Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ki­çi we or­ta işe­wür­li­giň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýär­ler. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk bö­le­gi­niň ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň dü­zü­min­dä­ki pa­ýy ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, 2018-nji ýyl­da 64 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ýur­du­my­zyň hu­su­sy kär­ha­na­la­ry içer­ki ba­za­ry ýo­ka­ry hil­li hem-de dür­li gör­nüş­li önüm­ler bi­len üp­jün et­mek­de we da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ra çykar­mak­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­zan­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­syn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň ýe­ri­ni tut­ýan, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýer­li önüm­le­riň gör­nü­şi­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­re­bap til­si­mat­lar ar­ka­ly önüm­çi­lik top­lu­my­nyň kä­mil dü­zü­mi­ni eme­le ge­tir­mek, şeý­le-de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da tä­ze hem-de döw­re­bap önüm­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Go­laý­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Te­jen et­ra­by­nyň “Za­man” ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de guş iý­mi­ni ön­dür­ýän döw­re­bap kär­ha­na­nyň ulan­ylma­ga be­ril­me­gi, ýo­kar­da aý­dy­lan­la­ra şa­ýat­lyk ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň ösü­şi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär, hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­ne öz işi­ni ne­ti­je­li alyp bar­mak we onuň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek üçin uly gol­daw-he­ma­ýat­la­ry ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, te­le­ke­çi­ler ýur­du­myz­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. “Mi­ras” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň dö­re­den kär­ha­na­syn­da guş­lar üçin eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýo­kum­ly iým­le­ri taý­ýar­la­mak­da äh­li amat­lyk­lar göz öňü­nde tu­tul­dy. Önüm­çi­lik bi­na­syn­da Tür­ki­ýe, Gol­lan­di­ýa ýa­ly döw­let­le­riň iň tä­ze, öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry otur­dy­lyp­dyr. Bu kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar ýo­ka­ry hil­li guş iý­mi­niň sa­gat­da 10 ton­na­sy­ny, ýyl­da bol­sa 75 müň ton­na­sy­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de guş eti­ni hem-de ýu­murt­ga önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýan kär­ha­na­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Olar üçin ze­rur bo­lan guş iým­le­ri­niň hem öz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­mä­ge baş­lan­ma­gy, de­giş­li önüm­çi­lik­le­riň işi­niň has-da iler­le­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant bol­dy.

Mun­dan baş­ga-da, hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri öz önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak üçin dür­li hal­ka­ra çä­re­le­ri­ne gat­naş­ýar­lar. Go­laý­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Şan­haý şä­he­rin­de “Tä­ze eý­ýam­da bi­le­lik­dä­ki gel­jek” şy­ga­ry as­tyn­da ikin­ji Hy­taý hal­ka­ra im­port ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­rä dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­rin­den we 155 ýur­dun­dan döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry, şeý­le-de 26 hal­ka­ra gu­ra­ma we 3890-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­dy­lar. Ser­gi­de söw­da, se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa, dok­ma, oba ho­ja­ly­gy, lo­gis­ti­ka we hi­mi­ýa se­na­ga­ty ýa­ly pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri hem öz ön­dü­ren önüm­le­ri­ni hö­dür­le­di­ler. Bu hal­ka­ra çä­re­si önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na çy­kar­ýan türk­me­nis­tan­ly te­le­ke­çi­ler üçin gel­jek­de hyz­mat­daş bo­lup bil­jek hy­taý kär­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­laş­ma­lar ge­çir­mek üçin hem öz­bo­luş­ly meý­dan­ça öw­rül­di.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň, hu­su­san-da, önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň üm­zü­gi ile­ri. Olar dün­ýä­niň köp san­ly ýur­du­nyň işe­wür­le­ri bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýar­lar. Şol ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­lik­le­re or­naş­dy­ryp, da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ça­lyş­ýar­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 6-7-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­na ga­bat­la­nyp, türk­men-ital­ýan işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Şol mas­la­hat türk­men te­le­ke­çi­le­ri üçin hem ne­ti­je­li ta­mam­lan­dy. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry dür­li ital­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len im­por­tuň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­ler üçin en­jam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny üp­jün et­mek ba­bat­da 20 sa­ny şert­na­ma gol çek­di­ler. Bu yla­la­şyk­lar gel­jek­de ýur­du­myz­da dö­re­dil­jek tä­ze önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­nyň, önüm­le­ri­niň hi­li­niň ýo­kar­y bol­jak­dy­gy­nyň ke­pi­li bo­lup hyz­mat eder.

Po­lat ÇA­RY­ÝEW,

S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň

mu­gal­ly­my.