Ýylyň 10-njy aýy bolan oktýabr aýy latynçada sekiz diýmegi aňladýan “octo” sözünden gelip çykýar. Gadymy Rimde ýyl 10 aýa bölünipdir we şol döwürde oktýabr sekizinji aý bolupdyr. Ýanwar we fewral aýlarynyň goşulmagy bilen 12 aý emele gelen hem bolsa, onuň ozalky ady saklanyp galypdyr.
Ýupiter Gün planetasyndaky iň uly asman jisimi bolup, ol Ýerden 11 esse uludyr.
Balyklaryň gözleri gabaksyz bolup, olar beýleki jandarlar ýaly çuňňur uka gitmeýärler. Balyklar hereketsiz ýagdaýda galyp, dem alşyny we ýürek urgusyny peseltmek arkaly dynç alýarlar. Sebäbi, balyklaryň köpüsi duýdansyz ýagdaýda duşmany geleninde, çalasynlyk bilen gaçmaly bolýarlar.
Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklyk ortaça 384 401 kilometre barabardyr. Aýyň Ýeriň daşyndaky aýlawy töwerek däl-de, süýri görnüşli bolandygy üçin, bu uzaklyk iň golaý gelen wagty 356 400 kilometr, iň uzak aralyga gideninde 406 700 kilometr bolýar.
Ilkinji diş pastasy Gadymy Müsürde duz, narpyz, burç we beýleki guradylan ösümlikleriň garyşdyrylmagy bilen ýasalypdyr. Söwda maksatly ilkinji diş pastasy 1896-njy ýylda çüýşe gapda satuwa çykaryldy.
Dünýäniň deňiz derejesinden iň belentdäki köli bolan Titikakada gamyşdan ýasalan emeli adalaryň üstünde ýaşaýan ýerli ilat bakja ekinlerini hem şeýle adalarda ösdürip ýetişdirýärler. And daglarynyň belent gerişlerindäki bu kölde gamyşdan ýasalan sallaryň üsti toprak bilen örtülip, onuň üstüne ekin ekilýär.