Mekgejöwen adamzat taryhynyň iň gadymy iýmit önümleriniň biri hasaplanýar. Dünýäde iň köp sarp edilýän däneli ekinleriň hatarynda mekgejöwen bugdaýdan we şalydan soňra üçünji ýerde durýar. Şeýle hem ol diňe azyklyk üçin däl, eýsem, mallar üçin iým hökmünde hem giňden peýdalanylýar. Dürli iýmitleri taýýarlamakda ulanylýan mekgejöwenden patrak taýýarlamagyň taryhynyň 5 müň ýyldygy çaklanylýar. Ekiniň bu görnüşi ilki Amerika yklymynyň ýaşaýjylary tarapyndan azyk hökmünde ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen düzüminde suwuň mukdary köp bolan däneden patrak taýýarlap bolýandygy anyklanypdyr. Ýagny adamlar mekgejöweniň başga sortlarynyň arasyndaky tapawuda hem göz ýetiripdirler. Patrak etmäge ýaramly mekge has köp ekilipdir. Hristofor Kolumb Amerika ilkinji aýak basanynda, patragyň giňden ýaýran azyk önümidigine göz ýetiripdir. XVI asyryň başlarynda bu azyk önümi has ýaýrap başlapdyr. Şol ýyllarda Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary dürli dabaralarda patragy çişe düzüp iýýän ekenler. Olar patragy otda ýa-da topragyň aşagynda taýýarlapdyrlar.
Täze yklymlaryň açylýan şol ýyllarynda patrak Amerikadan Ýewropa getirilen ilkinji önümleriň biri bolupdyr we uly gyzyklanma döredipdir. Ýewropalylar mekgejöweniň ähli sortundan patrak taýýarlamagyň aladasyny etseler hem, diňe onuň käbir görnüşinden patrak edip bolýandygyny anyklapdyrlar. Şondan soňra onuň sebäbini anyklamaga girişipdirler. Onuň ýarylmagynyň iki sebäbi bar. Dänäniň gyzgynlyk geçirijiligi ýokary bolmaly hem-de gabygynyň gaty bolmagy zerurdyr. Ünsli seredilende, mekgejöwen dänesiniň daşynda suw geçirmeýän galyň gabygyň bardygyny görmek bolýar. Onuň içindäki molekula hatarlary beýleki sortlara garanyňda, örän sazlaşykly bolýar. Molekulalaryň sazlaşykly gurluşy gyzgynlygy iki esse çalt geçirmäge mümkinçilik berýär. Galyň gabyk gyzanynda, iç tarapy hem gysga wagtda gyzýar. Şeýlelikde, onuň içindäki suw ýokary basyşly buga öwrülýär. Buguň basyşynyň ýokarlanmagy bilen hem onuň gabygy ýarylyp, patrak bolýar. Däneler ýarylandan soňra 30 essä çenli ulalyp bilýär. Ýarylmagyň netijesinde ol has ýumşak bolýar. Dänäniň patraga öwrülmek hadysasy tebigatda başga hiç ýerde gaýtalanmaýar. Iň gowy patrak taýýarlamak üçin onuň dänesiniň görnüşini gowy saýlamaly. Ilkinji nobatda, onuň düzümindäki suw mukdaryny göz öňünde tutmaly. Azyndan 14 göterimi suwdan ybarat mekgejöwenden ýokary hilli patrak taýýarlap bolýar. Düzüminde ondan az suw bolan dänelerden hem patrak taýýarlap bolýar, emma o diýen gowy tagamly bolmaýar.