7-nji okt­ýabr­da Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da no­bat­da­ky No­bel hep­de­li­gi baş­la­dy. Onuň il­kin­ji gü­nün­de No­be­liň luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri mä­lim edil­di. Bu baý­rak ame­ri­kan aly­my, on­ko­lo­gi­ýa­dan hü­när­men Wil­ýam Ke­li­ne, bri­tan aly­my, bio­lo­gi­ýa­dan hü­när­men Pe­ter Ratk­lif­fe we ame­ri­kan aly­my, ge­ne­ti­ka­dan hü­när­men Gregg Se­men­sa be­ril­di. No­bel ko­mi­te­ti­niň saý­tyn­da bu alym­la­ryň di­ri öý­jük­le­re kis­lo­rod ara­la­şan­da, onuň nä­dip tä­sir­len­ýän­di­gi­ni we uý­gun­laş­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­ka­ran­ly­gy üçin baý­ra­ga my­na­syp gör­len­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Alym­lar gen­le­riň iş­jeň­li­gi­ni saz­la­ýan mo­le­kul­ýar me­ha­niz­mi ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu bol­sa, ga­naz­­lyk, düw­nük we beý­le­ki ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­de luk­man­çy­lyk­da tä­ze usul­la­ryň açyl­ýan­dy­gyny ha­bar be­r­ýär. Baý­ra­gyň möç­be­ri 9 mil­li­on şwed kro­ny (950 müň dol­lar) bo­lup, ony Ke­lin, Ratk­liff we Se­mens öz ara­la­ryn­da paý­la­şar­lar.

Ge­çen ýyl No­be­liň luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy ame­ri­ka­ly Jeýms El­li­so­na hem-de ýa­po­ni­ýa­ly Ta­su­ku Hondz­ýo düw­nük te­ra­pi­ýa­sy­ny açan­ly­gy üçin be­ril­di. Luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça ba­ýra­gyň eýe­le­ri­ni Stok­golm­da­ky Ka­ro­linsk ins­ti­tu­ty saý­la­ýar. Ol 1909-njy ýyl­dan bä­ri 109 ge­zek gow­şu­ry­lyp, 216 adam onuň eýe­si bo­lup­dyr.
8-nji okt­ýabr­da No­be­liň fi­zi­ka bo­ýun­ça baý­ra­gy­na ame­ri­kan aly­my Jeýms Piblz, şweý­sa­ri­ýa­ly Did­ýe Ke­lo we Mi­şel Ma­ýor my­na­syp gö­rül­di. Prins­ton uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Jeýms Piblz älem­de bo­lup ge­çen Uly part­la­ýyş­dan soň­ra, onuň hä­zir­ki gün­le­re çen­li ýa­şaý­şy ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­ri kä­mil­leş­di­ren­li­gi üçin bu baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Did­ýe Ke­lo we Mi­şel Ma­ýor bol­sa, “51 Pe­ga­sa” at­ly ýyl­dyz­lar top­lu­my­nyň il­kin­ji ek­zop­la­ne­ta­sy­ny aç­dy­lar. Ola­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry ast­ro­no­mi­ýa yl­myn­da ha­ky­ky öz­ge­riş­lik bol­dy. Şon­dan soň­ra, Ýe­re ky­bap­daş 4000 tö­we­re­gi kos­mos ji­sim­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Uly möç­ber­li pul baý­ra­gy­nyň deň ýa­ry­sy­ny Jeýms Piblz alyp, ga­la­ny­ny Did­ýe Ke­lo we Mi­şel Ma­ýor öz ara­la­ryn­da paý­la­şar­lar.
9-njy okt­ýabr­da No­be­liň hi­mi­ýa bo­ýun­ça baý­ra­gy­na ame­ri­kan fi­zi­gi Jon Gu­de­naf, bri­tan hi­mi­gi Sten­li Wit­ti­gem hem-de ýa­po­ni­ýa­ly hi­mik Aki­ro Ýo­şi­no my­na­syp bol­dy. Alym­lar bi­ziň gün­le­ri­miz­de elekt­ro­mo­bil­ler­den baş­lap, tä akyl­ly te­le­fon­la­ra çen­li elekt­ron teh­ni­ka­syn­da giň­den ula­nyl­ýan li­tiý-ion (Li-ion) ak­ku­mul­ýa­tor­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin bu baý­ra­ga la­ýyk gö­rül­di. Şeý­le hem bu ak­ku­mul­ýa­tor­lar fo­to­en­ja­m­lar­da, no­ut­buk­lar­da we plan­şet­ler­de ula­nyl­ýar. Il­kin­ji li­tiý-ion ak­ku­mul­ýa­tor­lar 1991-nji ýyl­da “So­ny” kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­di. Bu üç alym 900 müň dol­lar­dan gow­rak pul baý­ra­gy­ny öz ara­la­ryn­da paý­la­şar­lar.
