Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan oňyn döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, “Açyk ga­py­lar”, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz döw­le­ta­ra de­re­je­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bi­len, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ýur­du­my­zyň BMG, ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA we beý­le­ki ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­ta­n Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan hem-de hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze maz­mu­na eýe bo­lan ne­ti­je­li köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-­de ös­dü­rer.
Şu ýy­lyň maý aýyn­da ýur­du­my­zyň BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň (EKO­SOS) gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mej­li­si­niň bar­şyn­da 2020-2022-nji ýyl­lar üçin Bü­tin­dün­ýä azyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Ge­ňe­şi­niň dü­zü­mi­ne, 2020-2024-nji ýyl­lar üçin BMG-niň Ilat we ösüş bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň hem-de 2020-2023-nji ýyl­lar üçin BMG-niň ne­şe se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
12-nji sent­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň 106-njy umu­my mej­li­sin­de BMG-ä ag­za döw­let­le­riň äh­li­si ta­ra­pyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren tek­li­bi esa­syn­da “2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça baş­lyk­ly­gyň Be­ýan­na­ma­sy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi hem-de bu bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň res­mi dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi­niň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň, ýur­du­my­zyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gin­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.
Bi­ziň ýur­du­myz GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän açyk we deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny iş ýü­zün­de gör­kez­ýär. 2019-njy ýyl­da GDA-da baş­lyk­lyk et­mek bi­len Türk­me­nis­tan bu we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şip, dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. GDA döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti 2019-njy ýy­lyň 11-nji okt­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz 2017–2019-njy ýyl­lar üçin Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na (AHHG) baş­lyk­lyk ed­ýär.­Ýur­du­myz bu jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge düýp­li çe­me­le­şip, Gaz­na­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­gi we onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­gy, bu se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­me­gi ugur edin­ýän Kon­sep­si­ýa­nyň esa­syn­da ama­la aşyr­ýar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk­la­ra hem ok­gun­ly ösüş mah­sus bo­lup, dür­li ugur­lar­da ama­la aşy­ry­lan hem-de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň we mak­sat­na­ma­la­ryň on­lar­ça­sy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan bu gün dün­ýä­niň 146 döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Bi­ziň ýur­du­myz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 47-si­niň ag­za­sy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry döw­let­ler­de ýur­du­my­zyň il­çi­ha­na­la­ry­nyň, kon­sul­lyk­la­ry­nyň we he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ry­nyň 38-si he­re­ket ed­ýär. Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň üs­ti bi­len ýur­du­my­za dür­li de­re­je­dä­ki da­şa­ry ýurt we­ki­li­ýet­le­ri gel­di, hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ryň 201-si­ne gol çe­kil­di.