Dünýäde dürli ululykdaky jandarlar bolup, olaryň hersiniň özüne mahsus üýtgeşik aýratynlyklary bar. Haýwanlar ses arkaly bir-birleri bilen habarlaşýarlar. Jandarlaryň sesleri olaryň ululyklaryna bagly bolmaýar. Ýer ýüzünde ýaşaýan iň batly sesli jandarlaryň käbirleri barada gysgaça maglumat berýäris.
Gury ýerde we suwda ýaşaýan iň uly jandar hasaplanylýan gök kit bu sanawyň birinji ornunda durýar. 150 tonna agramy bolan deňiz jandarynyň sesi 188 desibele (ds) ýetýär. Gök kitiň sesini 8000 metr uzaklykdan hem eşidip bolýar.
Sanawda ikinji ýeri eýeleýän kaşalotlaryň sesi uçup barýan dikuçaryň sesine barabar. Gyzykly ýeri kaşalotlaryň çagasynyň sesi has gaty bolýar. Uly kaşalotyň sesi 116 ds-e, çaga kaşalotyň sesi 162 ds-e ýetýär.
Sesi gök gümmürdisine çalymdaş bolan begemotlar 3-nji ýeri eýeleýär. Birnäçe kilometr uzaklykdan eşidip bolýan begemotyň sesi 110 ds-e ýetýär. Şeýle hem bu jandarlar halamaýan haýwanlaryny görenlerinde hem batly ses bilen gygyrýarlar. Galyberse-de, begemot gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasynda suwuň aşagynda ses çykaryp bilýän ýeke-täk süýdemdirijidir.
Ganatly mör-möjek çyrlak özüniň gaty sesi bilen tapawutlanýar. Onuň sesi uly orkestriň sesini ýatladyp, sesiniň bady 100 ds-e ýetýär. Şeýle hem çyrlaklaryň eşidiş ukyby hem örän ýokarydyr.
Gaty sesi bilen tapawutlanýan ýene bir suw jandary gurlawuk balygy bolup, onuň sesi 100 ds-e ýetýär. Bu balyk goranmak maksady bilen dürli sesleri çykarmaga ukuplydyr.
Göwresiniň 2,5 sm-digine garamazdan, suw tagtabiti sanawda 6-njy ýeri eýeleýär. Onuň 99 ds-e ýetýän sesini diňe suwasty jandarlar eşidip bilýärler. Suwdan çykanynda bolsa olar beýle gaty ses çykarmaýarlar.
Awstraliýa materiginde ýaşaýan koalanyň sanawda 7-nji orna ýerleşmegi geňräk bolmagy mümkin. Emma ýaltalygy bilen tanalýan bu jandaryň beýle gaty sesiniň bolmagy ýöne ýerden däl. Olaryň ýyrtyjy haýwanlardan goranmak üçin başga mümkinçilikleri ýok. Koalanyň sesi uly haýwanyň sesine meňzeş bolup, ýyrtyjylary gorkuzýar.
Gury ýerde ýaşaýan iň uly jandarlaryň biri bolan pile 8-nji ýer degişli. Pilleriň goranmak hem-de öz aralarynda habarlaşmak üçin çykarýan seslerini adamlar birnäçe kilometrden eşidip bilýärler. Piller näçe ulalsa, sesleri hem şonça gaty çykýar. Olaryň eşidişi güýçli bolup, sazlary we adamlaryň sesini tapawutlandyryp bilýärler.
Merkezi we Günorta Amerikanyň tokaýlyklarynda ýaşaýan rewun atly maýmynlar 9-njy ýeri eýeleýärler. Rewun (aglak) maýmyny sesini bir-biri bilen habarlaşmak üçin ulanýar. Olaryň sesini 4,7 km-den eşitmek mümkin. Bu maýmynlar, esasan, “hor aýdymy” ýaly ses çykarýarlar, ýagny ilki biri başlaýar, başgalary dowam edýär.
Sanawy owadanlygy bilen tapawutlanýan tawus guşy jemleýär. Täsin guýrugy bilen tapawutlanýan bu guşuň örän gaty sesi bar. Ýer ýüzündäki güýçli sesli jandarlaryň arasynda tawus ýeke-täk guşdur. Olaryň hindi tawusy we ýaşyl tawus ýaly görnüşleri bolup, Günorta hem-de Günorta-gündogar Aziýada ýaşaýarlar.