Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynda kesgitlenilen saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmäge, jemgyýetimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge hem-de halkymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen esasy ugurlar boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgam innowasiýalar we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary esasynda uly ösüşlere eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman köpugurly hassahanalar, bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahana-dynç alyş toplumlary ulanmaga berildi we olaryň gurulmagy dowam edýär. Şeýle düzümlerde täzeçil tehnologiýalar, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary adamlaryň saglygynyň goraglylygyna gönükdirilýär.
Türkmenistanyň häzirki zaman saglygy goraýyş strategiýasy, bir tarapdan, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş çärelerini geçirmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ilaty, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmekden, beýleki tarapdan bolsa bu ýörelge ýokary hilli lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermekden ybaratdyr.
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna hem giň orun berilýär. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda, esasan hem, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bir hatarda BMG-niň saglygy goraýyş ulgamyna degişli beýleki edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ilat gaznasy – UNFPA (reproduktiw saglygy goraýyş we ýetginjekleriň hem-de eneleriň saglygyny goramak meseleleri), Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) guramalary bar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary bilen bu guramanyň gatnaşyklary ýygjamlaşýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ösüşiniň derejesi islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýşynyň hiliniň, döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň esasy görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti ýurtlarynda ulanylmagy üçin maslahat berilmegi ilatyň saglygyny goramak boýunça meseleleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmegidir. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda ulanmaga berlen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň gysga wagtda ýokary derejelere ýetmegi hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn özgertmek işlerini üstünlikli alyp barýandygyny görkezýär. Şonuň netijesinde hem üç ýylyň dowamynda bu merkezde iýmit önümleriniň hilini barlamagyň usullaryny kämilleşdirmek, molekulýar-genetiki barlaglar, durmuş-hojalyk maksatly desgalaryň toksikologiýa seljerilmegi boýunça, mysal üçin, egin-eşikleriň, mekdep esbaplarynyň, çagalaryň oýunjaklarynyň we beýlekileriň toksikologiýa seljermesi boýunça işleri kämilleşdirmekde uly üstünlikler gazanyldy.
Halkymyzyň saglygy Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde esasy itergi berýän güýçleriň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine, ata Watanymyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, pudaga maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär.
Aýna MAMYŞEWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.