Haý­wa­nat dün­ýä­sin­de her bir jan­dar öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de öz­bo­luş­ly jan­dar­lar we ösüm­lik­ler bar. Gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan iň uzyn boý­ly jan­dar ži­raf (“Gi­raf­fa came­lo­par­da­lis”) hem tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Ol, esa­san, seý­rek agaç­ly we gy­rym­sy ösüm­lik­li tro­pi­ki säh­ra zo­na­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Ži­raf­lar hor­da­ly­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, ola­ryň me­ka­ny Af­ri­ka we Sa­ha­ra­nyň gü­nor­ta­sy­dyr. Süý­dem­di­ri­ji­ler to­pa­ry­na de­giş­li bo­lan bu jan­dar­la­ryň bo­ýy kä­te 6 metr­den gow­rak bo­lup bil­ýär. Onuň boý­ny has uzyn bol­ýar. Kel­le­si göw­re­sin­den has ýo­kar­da bol­ýan bu jan­da­ryň uly ýü­re­gi hem-de üýt­ge­şik ýü­rek-da­mar ul­ga­my bar. Ol ýü­rek­den 3 metr aralyk­da­ky beý­nä ga­nyň bök­denç­siz bar­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Onuň gan ba­sy­şy beý­le­ki haý­wan­la­ryň­ky­dan has ýo­ka­ry bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, gan da­ma­ry ada­myň­ky­dan hem in­çe bol­ýar. Aşa­ky diş­le­ri­niň di­lim-di­lim 3 gy­ýak­ly bol­ma­gy ola­ryň uly ýap­rak­la­ry agaç­lar­dan aň­sat­lyk bi­len diş­läp, go­par­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ži­raf­la­ryň di­li 45 san­ti­met­re ýet­ýär. Adam­la­ryň bar­mak yz­la­ry­nyň bir­meň­zeş bol­maý­şy ýa­ly, da­şy­nyň na­g­şy bir­meň­zeş ži­raf hem ýok. Olar sü­ri bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Her sü­rü­de 7-10 ži­raf bol­ýar. Kä­te olar bi­ri­gip, 50-70 ag­za­ly uly sü­ri­ni hem eme­le ge­tir­ýär­ler. Her to­par 100 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny özü­ne mes­gen edin­ýär. Ola­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 50 km-e çen­li ýet­ýär. Ot bi­len iý­mit­len­ýän bu jan­dar­lar ýyr­ty­jy­la­ryň gar­şy­sy­na mert­ler­çe çy­kyp bil­ýär. Go­şa­toý­nak­ly bo­lan bu jan­dar­la­ra säh­ra haý­wan­la­ry hem di­ýil­ýär. Ola­ryň gö­rüş we eşi­diş or­gan­la­ry­nyň ýi­ti­li­gi aban­ýan howp­la­ry wag­tyn­dan öň duý­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ki­çi­jik gu­lak­ly bu jan­dar­la­ryň owa­dan göz­le­ri, gür kir­pik­le­ri bol­ýar. Olar ýö­rän­le­rin­de il­ki sag aýak­la­ry­ny, soň çep aýak­la­ry­ny he­re­ket­len­di­rip, how­luk­man ýö­re­ýär­ler. Gü­nüň do­wa­myn­da 30 ki­log­ram tö­we­re­gi iý­mit iý­ýän ži­raf­lar wag­ty­nyň 16-20 sa­ga­dy­ny iý­mit­len­mek bi­len ge­çir­ýär. 1 hep­de­läp suw­suz­ly­ga çy­dam­ly bo­lan ži­raf­lar bir ge­zek­de 40 lit­re go­laý suw iç­ýär.