Beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da adam yzy­gi­der­li öw­ren­mä­ge ze­rur­lyk duý­ýar. Şol se­bäp­li ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­zat he­mi­şe ylym öw­ren­me­giň tä­ze tär­le­riniň göz­le­gin­de bo­lup­, munuň üçin dür­li gu­ral­lar­dan, ab­zal­lar­dan, usul­lar­dan peý­da­la­nyp­dyr. Haý­sy­dyr bir za­dy öw­ren­mek­de ýaz­mak iň esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Ýaz­maz­dan öw­ren­mek müm­kin däl. Ýaz­mak çalt ýat tut­ma­ga ýar­dam ed­ýär hem-de el he­re­ke­ti­ňi kä­mil­leş­dir­ýär. Ylym öw­ren­mek­de oý­la­nyp ta­py­lan iň esa­sy gu­ral­la­ryň bi­ri hem ruç­ka­dyr. Ruç­ka örän tyg­şyt­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ka­gy­zyň ýü­zün­e sürtü­len­de, onuň için­dä­ki sy­ýa ujun­da­ky ki­çi­jik top­ja­gaz ar­ka­ly az muk­dar­da da­şa­ry çy­kyp yz gal­dyr­ýar. Ada­ty bir ruç­ka bi­len ýa­zan zat­la­ryň uzyn­ly­gy 2-3 ki­lo­met­re ýet­ýär. Dür­li mak­sat­lar üçin dür­li reňk­li ruç­ka­lar­ hem ula­nyl­ýar. Gök, ga­ra we gy­zyl syýaly ruç­ka­lar­ has ýörgünlidir. Onuň için­dä­ki plast­massa tur­ba­jy­gyň içi 2 mm bol­ýar. Ol hä­zir­ki wagt­da ýaz­mak üçin peý­da­la­nyl­ýan iň ýaýran gu­ral ha­sap­lan­ýar.
Ruç­ka aras­sa­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan­soň, çy­ka­nyn­dan gys­ga wagt soň uly is­leg­den peý­da­la­nyp­dyr. Öň­ki dö­wür­ler­de sy­ýa ba­ty­ry­lyp ýa­zyl­ýan beý­le­ki gu­ral­lar has üns­li bol­ma­gy ta­lap ed­ýän eken. Ýaz­mak üçin sy­ýa­dan peý­da­lan­mak usu­ly has ir­ki dö­wür­ler­de ula­ny­lyp­dyr. 1888-nji ýyl­da ABŞ-ly de­ňiz­çi Jon Lo­ud de­rä bel­lik et­mek üçin ruç­ka meň­zeş sy­ýa­ly ga­la­my oý­lap ta­pyp­dyr. 1904-nji ýy­lyň 3-nji ma­ýyn­da Jorj Par­ker, 1916-njy ýyl­da Wan Weç­ten Raýz­berg hem şeý­le ýa­zuw gu­ra­ly­nyň pa­ten­ti­ni alyp­dyr­lar. 1935-nji ýyl­da hä­zir­ki ýa­ly ruç­ka­ny wen­ger žur­na­lis­ti Las­lo Bi­ro we onuň hi­mik do­ga­ny bi­le­lik­de oý­lap ta­pyp­dyr­lar we il­kin­ji önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­updyr­lar. Olar Ar­gen­ti­na­da ýa­şa­ýan eken­ler we şol se­bäp­li, ruç­ka za­wo­dy­ny hem bu ýurt­da gu­rup­dyr­lar. Il­kin­ji ýyl­lar­da tä­ze peý­da bo­lan ýa­zuw en­ja­my­na uçar­man­lar has köp is­leg bil­di­rip­dir. Se­bä­bi Ýer­den bel­li bir be­lent­li­ge çy­ky­lan­da beý­le­ki sy­ýa­ly ga­lam­la­ryň sy­ýa­sy dö­kül­ýän eken. 1940-njy ýyl­lar­dan baş­lap, onuň önüm­çi­li­gi ar­typ baş­la­ýar. 1953-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly Mar­sel Biç şa­rik­li ruç­ka­nyň iň ar­zan gör­nü­şi­ni alyp, onuň gur­lu­şy­ny has hem ýe­ňil­leş­di­rip, tä­ze nus­ga­sy­ny (BIC/Bic Cris­tal) dö­re­dip­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu usul ruç­ka­la­ryň iň ýaý­ran gör­nü­şi­dir.