Ýurtda soýa ekilen meýdanlar 9,5 million gektara, 2029-njy ýyla çenli bolsa, 45,3 million gektara çenli artar. Ýurtda beýleki oba hojalyk ekinlerine garanyňda, soýa ekilen meýdanlar has-da giňeldiler. Soňky döwürde onuň ösüşi 67 göterime deň bolupdyr. Soýa ekilen meýdanlar, esasan hem, ýurduň demirgazyk-gündogar bölegindäki Maranýan, Tokantins, Piaui we Baiýa ýaly ştatlarynda has-da giňeldilip, geljekki 10 ýylyň dowamynda onuň meýdanlary 14,9 göterime deň bolar. Şeýle hem merkezi Braziliýadaky Serado sebitiniň ştatlarynda hem soýa ekmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da Rondoniýa we Para ştatlarynda soýa ekerançylygyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Braziliýanyň oba hojalyk ministrliginiň gysga möhletli meýilnamalaryna görä, 2019-2020-nji ýyllarda soýa önümçiliginiň 120,6 million tonna deň bolup, onuň 73 million tonnasynyň eksport ediljekdigi habar berilýär.
Mekgejöwen ekini barada aýdylanda bolsa, onuň meýdany geljekki 10 ýylyň dowamynda 0,7 göterim artyp, 18,5 million gektara deň bolar. Häzirki wagtda mekgejöwen soýadan soň, ikinji hasyl hökmünde öndürilýär. Ministrligiň maglumatlaryna görä, geljekki 10 ýyllykda mekgejöweniň önümçiligi 20 göterim artyp, 2028-2029-njy ýyllara çenli 114 ,5 million tonna deň bolar. Şeýle-de 2028-2029-njy ýyllarda mekgejöweniň içerki sarp edilişi 65 göterim möçberinde saklanar, eksport 10 million tonnadan 41,4 million tonna çenli artar.
Häzirki wagtda Hytaý dünýäde iň uly soýa sarp ediji ýurt bolup, esasan, Braziliýadan hem-de Argentinadan soýa satyn alýar. Geljekde Braziliýanyň dünýäde iň uly soýa öndüriji, Hytaýyň bolsa, iň uly soýa sarp ediji ýurt boljakdygy çak edilýär. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa ýurtlarynyň Braziliýadan we ABŞ-dan her ýylda 33 million tonna soýa import edilýändigi habar berilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, soýa düzüminde örän köp mukdardaky beloklary we gymmat bahaly iýmit düzümlerini saklaýanlygy üçin et we süýt önümleriniň ýeriniň tutýar. Soýadan dürli görnüşli önümleriň ýüzlerçesi alynýar. Dünýä tejribesinde soýa dänesinden ýag alnyp, onuň galyndylary ot-iýmlik üçin peýdalanylýar. Azyk senagatynda soýa uny çörek-bulka we konditer önümlerini taýýarlamakda peýdalanylýar. Şeýle hem, soýa sabyn, lak we boýag önümçiliginde ulanylýar. Mundan başga-da, ol dokma, derman, kagyz senagatynda we beýleki tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Häzirki wagtda soýa önümçiliginde ABŞ, Braziliýa, Argentina, Hindistan, Paragwaý, Kanada, Ukraina, Urugwaý we Boliwiýa ýaly ýurtlar has öňde barýar.