lmyň ajaýyp gudratlarynyň biri Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr. Ol döwürdeşleriniň arasynda bilimleriniň giňligi we hemmetaraplaýyn çuňlugy üçin ”deňiz” lakamyny göteripdir. Al-Biruny 973-1048-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Biruny öz döwrüniň meşhur hökümdarlarynyň köşgünde bolup, ylym bilen meşgullanypdyr. Ol 1017-nji ýyldan başlap, tä ömrüniň ahyryna (1048-nji ýyla) çenli Gaznada bolup, öz ylmy işlerini Gaznaly hökümdarlaryň howandarlygy astynda dowam etdiripdir. Birunä howandarlyk etmek bagtyna eýe bolan hökümdarlaryň biri hem Mahmyt Gaznalydyr.
Mahmyt Gaznaly alymlaryň pikirlerini, garaýyşlaryny diňläpdir, hatda käbir ýagdaýlarda olar bilen jedele-de girişipdir. Gündogaryň birinji danasy hökmünde ylym dünýäsinde abraýy barha artýan Birunä Soltan Mahmyt aýratyn hormat goýupdyr. P.G.Bulgakowyň, I.Timofeýewiň, XIII asyr taryhçysy Ýakut al-Hamawynyň maglumatlaryna görä, Soltan alym bilen maslahatlaşmaga, ony özüniň geçirýän mejlislerine çagyrmaga, daşary ýurtlardan söwdagärler, ilçiler geleninde, onuň pikirini bilmäge uly isleg bildiripdir.
Mahmyt Gaznaly Birunynyň ylmy barlaglary geçirmekligi üçin ähli şertleri döredipdir. 1019-njy ýyldan başlap, döwlet gaznasyndan Birunynyň ylmy barlaglary geçirmekligi we gerekli gurallary edinmekligi üçin serişdeler yzygiderli goýberilip başlanypdyr. Maglumatlara görä, Biruny Gaznada obserwatoriýa gurdurypdyr. Mahmydyň berýän serişdeleriniň hasabyna Biruny ylmy barlaglary geçirmek üçin gurallary, enjamlary edinip, 1019-njy ýylda ägirt uly diwar kwadratyny düzüpdir. Şeýle-de ol öz döwrüniň iň kämil gurallaryny edinipdir. Birunyda komposdanam has kämil ”astrolýabiýa” atly guralyň birnäçe görnüşi bolupdyr.
Gaznaly köşgünde işlän wagty, ýagny 1017-1048-nji ýyllarda Abu Reýhan Biruny dünýä ylmyna uly goşant goşan meşhur işlerini ýazypdyr. Sözümiz gurak bolmaz ýaly, Birunynyň Gaznalylaryň howandarlygynda döreden käbir ylmy işleriniň atlaryny ýatlap geçeliň! Ýeriň geologik gatlaklaryny, daglaryň döremeginiň, gury ýer bilen deňizleriň ýerleriniň üýtgemegini beýan edýän ”Geodeziýa” atly kitaby 1018-nji ýylda ýazylyp başlanýar we 1025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda tamamlanýar. Bu kitapda Birunynyň ýaşlyk ýyllaryndan gyzyklanan ylymlary – praktiki astronomiýa we matematiki geografiýa barada giňişleýin beýan edilipdir. 1025-1027-nji ýyllarda ýazylan, matematika ylmynyň dürli pudaklaryny öz içine alýan ”Hordalar” kitaby, ”Ferganynyň ”elementlerine” düzedişler” atly astronomik hasaplama degişli kitaby, Ýeriň sferasyna, şeýle-de astronomiýa bagyşlap, ”Jaýlaryň merkezini kesgitlemekde azimutlaryň tegeleklerini peýdalanmak hakyndaky” atly kitaby gollanma esasynda ulanylan eserleriň käbiridir. ”Gnomika” – bu Birunynyň fizika, funksional matematika, praktiki astronomiýa degişli ýazan düýpli işleriniň biridir. ”Ýyldyzlar hakynda ylym” (1030 ý.) atly işini Biruny takyk ylymlar bilen gyzyklanýan Reýhana atly bir zenana bagyşlapdyr. Bu kitapda geometriýa, arifmetika, astronomiýa, geografiýa, hronologiýa degişli maglumatlar ýerleşdirilip, ol 530 soragdan we jogapdan ybaratdyr. Birunynyň bu işini alym I.Ý.Kraçkowskiý ylmyň dürli pudaklaryny öz içine alýan uly ensiklopediýa diýip atlandyrýar. Aýyň asman sferasy boýunça hereket edýän ýollaryna bagyşlanan ”Aýyň duralgalaryny anyklamak hakynda” atly kitabynyň, biziň günlerimize gelip ýetmedik, ýöne şol ýyllarda ýazylan ”Astronomiýanyň açary” atly kitabynyň, 1010-njy ýylda ýazylyp gutarylan we ilkinji uly göwrümli işi bolan ”Hronologiýa” kitabynyň taryhy ähmiýeti has-da uludyr. ”Hronologiýa” atly kitapda Horezmiň X-XI asyr taryhy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Birunynyň Horezmiň taryhy barada ”Horezmiň meşhur adamlary” diýen kitaby hem bolupdyr. Emma ol kitap biziň günlerimize gelip ýetmändir.
