Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa abadançylygyny döretmek, baý tebigy we biologik serişdeleri rejeli ulanmak hem-de artdyrmak, mähriban Diýarymyzy gülläp ösýän abadan mekana öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda hem-de dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyz dürli derejedäki halkara forumlarda ekologiýa ugrunyň derwaýys meselelerine ünsi çekip, bu ugurda halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär.
Milli Liderimiziň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda her ýyl milli Liderimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, millionlarça bag nahallary oturdylýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasy geçirildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna köp sanly täze agaç nahallary oturdyldy. Milli Liderimiziň bag ekmek dabarasyna gatnaşan daşary ýurtlaryň diplomatik wekilleri bilen bolan söhbetdeşliginde ýurdumyzda ekologiýa meselesine, BMG-niň kabul eden, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde “2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň” ähmiýetli ugruna örän uly üns berilýändigini belläp geçmegi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ekologik maksatnamalaryň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem-de ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy, şeýle hem ozal kabul edilen kanunçylyk namalary, şol sanda Tokaý we Suw kodeksleri, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler, atmosfera howasyny goramak, ekologiýa howpsuzlygy hakynda kanunlar we beýlekiler ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek babatda alnyp barylýan işleriniň özenini düzýär. Adam eli bilen döredilen tokaýlar, seýilgähler eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, hatda alys künjeklerinde hem ýaýylyp ýatyr. Şolar ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyryp, tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” we “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Olarda ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegi ileri tutmak, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli düzümleriniň işlemeginiň esasy ýagdaýy hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Umuman, tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy daşky gurşawy goramak babatda dünýäde alnyp barylýan işlere ägirt uly goşantdyr. Şol maksatnamanyň çäklerinde şäherleriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda täze tokaýlyklar kemala gelýär. Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, günsaýyn boý alýan tokaý zolaklaryny, ýaşyl öwsüp oturan arçalyklary göreniňde milli Liderimiziň yhlasy bilen gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanjyň goşalanýar.
Gylyçmyrat ORAZMUHAMMEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy, kafedra müdiri.