Ýer ýüzi gözelliklere baý. Şeýle täsin ýerleriň biri hem Boliwiýadaky Uýuni (Salar de Uýuni) duz kölüdir. Oňa Uýuni düzlügi hem diýilýär. Bu kölüň täsinligi, asmanyň şekilini aýna ýaly görkezmegidir. Uýuni dünýäniň iň uly duz köli hasaplanýar. Bu ýer aýnanyň ýüzi ýaly tekiz we giň bolmagy bilen tapawutlanýar. Kölden her günde onlarça tonna duz alynýar. Şeýle hem gijesine we gündizine örän owadan bolýanlygy sebäpli, bu köl jahankeşdeleri özüne çekýär. Tutýan meýdany 10 müň 582 inedördül kilometre barabar bolan köl deňiz derejesinden 3656 metr belentlikde ýerleşýär. Bu ýerde duzuň galyňlygy 25 metre çenli ýetýär. Kölde 10 milliard tonna duz gorunyň bardygy çaklanylýar. Bilşiňiz ýaly, duz diňe tagam taýýarlamakda däl, eýsem, senagatda hem giňden peýdalanylýar. Bu kölde köp mukdarda natriý, kaliý we magneziý bar. Suwuň ýok wagty duzly gatlagyň üstünde uly awtoulaglar hem arkaýyn ýöräp bilýär. Şeýle hem duzuň üstünde ýöremegiň garda ýöreýän ýaly duýgyny berýändigi sebäpli, jahankeşdeleri özüne çekýär. Aňyrsy-bärsi görünmeýän kölüň tebigy gözelligini surata almak üçin hem jahankeşdeleriň müňlerçesi bu ýere barýar. Köl maý aýyndan noýabra çenli gury bolýar. Dekabr-aprel aýlary aralygynda bolsa, ýagyşly möwsüm bolup, kölde suw ýygnanýar. Onuň aýna häsiýetli ýüzünde bolsa hamana mawy asman özüni aýnada görýän ýaly bolup görünýär.