Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to­nyň tag­ta geç­me­gi­niň res­mi jar edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly da­ba­ra­lar Im­pe­ra­tor köş­gü­niň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän Üç mu­kad­des­lik yba­dat­ha­na­la­ryn­da­ky däp-des­sur­lar bi­len baş­la­dy. Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to däp bo­ýun­ça ak ly­bas­da Ka­si­ko­do­ko­ro yba­dat­ha­na­sy­na ba­ryp, mu­kad­des däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­di. Bu yba­dat­ha­na­da Im­pe­ra­tor­la­ryň üç ny­şa­ny­nyň iki­si – “Ku­sa­na­gi-no-su­ru­gu” gy­ly­jy we “Ýa­sa­ka­ni-no ma­ga­ta­ma” ýaş­ma­sy goý­lup­dyr. Bu­lar Im­pe­ra­to­ryň üç ny­şa­ny­nyň iň ga­dy­my­la­ry­dyr. “Ku­sa­na­gi-no-su­ru­gu” gy­ly­jy mi­la­dy­dan öň 660-njy ýyl­dan 585-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýur­dy do­lan­dy­ran Im­pe­ra­tor Dzim­mua de­giş­li ha­sap­lan­ýar. Tä­ze Im­pe­ra­tor yba­dat­ha­na­da özü­niň tag­ta geç­ýän­li­gi ba­ra­da mä­lim edil­ýän ýaz­gy­ny oka­ýar.
Im­pe­ra­tor Ka­si­ko­do­ko­ro yba­dat­ha­na­syn­dan çy­kan­dan soň, Im­pe­ra­tor köş­gü­niň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän Üç mu­kad­des­li­gi düz­ýän ýe­ne-de iki yba­dat­ha­na ba­ryp, däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­di. On­dan soň Im­pe­ra­to­ryň aýa­ly Ma­sa­ko hem Üç mu­kad­des­lik­de to­gap et­di. Im­pe­ra­tor maş­ga­la­sy­nyň däp bo­lup gel­ýän eşik­le­ri­niň ta­ry­hy VIII asy­ra uza­ýar. Soň­ra Ka­si­ko­do­ko­ro yba­dat­ha­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da Im­pe­ra­tor maş­ga­la­sy­nyň äh­li ag­za­la­ry, hö­kü­met ag­za­la­ry, şol san­da Prem­ýer-mi­nistr Sind­zo Abe mu­kad­des däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­di­ler.
Soň­ra Im­pe­ra­tor köş­gün­de Im­pe­ra­to­ryň res­mi jar edi­li­şi­niň baş da­ba­ra­sy – “So­kui­reý Seý­don-no-gi” ge­çi­ril­di. Da­ba­ra 2 müň tö­we­re­gi myh­man gat­na­şyp, ola­ryň 400-den gow­ra­gy da­şa­ry ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry hem-de ýokary derejeli we­kil­le­r­dir. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­kow, Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Igor Do­don, HHR-iň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Wan Si­şan, Gü­nor­ta Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Hak Ýon we beý­le­ki­ler bar.
Köşk­de ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da ýa­sa­lan be­lent­li­gi al­ty metr­den geç­ýän ägirt uly tagt goý­lup­dyr. Onuň gap­da­lyn­da bol­sa, Im­pe­ra­to­ryň aýa­ly Ma­sa­ko üçin ni­ýet­le­nen tagt goý­lup­dyr. Im­pe­ra­tor He­ýan eý­ýa­my­nyň (794-1185), bi­çü­win­dä­ki go­ňur ly­bas, Im­pe­ra­to­ryň aýa­ly bol­sa, Or­ta asyr­la­ryň bi­çü­win­dä­ki don gör­nüş­li ki­mo­na ge­ýip­dir.
Na­ru­hi­to tag­ta ge­çiş da­ba­ra­syn­da hal­ka ýüz­len­me­sin­de: – Hal­ka hem-de bü­tin dün­ýä pa­ra­hat­çy­lyk ar­zuw edip, halk bi­len bir­lik­de Esa­sy ka­nu­na eýe­rip, ýa­pon döw­le­ti­niň hem-de ag­zy­bir­li­gi­niň sim­wo­ly hök­mün­de öz we­zi­pä­mi ber­jaý et­jek­di­gi­mi ka­sam ed­ýä­rin – di­ýip aýt­dy. Ol ýa­po­n döw­le­ti­niň pa­ra­sat­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri we hal­kyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ar­ka­ly mun­dan beý­läk hem ösüş ga­za­nyp, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de dost­lu­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­mek­de go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Ag­şam Im­pe­ra­tor köş­gün­de da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň hor­ma­ty­na ag­şam na­ha­ry be­ril­di.
2016-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň 85 ýaş­ly Im­pe­ra­to­ry Aki­hi­to ýa­şy bir çe­ne ba­ran­ly­gy üçin dynç al­şa çyk­ma­gy ni­ýet edin­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di. Mil­li ka­da-ka­nun­lar Im­pe­ra­to­ryň ömür­lik tagt­da gal­ma­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar, em­ma ka­da­dan çyk­ma hök­mün­de Aki­hi­to­nyň ha­ýy­şy ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­di. Şeý­le­lik­de, Aki­hi­to tagt­dan gi­dip, onuň ýe­ri­ne uly og­ly, mi­ras­dü­şer şa­za­da Na­ru­hi­to ýur­duň tä­ze Im­pe­ra­to­ry bol­dy. Bu my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de To­kio­nyň mer­ke­zin­dä­ki Im­pe­ra­tor köş­gün­de da­ba­ra ge­çi­ri­lip­di. 1-nji maý­dan onuň uly og­ly Na­ru­hi­to 126-njy Im­pe­ra­tor bol­dy.
Ýa­pon Im­pe­ra­to­ry­nyň meý­le­tin tagt­dan git­me­gi, soň­ky ge­zek 1817-nji ýyl­da bo­lup­dyr. Ýur­duň tä­ze ta­ry­hyn­da Im­pe­ra­tor il­kin­ji ge­zek tagt­dan el çek­di. Na­ru­hi­to­nyň ka­ka­sy Aki­hi­to 1989-njy ýy­lyň 8-nji ýan­wa­ryn­da Hri­zan­te­ma tag­ty­na çy­kyp, aýa­ly Mi­ti­ko bi­len hal­ka has ýa­kyn dur­mak­da uly ta­gal­la­lar et­di­ler. Aki­hi­to­nyň im­pe­ra­tor­lyk eden 30 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da ýurt­da asu­da­lyk hö­küm sü­rüp, “Pa­ra­hat­çy­lyk” eý­ýa­my diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to tag­ta ge­çen­den soň, ýa­pon se­ne­si bo­ýun­ça ýurt­da Reý­wa eý­ýa­my (Saz­la­şyk) baş­la­dy.