Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň durmuşynyň abadan hem parahat bolmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. Milli Liderimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdyr.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ulag serişdeleri hem artýar. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Ýollaryň durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşýar. Şol işleriň alnyp barylmagynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde pyýadalar üçin täze ýerasty geçelgeler we köprüler peýda bolýar. Olar adamlaryň we ulaglaryň akymyny tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde biraýlygyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda pudaklaýyn maslahatlar, umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu mowzuga degişli bäsleşikler geçirilýär. Şeýle hem ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň şahsy jogapkärçiligini düşündirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler guralýar. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlary orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda nobatçylyga başladylar.
Ýol hereketine gatnaşyjylaryň bir görnüşini düzýän pyýada ýolagçylardyr. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýol hereketinde pyýada ýolagçylar artykmaçlykdan peýdalanýarlar, emma bu ýol hereketine gatnaşylanda olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýollar şu wezipäni nazara almak arkaly gurulýar. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Soňky wagtda paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň netijesinde, döwrebap köprüleriň, halkalaýyn aýlaw ýolunyň, ýol aýrytlarynyň we goşmaça ýol şahalarynyň sany barha artýar. Bular köçelerde hem-de ýollarda ugurlaryň hereketini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýoluň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Paýtagtymyzda ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Halkara jemgyýetçiliginde hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin birnäçe çäreler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2011-nji ýylyň maýynda başlanan “Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň 10 ýyllyk meýilnamasyny” görkezmek bolar. Şeýle hem BMG dünýä ýüzünde ýol hereketiniň howpsuzlygy hepdeligini geçirmäge ilkinji gezek 2007-nji ýylda başlady. Bu hepdelikleriň soňkusy maý aýynyň 6-12-si aralygynda geçirildi.
Halkyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.