Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ry­lýan düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik, de­mok­ra­tik-hu­kuk ul­gam­la­ry­nyň işi­niň we he­re­ke­ti­niň hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nda döw­re­bap de­re­je­de ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy ug­run­da mil­li ka­nun­çy­ly­gyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin ýur­du­my­zyň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan äh­li ugur­la­ry gur­şap alan ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň taý­ýar­lan­ma­gy, ola­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­rine la­ýyk ge­tir­mek ba­bat­da­ky iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri hem hu­su­sy pu­dak­dyr. Ýag­ny, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň 22 müň­den gow­ra­gy­ny bir ýer­e jem­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gol­daw ber­me­gin­de 11 ýyl mun­dan ozal, 2008-nji ýyl­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bu ­gün­ki gün­de ýur­du­my­zyň iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da hu­su­sy pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan oý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu sy­ýa­sa­tyň öze­nin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ba­zar gat­na­şyk­la­ry de­re­je­sin­de ös­dür­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we eks­port ugur­ly, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak­dan yba­rat­dyr. Ýur­du­my­zyň işe­wür­lik dü­zü­mi­niň we­kil­le­ri bu sy­ýa­sa­tyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar­lar. Şo­nuň üçin, bu pu­da­gyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň hem ber­ki­dil­me­gi ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň 5-nji okt­ýabr­da­ky no­bat­da­ky mej­li­sin­de “Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si ha­kyn­da” (re­je­le­nen gör­nü­şi) Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny de­pu­tat­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­damagynda ka­bul edil­di. Bu ka­nun­çy­lyk na­ma­sy Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň işi­niň hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk hem-de yk­dy­sa­dy esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Hu­su­san-da, on­da bu jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­sy­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry gi­ňel­dil­ýär. Hu­kuk­la­ry we borç­la­ry anyk­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da, tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da bol­sa, mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­de te­le­ke­çi­li­giň yzy­gi­der­li ösü­şin­de işe­wür­lik jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň or­nu­nyň düýp­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li däl bö­le­gi­niň pa­ýy 64 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ýur­du­my­zyň hu­su­sy işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň işi­niň döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­daw­dyr ýe­ňil­lik­le­riň ne­ti­je­sin­de ro­waç al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ka­bul edil­ýän ka­nun­çy­lyk na­ma­la­rynyň hem bu gör­ke­zi­ji­le­riň has uly sep­git­le­re ýet­me­gi­ne uly iter­gi ber­jek­di­gi ikuç­syz­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň Pe­kin­de, Du­baý­da we We­na­da we­kil­ha­nala­ry bar. Mun­dan baş­ga-da, bir­leş­mä­niň he­ma­ýat­kär­li­gin­de onuň ag­za­la­ry Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da, Gru­zi­ýa­da, Owga­nys­tan­da, Hy­taý­da söw­da öý­le­ri­ni aç­dy­lar. Ge­çen 10 ýy­lyň do­wa­myn­da bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ABŞ-nyň 5,5 mil­liard dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýu­my go­ýul­dy, ola­ryň 2 mil­li­ar­dy oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nükdi­ril­di. Bu tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­len 150 müň­den gow­rak tä­ze iş or­ny dö­re­dil­di.
Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri eks­por­ta iber­me­giň möç­ber­le­ri yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da hem köp san­ly iri kär­ha­na­lar gu­rul­dy, ola­ryň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýär. Te­le­ke­çi­ler sy­ýa­hatçy­lyk pu­da­gy­nyň ösü­şi­ne hem öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar.
Umu­man, hu­su­sy pu­da­gyň işi­niň iler­le­dil­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem ösü­şi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu hem Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, äh­li ugur­lar­da saz­la­şyk­ly ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy ug­run­da bi­möç­ber ta­gal­la­lary ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn öz­gert­me­le­ri­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ta­gan­gel­di EN­NE­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.