Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan köp ýyl­lar­dan bä­ri gen­der deň­li­gi ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­nuň ha­sa­by­na hem hä­zir­ki wagt­da ze­nan maş­ga­la­la­ry köp­çü­lik­le­ýin jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Tu­tuş dün­ýä­de ze­nan döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­lar­nyň sa­ny hem yzy­gi­der­li kö­pel­ýär.
Ge­çen hep­de şeý­le wa­ka­la­ryň bi­ri­niň şa­ýa­dy bol­duk. Bu hem dün­ýä de­re­je­sin­de ka­bul edi­len gen­der (aýal-gyz­la­ryň er­kek adam­lar bi­len deň de­re­je­de äh­li hu­kuk­lar­dan we müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­ma­gy) ba­ra­da­ky hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne Te­re­za Meý saý­lan­dy. Ol 1979-1990-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lan Mar­ga­ret Tet­çer­den soň­ra bu jo­gap­kär­çi­lik­li we­zi­pä saý­la­nan ikin­ji ze­nan bol­dy.
Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de bu wa­ka­dan soň­ra ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­le­rin­de iş­le­ýän ze­nan­lar ba­ra­da mag­lu­mat çap edil­di. Şol mag­lu­ma­ta ser sal­sak, hä­zir­ki wagt­da 19 sa­ny ze­nan döw­let we hö­kü­met baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ni eýe­le­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 2-si şa ze­na­ny, 9-sy Pre­zi­dent, 5-si Prem­ýer-mi­nistr we 3-si ge­ne­ral-gu­ber­na­tor­dyr. Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Şa ze­nan­la­ryn­dan baş­ga Sent-Lýu­siň ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ry (1997-nji ýyl­dan bä­ri) köp­den bä­ri ýol­baş­çy we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär.

Ýew­ro­pa se­bi­ti

Ýe­li­za­we­ta II – Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Bir­le­şen Ko­rol­ly­gy­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň şa ze­na­ny. Ol bu we­zi­pe­de 1952-nji ýyl­dan bä­ri iş­läp gel­ýär. Ýe­li­za­we­ta II bri­tan pa­ty­şa­la­ry­nyň ara­syn­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da tagt­da otu­ran ýol­baş­çy­la­ryň sa­na­wyn­da bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Onuň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän döw­rü­niň üs­tün­den 64 ýyl geç­di. 30-dan gow­rak döw­le­tiň pul bir­li­gin­de şa ze­na­ny­nyň su­ra­ty ýer­leş­di­ri­lip­dir. Adam­sy – şa­za­da Fi­lip, Edin­burg ger­so­gy. Onuň maş­ga­la­syn­da 4 ça­ga bar: Uels şa­za­da­sy Çarls, şa­za­da­nyň gy­zy An­na, Ýork ger­so­gy – şa­za­da Endr­ýu, Ues­sek gra­fy – şa­za­da Ed­ward.

Marg­re­te II – 1972-nji ýyl­dan bä­ri Da­ni­ýa­nyň şa ze­na­ny. Bu ýur­duň ta­ry­hyn­da tag­ta otu­ran ikin­ji ze­nan­dyr. Ol, esa­san hem, ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar. Onuň ho­wan­dar­ly­gyn­da en­çe­me gaz­na­dyr jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry dö­re­dil­di. Pa­ty­şa­ly­gyň yl­my jem­gy­ýe­ti­ni, hos­sar­syz ça­ga­la­ryň öýü­ni, dür­li ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça mil­li bi­le­le­şi­gi ola­ryň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar. Adam­sy – şa­za­da-kon­sort Hen­rik Dats­kiý. Maş­ga­la­syn­da 2 ça­ga bar: mi­ras­dü­şer şa­za­da Fre­de­rik we şa­za­da Ýoa­kim.

An­ge­la Mer­kel – 2005-nji ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri. Bu we­zi­pä­ni eýe­le­ýän il­kin­ji ze­nan­dyr. Üç ge­zek yz­ly-yzy­na Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. 2016-njy ýyl­da Ame­ri­ka­nyň “For­bes” žur­na­ly­nyň sa­na­wy bo­ýun­ça 11-nji ge­zek ab­raý­ly ze­nan­la­ryň sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ýoa­him Zauer bi­len dur­muş gur­dy.

Dal­ýa Gri­ba­us­kaý­te – 2009-njy ýyl­dan bä­ri Lit­wa­nyň Pre­zi­den­ti. Ýur­duň ta­ry­hyn­da iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­la­nan il­kin­ji ze­nan­dyr. Ol ikin­ji möh­le­te saý­lan­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Mar­ga­ret Tet­çe­re de­ňel­ýär. Ka­ra­te bo­ýun­ça ga­ra gu­şa­gyň eýe­si­dir.

Ma­ri­ýa Lui­za Ko­leý­ro Pre­ka – 2014-nji ýyl­dan bä­ri Mal­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny. Ol ýur­duň iň ýaş Pre­zi­den­ti ha­sap­lan­ýar we bu ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­la­nan ikin­ji ze­nan­dyr. Ed­gar Prek bi­len dur­muş gur­dy we 1 gy­zy bar.

