Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­ga­ma geç­mek iş­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te tap­gyr­la­ýyn geç­mek üçin şert­le­ri dö­red­ýär. Bu bol­sa yk­dy­sa­dy ösü­şiň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär.
San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne do­ly eýe bol­mak üçin äh­li ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk­ly hü­när­men­ler ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da hem de­giş­li iş­ler ge­çi­ri­lip, ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, ze­rur bo­lan hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri hyz­mat ed­ýär.
San­ly ul­ga­ma geç­mek bi­len ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin ýö­ri­te hyz­mat­lar ul­gam­la­ry hem dö­re­dil­di. “Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­syn­dan” ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, ra­ýat­lar is­len­dik ha­ryt­la­ry­ny we me­de­ni-dur­muş hyz­mat­la­ry üçin mo­bil tö­le­gi san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly, yk­jam te­le­fon­la­ryň üs­ti bi­len ama­la aşy­ryp bil­ýär­ler.
De­mir ýol­la­ry we ho­wa ar­ka­ly gat­naw­la­ry bök­denç­siz ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry”, “Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­lik­le­ri­niň res­mi web-saýt­la­ry­nyň üs­ti bi­len bi­let­le­ri sa­tyn al­mak müm­kin­çi­li­gi bol­sa, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň kä­mil­leş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Bank ul­gamyn­da san­ly ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi bi­len karz eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri has-da kä­mil­leş­ýär. Müş­de­ri­le­re ýo­ka­ry hil­li bank amal­la­ry we hyz­mat­la­ry hö­dür­le­nil­ýär. Mu­ňa my­sal hök­mün­de “In­ter­net-bank” we “Mo­bil-bank” hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Bu bol­sa ra­ýat­la­ry­my­zyň, te­le­ke­çi­le­riň in­ter­net saýt­la­ry ar­ka­ly dür­li ha­ryt­la­ry ujyp­syz­ja wag­tyň için­de sa­tyn al­mak we sat­mak müm­kin­çi­li­gi­ni gi­ňeld­ýär.
Bank ul­ga­myn­da­ky elekt­ron tö­leg hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky tä­ze hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­di. Bu bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­megiň Kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem hu­su­sy ul­ga­myň kär­ha­na­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­riň işe­wür­lik hem-de ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy, ola­ryň da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, bu me­se­le­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ýur­du­my­zyň bank­la­ry ta­ra­pyn­dan eý­ýäm köp­den bä­ri ula­nyl­ýan plas­tik kart ul­ga­my­na tä­ze­lik ge­ti­ril­ýär. “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­kyn­da işe gi­ri­zil­jek ul­ga­myň aý­ra­tyn­ly­gy onuň kö­me­gi bi­len ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek gat­na­şyk­syz tö­le­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gyn­dan yba­rat­dyr. Şeý­le amal­la­ry “Mas­terCard” plas­tik kart­lar ar­ka­ly ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Bi­ler­men­ler ýa­kyn ýyl­lar­da elektron tö­leg se­riş­de­le­ri­niň uly ösü­şe eýe bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu ul­gam öz­baş­dak ba­za­ra öw­rül­ýär. Şeý­le teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt dep­gin­de ös­ýän döw­rün­de mil­li Li­de­ri­miz hem bu teh­no­lo­gi­ýa­dan yz­da gal­maz­lyk üçin de­giş­li iş­le­ri öňün­den ge­çir­mek üçin ala­da ed­ýär. Dün­ýä­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­ny dö­ret­mek ba­bat­da ta­gal­la­la­ryň güýç­len­di­ril­ýän döw­rün­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň öň­den­gö­rü­ji­li­gi bi­len bi­ziň ýur­du­myz­da hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi san­laş­dyr­mak ug­ru­nyň çalt dep­gin­ler­de öz­leş­di­ril­me­gi ug­run­da ala­da edip, bu ug­ry he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de esa­sy mak­sat tiz­lik, amat­ly­lyk we tyg­şyt­ly­lyk bo­lup, in­ter­net bi­len, ýag­ny san­ly ul­gam bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­ma­gy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li halk bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, dog­ry saý­la­nyp al­nan bu öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan yzy­gi­der­li ös­me­gi­ni üp­jün edip, onuň uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi üçin aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kid­ýär. Ila­ty­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Öz hal­ky­ny aba­dan­çy­ly­gyň hem bag­ty­ýar­ly­gyň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ok­gun­ly öňe alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Nur­sol­tan BAÝ­RAM­DUR­DY­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.