resminamanyň kabul edilmegi netijesinde, halkara jemgyýetçiliginiň geljekki nesillere miras galdyryljak ýadygärlikler toplumlaryny goramak, aýawly saklamak üçin uly tagalla etjekdigini belledi.
Şu ýylyň 20-nji iýulyna çenli dowam etjek mejlisiň barşynda Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýan 27 sany desga baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşylar. Olaryň 9-sy tebigy, 14-si medeni we 4-si tebigy-medeni desgalardyr. Şeýle hem sanawyň düzümindäki 108 desgany goramak babatda alnyp barylýan işleriň netijelerine serediler.