Er­na Sul­berg – 2013-nji ýyl­dan bä­ri Nor­we­gi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri. Bu we­zi­pä saý­la­nan ikin­ji aýal maş­ga­la. 1990-njy ýyl­dan soň­ra Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy­nyň we­ki­li hök­mün­de hö­kü­met baş­tu­tan­ly­gy­na saý­la­nan bi­rin­ji ze­nan. Sind­re Fin­ne­se dur­mu­şa çyk­dy we 2 gy­zy bar.

Bea­ta Şid­lo – 2015-nji ýyl­dan bä­ri Pol­şa­nyň Mi­nistr­ler Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy. Bu we­zi­pä saý­la­nan 3-nji ze­nan. Ed­ward Şid­lo bi­len dur­muş gur­dy we 2 og­ly bar.

Ko­lin­da Gra­bar-Ki­ta­ro­wiç – 2015-nji ýyl­da Hor­wa­ti­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bol­dy. Ýur­duň iň ýaş (46 ýa­şyn­da) we il­kin­ji ze­nan döw­let baş­tu­ta­ny­dyr. Adam­sy – Ýa­kow Ki­ta­ro­wiç. Maş­ga­la­syn­da gy­zy we og­ly bar.

Aziýa se­bi­ti

Pak Kyn He – 2013-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­la­nan il­kin­ji ze­nan­dyr. Onuň ka­ka­sy Pak Çžon Hi hem öz döw­rün­de ýur­duň Pre­zi­den­ti bo­lup­dy. Pak Kyn He Se­nu­ri par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy­dyr.

Bid­ýa De­wi Bhan­da­ri – 2015-nji ýyl­da Ne­pal­da döw­let Baş­tu­tan­ly­gy­na saý­lan­dy. Ol ýur­duň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti we go­şun ge­ne­ra­ly. 2 ça­ga­nyň eje­si.

Şeýh Ha­si­na Wa­zed – Bang­la­de­şiň ze­nan hö­kü­met baş­tu­ta­ny­dyr. Ol ýur­duň ozal­ky Pre­zi­den­ti we bi­rin­ji Prem­ýer-mi­nist­ri Mud­ji­bu­ra Rah­ma­nyň gy­zy. Iki ça­ga­sy bar.

Afrika se­bi­ti

El­len Ja­mal Kar­ni Jon­son – 2006-njy ýyl­dan bä­ri Li­be­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti. Ol döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da gar­taň­lyk ýa­şy­na ýe­ten ze­nan­dyr. 77 ýa­şyn­da­ky El­len Jon­son ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na eýe bo­lan il­kin­ji baş­tu­tan­dyr. 2012-nji ýyl­da “For­bes” žur­na­ly bo­ýun­ça ab­raý­ly ze­nan­la­ryň sa­na­wy­na go­şul­dy.

Ami­na Ga­rib-Fa­kim – 2015-nji ýyl­da Maw­ri­kiý Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu we­zi­pä saý­la­nan il­kin­ji ze­nan we bi­rin­ji pro­fes­sor. Ol hi­mi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry. Mas­ka­ren ada­la­ry­nyň ösüm­lik dün­ýä­si­ni öw­ren­mek üçin uly ta­gal­la ed­ýär. 100-den gow­rak yl­my iş­le­riň aw­to­ry­dyr.

Sa­ra Ku­gon­gel­wa-Ama­di­la – 2015-nji ýyl­dan bä­ri Na­mi­bi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri. Ýur­duň ta­ry­hyn­da iň ýaş hö­kü­met baş­ly­gy­dyr. Ol 47 ýa­şyn­da bu ýo­ka­ry de­re­je­li we­zi­pä saý­lan­dy.

La­tyn Ame­ri­ka se­bi­ti

Mar­ge­ri­ta Pind­ling – 2014-nji ýyl­dan bä­ri Ba­gam ada­la­ry bi­le­le­şi­gi­niň ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ry. Ba­ga­ma ada­la­ry­nyň ozal­ky prem­ýer-mi­nist­ri Lin­den Pind­lin­giň aýa­ly. Lin­den Pind­ling 2000-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Onuň döw­rün­de Ba­ga­ma ga­raş­syz döw­let bol­ýar.

Se­sil La Gre­nad – Gre­na­da­nyň ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ry. 2013-nji ýyl­da bu we­zi­pä saý­la­nan il­kin­ji ze­nan. Ol kä­ri bo­ýun­ça azyk önüm­le­ri­niň teh­no­lo­gy.

Per­lett Lui­si – 1997-nji ýyl­dan bä­ri Sent-Lýu­siň ge­ne­ral-gu­ber­na­to­ry. Ol Sent-Lýu­siň bi­lim pu­da­gy­nyň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şan döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Mi­şel Ba­çe­let – Çi­li­niň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti. Ol öz ýur­dun­da döw­let baş­tu­tan­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­maz­dan ozal, dür­li ýyl­lar­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we go­ran­mak mi­nist­ri bol­dy. Çi­li we La­tyn Ame­ri­ka se­bi­tin­de go­ran­mak mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de iş­län bi­rin­ji aýal maş­ga­la­dyr.

Okea­ni­ýa se­bi­ti

Hil­da Haýn – 2016-njy ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Mar­şal ada­la­ry­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Ol öz ýur­dun­da alym­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan il­kin­ji ra­ýat­dyr. Okea­ni­ýa se­bi­tin­de aýal­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny has-da güýç­len­dir­mek ug­run­da iş alyp bar­ýar.