16-njy sent­ýabr­da dün­ýä­niň ýurt­la­ry ozon gat­la­gy­ny go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­ni bel­läp geç­di. 1987-nji ýy­lyň 16-njy sent­ýab­ryn­da dün­ýä­niň 36 ýur­dy Mon­re­al şert­na­ma­sy­na gol çek­di­ler. Bu ýurt­lar öz ara­la­ryn­da ozo­n gat­la­gy­na zy­ýan ýe­tir­ýän kä­bir mad­da­la­ry ön­dür­me­gi bes et­mek ba­ra­da yla­laş­ýar­lar. 1994-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy Mon­re­al şert­na­ma­sy­na gol çe­ki­len gü­ni ozon gat­la­gy­ny go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni di­ýip, yg­lan et­di.
Alym­lar eý­ýäm ge­çen asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­da, An­tark­ti­danyň üs­tün­dä­ki ozo­nyň iki es­se aza­lan­dy­gy­ny anyk­lap­dy­lar. Şon­dan soň, “Ozon de­şi­gi” di­ýen adal­ga ula­ny­şa gir­ýär. Ho­wa zy­ňyl­ýan zy­ýan­ly mad­da­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ozon gat­la­gy­nyň ýu­kal­ýan­dy­gy su­but edil­di. Mon­re­al şert­na­ma­sy­na gol çe­ki­len­den soň, zy­ýan­ly mad­da­la­ryň ho­wa zy­ňyl­ma­gy­ny azalt­mak ba­bat­da köp iş­ler edil­di. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, 2050-nji ýy­la çen­li ozon gat­la­gy­ny tä­ze­den di­kel­dip bo­lar. Ol adatça, Ýer to­ga­la­gyn­dan ýokarda 15-35 ki­lo­metr aralykda ýerleşip, ga­lyň­ly­gy ba­ry-ýo­gy 3 mil­li­met­re deň­dir. Ýö­ne bu gat­la­gyň Ýer ýü­zün­dä­ki äh­li jan­ly-jan­dar­la­ry go­ra­mak­da ägirt uly äh­mi­ýe­ti bar. Alym­lar ozon gat­la­gy bol­ma­dyk ha­la­tyn­da ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­niň köp muk­dar­da ýe­re ara­la­şyp, zy­ýan ýe­tir­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.