10-njy okt­ýabr­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ragy pol­şa­ly ýa­zy­jy ze­nan Ol­ga To­kar­çu­ka hem-de awst­ri­ýa­ly Pe­ter Hand­ke be­ril­di.
No­bel ko­mi­te­ti­niň saý­tyn­da baý­ra­gyň Ol­ga To­kar­çu­ka “eser­le­ri­ni en­sik­lo­pe­dik hy­ju­wy ar­ka­ly hy­ýa­ly be­ýan edip, dur­mu­şyň dür­li ul­gam­la­ry­na çuň­ňur ara­la­şan­dy­gy üçin” 2018-nji ýy­lyň No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp gör­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Pe­ter Hand­ke­niň bol­sa, “ling­wis­tik uky­by ar­ka­ly adam­zat tej­ri­be­si­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny iç­gin öw­re­nen­di­gi üçin” 2019-njy ýy­lyň No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. 2018-2019-njy ýyl­la­ryň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­rak­la­ry­nyň eýe­le­ri­niň bi­le­lik­de yg­lan edil­me­gi hä­zir­ki No­bel hep­de­li­gi­niň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­ldy. Çün­ki ge­çen ýy­lyň ede­bi­ýat baý­ra­gy kä­bir se­bäp­le­re gö­rä, yza süý­şü­ri­lip­di.
11-nji okt­ýabr­da No­be­liň 2019-njy ýyl­da pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­na Efio­pi­ýa­nyň hä­zir­ki Prem­ýer-mi­nist­ri, sy­ýa­sat­çy Abiý Ah­med Ali my­na­syp bol­dy. Bu ba­ra­da No­bel baý­ra­gy­nyň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Bu ab­raý­ly baý­rak oňa “pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry üçin” be­ril­di diý­lip, baý­ra­gyň saý­ty­nyň met­bu­gat üçin be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.
Şeý­le hem, Alf­red No­be­liň hor­ma­ty­na Şwe­si­ýa­nyň döw­let ban­ky ta­ra­pyn­dan 1968-nji ýyl­da dö­re­di­len yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça baý­ra­gyň eýe­si 14-nji okt­ýabr­da mä­lim edi­ler. Ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy 10-njy de­kabr­da oý­lap ta­py­jy Alf­red Nob­eliň ara­dan çy­kan gü­ni Stok­golm fi­lar­mo­ni­ýa­syn­da ge­çi­ril­er.
Luk­man­çy­lyk, fi­zi­ka, hi­mi­ýa, ede­bi­ýat we yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça baý­rak­lar Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da be­ril­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy bol­sa, Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo­da gow­şu­ryl­ýar. Da­ba­ra Nor­we­gi­ýa­nyň Ko­ro­ly­nyň we onuň maş­ga­la­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Baý­rak 1901-nji ýyl­dan bä­ri ber­lip, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, yn­san­per­wer ugur­lar­da iň ab­raý­ly hal­ka­ra baý­rak­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. No­bel gaz­na­sy­nyň düz­gü­ni­ne gö­rä, No­bel baý­ra­gy­nyň da­laş­gär­le­ri­ No­bel ko­mi­te­ti­niň hä­zir­ki ag­za­la­ry, mas­la­hat­çy­la­ry hem-de dür­li ýurt­la­ryň hö­kü­met­le­ri ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýär. Da­laş­gär­le­riň sa­na­wy 1-nji few­ra­la çen­li dü­zü­lip, No­bel gaz­na­sy­nyň düz­gü­ni­ne la­ýyk­lyk­da, giz­lin­lik­de sak­lan­ýar. Baý­ra­gyň eýe­le­ri ýur­duň Ko­ro­ly­nyň elin­den No­be­liň şe­ki­li ha­şam­la­nan al­tyn me­da­ly we dip­lo­my alar­lar.