Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa amala aşyran iş sapary okgunly ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejelere çykardy. Iki ýurduň arasyndaky soňky ýyllarda amala aşyrylýan ýokary derejedäki duşuşyklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynda ykdysadyýetiň strategik pudaklarynda, hususan-da, nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa ugurlarynda iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine oňyn şertleri döretdi.

ÝÝa­po­ni­ýa Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy hem-de iri ma­ýa go­ýum bo­ýun­ça yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da köp san­ly iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da am­mi­ak we kar­ba­mid önüm­çi­li­gi, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Ga­ra­bo­gaz­da kar­ba­mid dö­kün­le­ri­ni, Gy­ýan­ly­da po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len ön­dür­mek bo­ýun­ça za­wod­la­ry hem-de şu ýy­lyň iýun aýyn­da ulan­ma­ga ber­len dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa sin­te­ti­ki ben­zin ön­dür­ýän za­wod­la­ry gör­kez­mek bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar bu ugur­lar­da tä­ze tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin tä­ze ba­dal­ga bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz iş er­tir­li­gi gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len du­şuş­dy. Şol du­şu­şyk­dan soň­ra ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len tä­ze yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da te­bi­gy gaz­dan sin­te­ti­ki ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň ikin­ji top­lu­my­nyň, am­mi­ak we kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dyň, ýur­du­my­zyň baý­ry kär­ha­na­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Türk­me­na­bat­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň dü­zü­min­de kon­sent­rir­le­nen fos­for dö­kü­ni­ni ön­dür­ýän önüm­ha­na­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu iri tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň bu pu­dak­la­ry­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň hem has-da art­ma­gy­na oňyn şert­le­ri dö­re­der.
Elekt­rik ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek hem türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ug­ru­na öw­rül­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Su­mi­to­mo Cor­po­ra­ti­on” kom­pa­ni­ýa­sy Le­bap we­la­ýa­tyn­da kuw­wat­ly­ly­gy 432 MWt bo­lan elekt­rik be­ke­di­ni gu­rar. Bu ýer­de “Mit­su­bis­hi Hi­tachi Po­wer Sys­tems Ltd” ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň en­jam­la­ry­ or­naş­dy­ry­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­na ga­bat­lap, türk­men-ýa­pon işe­wür­ler mas­la­ha­ty hem ge­çi­ril­di. Oňa Ýa­po­ni­ýa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 47-si gat­naş­dy. Bu ýer­de tä­ze ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge has köp üns be­r­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da elekt­ron se­na­ga­tyn­da bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek, bio­ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek­de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gy­nda san­ly ul­ga­ma geç­mek ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň nyg­ta­lyp ge­çil­me­gi, türk­men-ýa­pon yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi­niň mun­dan beý­läk-de has-da gi­ňel­dil­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, 2019-njy ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­da­ky ýag­da­ýa gö­rä, ýur­du­myz­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 12 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň 37-si­niň ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Mu­nuň özi hem türk­men-ýa­pon yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ok­gun­ly ösü­şe eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ymam­gu­ly Re­je­pow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.