Dişimizi yzygiderli çotgalamagyň saglygymyz üçin peýdalydygyny hemmämiz bilýäris. Lukmanlar agyz we diş saglygynyň goralmagy üçin her günde iki gezek dişimizi çotgalamagy maslahat berýärler. Dişimiziň saglygynyň bedenimiziň beýleki synalarynyň hem sagat bolmagyna täsiri uludyr. Lukmanlar diş çotgasyny hem dogry saýlamalydygyny belleýärler. Ýumşak diş çotgasy bilen diş arassalananda, bakteriýalar aýrylyp, dürli keselleriň döremeginiň öňi alynýar. Ýagny dişimizi çotgalamakdaky esasy maksat bakteriýalaryň agyzdan aýrylmagyndan ybaratdyr.
Diş çotgasyny nädip ulanmaly?
Diş çotgalananda, diňe keseligine däl-de, aşakdan ýokarlygyna hem çotgalanmalydyr. Şeýlelikde, diş bilen etiniň arasy hem arassalanýar. Dişleriň üsti çotgalananda azy dişleri hem ýatdan çykarylmaly däl. Şeýle-de dişiň iç tarapyny we diliň üst tarapyny hem arassalamalydyr. Köplenç halatda adamlar diňe alyn dişlerini arassalansoňlar, azy dişleri has çalt çüýreýär. Diş çotgasyny 3 aýdan köp ulanmak maslahat berilmeýär. Gaty diş çotgasy dişleri zaýalaýar. Dişler irden ertirlik edinilenden soň hem-de agşam ýatmazdan öň çotgalanmalydyr. Bu azyndan 2-3 minut dowam etmelidir. Diş etiniň çotgalanmagynyň hem uly ähmiýeti bar. Diş eti çotgalananda, ondaky gan aýlanyş hem kadalaşýar.
Taryhy çeşmelerde diş çotgasynyň 500-nji ýyllarda Hytaýda oýlanyp tapylandygy aýdylýar. Şeýle hem irki döwürlerden bäri, käbir agaçlaryň şahajyklary hem çotga hökmünde peýdalanylypdyr. Oňa meswäk diýilýär. Meswäk adatça, zeýtun, dagdan agajyndan bir ujy gyýçak kertik-kertik edilip ýasalýar. Boýy 15 sm çemesi bolýan bu diş synçgalýan taýajygyň daşynyň gabygyny aýranyňda, içi tar-tar bolýar.
Häzirki wagtda giňden peýdalanylýan diş çotgasy 1857-nji ýylda döredilipdir.