Infragyzyl şöhleler arkaly geçirilen barlaglar suratlaryň birnäçe gatlaklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berip, kartinanyň ahyrky görnüşiniň käwagt başdakysyndan düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi. Mundan başga-da, hyýaly hakykat tehnologiýasynyň ýardamy bilen suratkeşiň eseriniň göze ilmeýän bölejiklerine çenli görüp bolýar.
Leonardo da Winçi 1452-nji ýylda Italiýanyň Toskana welaýatynda dünýä inýär. Ol suratkeş, heýkeltaraş, binagär, matematik, inžener, oýlap tapyjy we alym bolupdyr. Ol aradan çykmazyndan birnäçe ýyl ozal korol Fransisko I çagyryşy bilen Fransiýada ýaşaýar. Luwr muzeýi suratkeşiň eserleriniň iň uly kolleksiýasynyň jemlenen ýeridir. Olaryň arasynda Leonardo da Winçiniň “Mona Liza”, “Gaýadaky Madonna”, “Gözel Ferronera”, “Ioann çokundyryjy”, “Mukaddes Anna körpe Isa we Madonna bilen” kartinalary we ýene-de 22 sany çeken suraty aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu sergi Fransiýanyň taryhynda iň gymmadydyr. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy muzeýleri we medeni guramalary, şol sanda, Watikanyň kartina galareýasy, Britan muzeýi hem-de Metropoliten muzeýi öz eserlerini görkezýär. 2020-nji ýylyň 24-nji fewralyna çenli dowam etjek bu sergide zehinli ussadyň çeken kartinalary, suratlary, ýasan heýkelleri, golýazmalary goýlar. Bu sergä her günde 30 müň adam gelip, petekler Luwr muzeýiniň “louvre.fr” saýty arkaly satylýar.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, şu ýylyň başynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella suratkeşiň aradan çykmagynyň 500 ýyllygyna bagyşlanan Renessans ýylynyň dabaraly açylyşyna gatnaşdylar. Ýewropa üçin bu umumy gymmatlyklary, şeýle-de adamzadyň ylym-bilime bolan tükeniksiz tagallalaryny ýatlamaga sebäp boldy. Şonda esasy çäreler Leonardo da Winçiniň ömrüniň ahyrky ýyllaryny geçiren ýeri – Fransiýanyň Luari jülgesindäki Klo-Lýuse binasyndan başlapdy. Dabaranyň çäklerinde Emmanuel Makron we Serjo Mattarella suratkeşiň aramgähine gül desselerini goýupdylar. Olar Renessans döwrüniň möhüm şahsyýetleriniň birini hatyralap, onuň durmuşy bilen baglanyşýan iki ýurduň ýakynlygy barada gürrüň gozgapdylar.
24-nji oktýabrda Parižiň Luwr muzeýinde Leonardo da Winçiniň kartinalarynyň sergisi açyldy. Bu sergini guramagyň üstünde 10 ýyldan gowrak işlenildi. Ol suratkeşiň aradan çykmagynyň 500 ýyllygyna gabatlanyp, baryp görmek isleýänler üçin 4 aýyň dowamynda açyk bolar. Sergide Leonardo da Winçiniň 160-dan gowrak işi goýuldy. Şeýle hem, suratkeşiň dürli çyzgylary, bilermenleriň onuň kartinalarynyň üstünde geçiren ylmy-barlag işleriniň netijeleri görkezilýär.