“Akrap geldi gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp” diýen ýörgünli jümle bar. Ady agzalýan Akrap döwri ýyldyz senenamasy boýunça Mizandan soň gelýär. Bu döwür oktýabr aýynyň 23-inden noýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. “Akrap” arapça “içýan” diýen manyny aňladýar. Bu döwürde ilkinji çigrek howalar başlanyp, howanyň ýagdaýy durnuksyz bolýar. Ýurdumyzyň çägine demirgazyk-günbatar tarapdan sowuk howa akymlary aralaşyp, güýz ýagyşlary ýagyp başlaýar. Akrapda ilkinji garyň ýagýan wagtlaram seýrek bolmaýar, ýöne ol çalt ereýär.
Il içinde akrap bilen baglanyşykly aýdylan ýörgünli söz bar.
– “Mizanda duýdyryn, akrapda akdyryn…”.
Bu gadymy aýtgyda Akrap döwründe oba hojalyk ekinlerini sowuk urýandygy nygtalýar. Akrap maýyl gelende, olaryň aman galýandygy hem agzalyp geçilýär.
Hawa, Akrap gyşyň öň ýanyndaky döwür hasaplanýar. Bu döwürde daýhanlaryň, maljanly adamlaryň aladalary artýar. “Bahardaky hereket, güýzki – bereket” diýlişi ýaly, ýylboýy azap çekilip ýetişdirilen hasyly çalt ýygnamaly bolýar.
Akrap döwrüniň gelendiginiň buşlukçylarynyň biri hem göçýän guşlardyr. “Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi – gapyňy” diýilmegi, sowuk howanyň golaýlaşýandygyndan habar berýär. Sebäbi, göçýän guşlar bu aýda demirgazykdan günorta, ýyly ýurtlara uçup geçýärler.
Aýjemal WEÝISOWA,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Çagalar
sungat mekdebiniň mugallymy,
KA-nyň işjeň agzasy.