Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde, ýurdumyzyň çar künjegi, şol sanda ak şäherimiz Aşgabat giň gerimde rowaçlanýan ajaýyp binagärlik keşbi, görenleri haýrana goýýan döwrebap durmuş-medeni maksatly desgalary bilen tapawutlanýar. Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, kaşaňlygy bilen biri-birinden tapawutlanýan owadan myhmanhanalar, göwünleri galkyndyrýan täsin suw çüwdürimler, gözel seýilgähler, gije-gündiz ýalkym saçyp duran, gül-güläleklere beslenen ak ýollar bu günki gün halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn-u-alysdan gelýän myhmanlaryň guwanjyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aşgabat şäherimiz ýurdumyzyň esasy syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara işewürliginiň we hyzmatdaşlygynyň hem merkezine öwrüldi. Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky her bir gurluşyk taslamasynyň binagärlik aýratynlyklarynyň milli däplerimiz esasynda gurulmagy ugrunda uly tagallalar edýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan paýtagtymyz Aşgabat boýunça iş saparlaryny amala aşyrýar. Geçen hepde döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günbatar böleginde gurluşygy alnyp barylýan binalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Aşgabadyň bu künjeginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda 12 gatly, 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa 6-sy gurulýar. Şäheriň bu künjeginde bina edilýän desgalaryň gurluşygy hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Munuň özi türkmen telekeçileriniň häzirki zaman gurluşyklaryna işjeň gatnaşýandyklarynyň, iri taslamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. Paýtagtymyzyň ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Çünki Aşgabat – ajaýyplygyň şäheri.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman binalarynyň gurulmagy şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.
Gözelligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan türkmen paýtagty birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Dünýäniň abraýly Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalarynda Aşgabat şäheriniň mynasyp ornuny tapmagy, milli Liderimiziň paýtagtymyzy döwrebap hem-de täzeçil esasda ösdürmek ugrunda alyp barýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz Aşgabat şäheri özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýlerdir, sergileriň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygy paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär.
Maral ÇARYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki
2-nji orta mekdebiň fizika
mugallymy.