Köp­ler ping­win­le­riň di­ňe An­tark­ti­ka­da ýa­şa­ýan­dy­gy­ny pi­kir ed­ýän hem bol­sa, bu beý­le däl­dir. Ping­win­le­riň 18 gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň di­ňe iki gör­nü­şi An­tark­ti­ka­da, ýag­ny Ýer şa­ry­nyň Gü­nor­ta pol­ýu­sy­nda ýa­şa­ýar­lar. Uçup bil­me­ýän guş ha­sap­lan­ýan bu jan­dar­la­ryň Gum­boldt at­ly gör­nü­şi Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da Çi­li­niň we Pe­ru­wyň ke­nar­ýa­ka­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Bu jan­da­ryň ady ne­mes ja­han­keş­de­si, bel­li ge­og­raf Frid­rih Gum­boldt bi­len bag­ly­dyr. Gum­boldt ping­win­le­ri­niň ýa­şa­ýan ýe­ri An­tark­ti­ka gö­rä, has ýy­ly bo­lan­soň, ola­ryň pe­ri we ýa­gy beý­le­ki gör­nüş­le­rin­dä­ki­den az bol­ýar. Bu ping­win­le­riň bo­ýy 60-68 san­ti­metr, ag­ra­my 3-5 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bo­lup, 15-20 ýyl ýa­şa­ýar­lar. Sü­ri bo­lup ýa­şa­ýan bu guş­lar ba­lyk we beý­le­ki ow­nuk de­ňiz jan­dar­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Olar öz awu­ny aw­la­mak üçin deň­ziň 26 metr çuň­lu­gy­na 150 se­kunt­lap çü­m­ýär­ler. Kä­ha­lat­lar­da bol­sa, 55 met­re çen­li çüm­üp bil­ýär­ler. Gum­boldt ping­win­le­ri maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bir ýe­re jem­len­mek üçin, üs­tü­ne howp aba­nan­da dür­li ses çy­ka­ryp, öz ara­la­ryn­da ha­bar­laş­ýar­lar. Olar örän ýu­waş bo­lan­soň, haý­wa­nat bag­la­ryn­da hem sak­la­ma­ga amat­ly­dyr. Te­bi­gat­da bu guş­la­ryň köp duş­ma­ny ýok. Ulu­rak ýy­lan­lar we beý­le­ki guş­lar ola­ryň ýu­murt­ga­la­ry­ny iý­ýär­ler, kit­le­riň kä­bir gör­nüş­le­ri bol­sa, bu guş­la­ry seý­rek ýag­daý­da aw­la­ýar.
Ping­wi­niň dür­li gör­nüş­le­ri An­tark­ti­ka­da, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da, Af­ri­ka­da, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da we De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da­ky beý­le­ki ada­lar­da ýa­şa­ýar. Bu tä­sin jan­dar­lar bir­nä­çe film­de we mult­film­de “baş keş­bi” ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Em­ma mult­film­de gör­ke­zi­li­şi­niň ter­si­ne, Ma­da­gas­kar­da hiç hi­li ping­win ýa­şa­ma­ýar.