Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan döwrebap ösüşler, ýokary makroykdysady görkezijiler halkara maliýe guramalaryň hem-de jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Dünýäde ykdysadyýetiň pudaklarynda, esasan hem, elektron önümçiliginde, awiasiýada we kosmonawtikada, mikro we nano tehnologiýalarda, maglumat tehnologiýalarynda düýpli tehnologik açyşlar edilýär. Tehnologiýada gazanylýan bu üstünlikler ykdysady ulgamlarda täzeçil çemeleşmeleri durmuşa geçirmäge itergi berdi. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy işlenip düzüldi. Milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan bu konsepsiýa iş ýüzünde tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylmaga başlandy. Bu konsepsiýa bilen bir hatarda ýurdumyzda sanly bilim ulgamy babatda hem uly işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýet hem-de sanly bilim konsepsiýalarynyň özeninde internet üpjünçiligi hem-de maglumat toruny emele getirmek durýar. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugruň maddy-enjamlaýyn binýady hem kämilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bolsa, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine, işewür we maýa goýum işjeňligini hem-de döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmäge, durmuş pudaklarynda we maliýe ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyny üpjün etmäge, uzakmöhletleýin durnukly ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Jahan ARSLANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy.