Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny ýaýbaňlandyrmak, bäsleşige ukyply, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek we önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biridir.
Milli Liderimiz: “Ylmy-tehniki ösüşiň belentlige galýan döwründe – XXI asyrda biz ylma daýanmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we milletimiziň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistany durnukly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys” diýip, örän jaýdar belleýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji iýulda 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde uly wezipeleri amala aşyrmakda nobatdaky aýgytly ädimleriň ädilendigini buýsanç bilen aýtdy. Düýpli özgertmeleriň esasy maksada ýetmäge – ýurdumyzy dünýäniň güýçli hem-de adamlaryň eşretli we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ykdysadyýeti bolan ösen demokratik döwletleriň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini belläp geçdi.
Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ýetilýän her bir ýokary üstünligiň ylma daýanmak, ýokary tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly gazanylýandygyny beýan etdi. Şu ýerde mähriban Arkadagymyzyň giňişleýin mejlisde eden çykyşyndan käbir maglumatlara okyjylarymyzyň ünsüni çekesimiz gelýär: “Umuman häzirki wagtda Türkmenistanda jemi bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem ýokary bolan 2 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Geçen ýarym ýylyň dowamynda biz 59 desgany işe girizdik. Meýdany 713 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Işe girizilen bu desgalarda köp sanly täze iş orunlary döredildi”.
Hawa, ähli ösüşleriň ylma daýanýandygy, ylym özgertmeleriniň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda binýat bolup durýandygy mälim hakykatdyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzyň her bir ugruny ylmy özgertmelere eýe etmek, ýaşlaryň öz kärinden ýeterlik baş çykarýan, dünýä ylmyndan habarly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin gije-gündiz aladalanýar.
Bilşimiz ýaly, häzirki zaman dünýäsinde bilimi, ylmy we senagaty birleşdirýän Tehnologiýa merkezleri milli innowasion ulgamlaryň iň wajyp infrastruktura pudagy hasaplanýar. Şu maksada esaslanmak arkaly hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzda “Tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Bu möhüm çözgüt ýurdumyzyň ylymlaryň ak ýolunda geljegi nazarlaýandygyny nobatdaky sapar äleme aýan etdi.
Ýokary tehnologiýalaryň we ösen tehnologiýaly kompaniýalaryň ösüşini ýaýbaňlandyrmak, öňdebaryjy ylmy taslamalary saýlamak işini amala aşyrmak, gözlegleriň netijeleri esasynda, ylmy we tehnologik ösüşleriň bazara aralaşmagyna giň mümkinçilik döretmek ýaly wezipeler Tehnologiýa merkeziniň amala aşyrýan esasy işidir. Merkez iş bilen üpjün edilişiň kadalaşdyrylyşy we milli senagatlaryň täze tehnologiýalara geçişi ýaly ugurlarda wajyp meseleleri çözmäge ýardam edýär.
Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde ýurdumyzyň ylmy binýadynyň üsti ýene-de bir aýdyň çözgüt bilen ýetirildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz “Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda täze ýokary okuw mekdebi üýtgedilen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mirasdüşeri bolup, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna berildi. Bu çözgüt milli Liderimiziň: “Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr” diýen parasatly sözleriniň gün-günden durmuşda öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi ýurdumyzda mundan beýläk hem ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmäge giňden ýardam eder. Dünýä ülňülerine kybapdaşlykda bilim bermäge eýe bolan ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary himiýa we biotehnologiýalar, metallurgiýa, maşyngurluşyk we metallary işlemek, nanotehnologiýalar we nanomateriallar, tebigy ylymlar, informatika we hasaplaýyş tehnikasy, awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak, elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ýaly ugurlar boýunça bilim alarlar. Bu ugurlar geljekde innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary durmuşa giňden ornaşdyrmaga, dürli ulgamlarda ylmy-barlaglary alyp barmaga, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmyň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki işleri durmuşa geçirmäge oňyn ýardam eder.
Şasenem HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.