Birunynyň bize miras galan eserleriniň içinde lingwistika we edebiýat ylmyna degişli traktatlary hem bar. Biruny ilkinji bolup, şygyr ölçeg kadalaryny (sanskrit we arap aruzy) ylmy komparatiw esasda öwrenen alymdyr. Ol özüniň ”Hindistan” atly işinde, gadymy hindi ”çhandu” – goşgy ulgamyny öwrenipdir we seredilýän şygyr ölçegleriniň umumy taraplaryny tapypdyr. Biruny alymlaryň içinde ilkinji bolup, şygyr ölçegleriniň çeperçilik ähmiýetine düşünmegi başarypdyr. Ol gadymy hindi we arap şygyr ulgamlarynda, bogunlaryň hil häsiýetliliginiň esas bolup durýan umumylygynyň bardygy babatdaky netijä gelipdir. Birunynyň çuňňur bilimine hormat goýan hindi alymlary ony ”deňiz” diýip atlandyrypdyrlar.
Biruny 1031-nji ýylda ”Takasim al-akalim” (”Klimatlaryň bölünişi”) diýen eserini ýazyp gutarypdyr. XIII asyr arap geografy Ýakut köplenç öz işlerinde Birunynyň ”Takasim al-akalim” (”Klimatlaryň bölünişi”) diýen eserinden peýdalanypdyr. Biruny geografiýa bagyşlap birnäçe eserleri döredipdir, ”Takasim al-akalim” hem şeýle eserleriň biridir. Gynansak-da, alymyň geografiýa bagyşlanan bu eseri biziň günlerimize gelip ýetmändir.
1036-njy ýylyň ahyryna çenli Biruny ýene-de bir uly kitaby ýazyp gutarypdyr. Biruny ”Masudyň Kanuny” diýip atlandyran bu kitabyny 1031-nji ýylda ýazyp başlapdyr. ”Masudyň Kanuny” 11 kitapdan ybarat bolup, ol Soltan Masuda bagyşlanypdyr. Soltan Masud bu ajaýyp kitap üçin Birunyny köp mukdarda altyn pullar bilen serpaýlamagy tabşyrypdyr. Kitabyň adyna garamazdan, akyldaryň bu kitaby, esasan, matematikanyň we astronomiýanyň meselelerini öz içine alypdyr. Birunynyň bu kitabyny alymlar orta asyrlaryň astronomik ensiklopediýasy hasaplaýarlar. Çünki, bu işde astronomiýanyň ýekeje ugry-da, onuň düýpli meseleleriniň hiç haýsysy-da ýatdan çykarylmandyr. Taryhçy Ýakut Hamawy ”Masudyň Kanuny” hakda ”Ol matematikadan we astronomiýadan ýazylan kitaplaryň ählisiniň üstüne atanak çekdi” diýip belläpdir. Şeýle-de kitapda trigonometriýa, matematika, geografiýa we astrologiýa degişli maglumatlar giňişleýin öz beýanyny tapypdyr. Birunynyň ”Masudyň Kanuny” atly eseriniň astronomiýa ylmynyň taryhynda tutýan beýik ornuny Ibn Sinanyň ”Lukmançylyk ylmynyň kanunynyň” medisina ylmynda tutýan orny bilen deňeşdirmek bolar.
