Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda soňky ýyllarda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, şol sanda Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze depgine we many-mazmuna eýe bolýar. Şeýle döwletleriň hatarynda Malaýziýa döwleti hem bar. Golaýda bu dostlukly ýurduň Premýer-ministri Mahathir Mohamad ýurdumyzda resmi saparda boldy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň has-da baýlaşdyrylmagyna uly itergi berdi. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-malaýziýa gepleşikleri ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, söwdany we maýa goýumlary giňeltmäge hem-de telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmäge giň mümkinçilikleri açdy. Mundan başga-da, himiýa, azyk senagaty, maglumat tehnologiýalary we logistika pudagynda hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikler döredildi.
Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän Malaýziýanyň 30 milliondan gowrak ilaty bolup, Aziýa sebitiniň okgunly ösýän ýurdudyr. Aziýanyň uly ösüşlere eýe bolýan ýurdy bolan Malaýziýa 1957-2005-nji ýyllar aralygynda 6,5 göterime barabar ykdysady ösüşi bilen tapawutlanan ýurtdyr. 1970-nji ýyllarda peýdaly baýlyklary gazyp alýan hem-de oba hojalygy ýurdy bolan Malaýziýa 1980-nji ýyllardan soňra, köp pudakly ykdysadyýete eýe bolup, senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Malaýziýa oba hojalyk önümlerini hem-de tebigy baýlyklary, hususan-da nebiti iň köp eksport edýän ýurtlaryň biridir. Bu ugurda ýurduň döwlet kompaniýasy bolan “Petronas” öndürijilikli iş alyp barýar. Şeýle hem Malaýziýa galaýy, tebigy kauçuk hem-de palma ýagyny öndürýän iri döwletdir. Soňky ýyllarda ýurduň innowasiýa hem-de tehnologiýa babatda gazanýan üstünlikleri hem uludyr. Malaýziýa maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasynda hem-de elektrotehnikada öňdebaryjy ýurt bolup, elektron çipleri hem-de sowadyjylary öndürmekde dünýäde birinji orunda durýar.
Ine, şeýle uly ösüşlere eýe bolýan ýurduň Premýer-ministri Mahathir Mohamad ýurdumyzda saparda bolup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösüşe eýe bolan hem-de ykdysady babatda senagatlaşmak ugurly ykdysady strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirdi. Belent mertebeli myhman Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde belläp geçişi ýaly, iki ýurduň syýasaty meňzeşdir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin örän uly geljegi açýan gabat gelmeler bar diýip, nebitgaz ulgamyny, gaýtadan işleýän senagaty, dokma senagatyny, gämi gurluşygyny, uçar gurluşygyny, daşary söwda işlerini, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzady. Ine, şu ugurlar hem türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döreder.
Malaýziýa söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda Türkmenistanyň möhüm we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Malaýziýanyň örän iri “Petronas Çarigali” kompaniýasy bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk bu ugurda iki tarapyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň mysaly bolup hyzmat edip biler. Bu kompaniýa Türkmenistanyň deňiz ýataklarynda ilkinjileriň biri bolup işe başlady. Soňky ýyllarda söwda, maýa goýumlar, bilim, sport we beýleki köp sanly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy. 2011-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Malaýziýanyň we 2013-nji ýylyň oktýabrynda Malaýziýada Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklara täzeçe itergi berdi.
Iki ýurduň Liderleriniň taýsyz tagallalary netijesinde, döwletara gatnaşyklar barha pugtalanýar we hil taýdan täze derejä çykarylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň dekabrynda we 2016-njy ýylyň noýabrynda Malaýziýa amala aşyran saparlary türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň taryhynda aýdyň sahypalar açyp, gatnaşyklaryň döwrebap derejede ösdürilmegine şert döretdi.
1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan bu iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň täze ösüş ýoluna düşmegi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň üstünlikli ösdürilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.