Biruny Masudyň döwründe Abu Bekr Muhammet ibn Zakriýanyň işleriniň bibliografiýasyny (”Fihristini”) düzüpdir. Zakriýa Razynyň medeni mirasynyň ebedileşmeginde Birunynyň ”Fihrist” diýen işiniň uly ähmiýeti bar. Ol Razynyň köp eserlerini, aýratynam, himiýa, lukmançylyga hem-de filosofiýa degişlilerini ýygnapdyr. ”Fihristde” Zakriýa Razynyň diňe bir himiýa ylmyna degişli traktatlarydyr beýleki işleriniň 21-siniň ady tutulýar. Şu ýygyndy-da Biruny Razynyň medisinadan ýazan eserleriniň 56-syny ýatlap geçipdir. Bu kitapda Razynyň eserleriniň 184-siniň ady ýerleşdirilipdir.
Mahmyt Gaznalynyň agtygy Soltan Mawdudyň döwleti dolandyran döwründe (1041-1048 ý.ý.) Abu Reýhan Biruny ”Mineralogiýa” – ”Kitap al-jemahyr fi marifat al-jewahyr” diýen at bilen meşhur bolan eserini miras goýupdyr. Bu kitap gymmatbahaly minerallara we metallara bagyşlanypdyr. Kitapda 50-den gowrak minerallaryň we metallaryň atlary getirilip, her biri hakynda aýratyn bir bapda düşündiriş berlipdir. Abu Reýhan Birunynyň köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi, ylmy barlaglary netijesinde döreden bu eseriniň diňe bir takyk ylymlar üçin däl, eýsem, taryhy, medeni-mirasy öwrenmek üçin-de ähmiýeti uludyr. Birunynyň bu eseri birnäçe alymlaryň döredijiligine täsir edipdir. ”Mineralogiýa” XIII asyrda ýaşap geçen tebigat hadysalaryny derňeýji, filosof Nasyreddin Tusynyň eserleriniň, şeýle-de ”Jewahyr-nama” eseriniň awtory, XV asyryň akyldary Muhammet ibn Mansuryň we beýleki birnäçe akyldarlaryň işleri üçin ilkinji çeşmeleriň biri bolupdyr. ”Mineralogiýa” XI asyryň 40-njy ýyllarynda ýazylypdyr.
”Farmakognoziýa” (”Kitap as-saýdana fit-tib”) kitabyny Biruny ömrüniň ahyrky ýyllarynda, Gaznaly şasy Mawdudyň hökümdarlyk eden ýyllarynda ýazýar. Bu kitap lukmançylyk ylmynyň käbir meselelerine bagyşlanandyr. Ol öz ene dilinden başga-da arap, pars, siriýalylaryň, ýunan (grek), gadymy iudeý we sanskrit dillerini suwara bilipdir, bu hem alyma şol dilleriň umumy lingwistik öwrenilişini amala aşyrmaklyga uly kömek edipdir. Biruny eserlerini arap dilinde ýazypdyr. Gündogar ylmynyň we medeniýetiniň galkynmagyna ägirt uly goşant goşan Abu Reýhan Biruny musulman alymlarynyň içinde iň bir öňdebaryjylarynyň biridir. Biruny dünýä belli matematik, astronom, geolog, farmasewt, taryhçy, geograf, lingwist we din alymydyr. Takyk bilimlerde Biruny geolog, minerolog, farmasewt we fizik hökmünde tanymaldyr. Alymlar Birunynyň 150-den gowrak ylmy eserleri ýazandygy barada nygtaýarlar. Akyldaryň ýazan eserleriniň hemmesini biziň döwrümizde neşir etsek, olar hersiniň möçberi 35 çap listden ybarat bolan 40 tomluk kitap bolardy.
Taryhçy Ärdogan Merçil: ”Asyl gelip çykyşy oguz türkmenlerinden bolan alym, akyldar Abu Reýhan Birunynyň işleri dünýä ylmy we medeniýeti üçin örän gymmatlydyr” diýip ýazýar. Ömrüniň köp bölegini – 31 ýylyny Gaznada ýaşap, ajaýyp eserleri döreden Biruny dünýä taryhynyň parlak ýyldyzydyr.
Läle ALLABERDIÝEWA,
H. Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň taryh mugallymy.