Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugry has-da işjeňleşdirilýär. Daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklarda ykdysady ugra has uly üns berilýär. Şonuň üçin milli Liderimiziň daşary ýurt saparlarynda şol ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň saparyna gabatlanyp, işewürler maslahatlarynyň guralmagy, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmeginde möhüm gural bolup durýar. Muny hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynlarda Ýaponiýa döwletine hem-de Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlarynda hem görmek bolýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 6-7-nji noýabrda Italiýa Respublikasynda resmi saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalar toplumy türkmen-italýan ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyna täze badalga berdi. Milan şäherinde geçirilen türkmen-italýan işewürlik maslahaty netijeliligi bilen tapawutlandy. Işewürler maslahatyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşdylar. Italiýanyň işewürlik bileleşigi Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiligi, dürli ugurlardaky, önümçilik pudaklaryndaky iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Häzirki günde ýurdumyzda italýan maýasynyň şärikligindäki umumy bahasy, takmynan ABŞ-nyň 13 million dollary bolan 22 sany maýa goýum taslamalarynyň we 16 sany kärhananyň hasaba alnandygyny bellemek gerek. Maslahatda milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň ösüş görkezijileri aýdylyp geçildi. Türkmenistanyň we Italiýanyň telekeçileriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. 2019-njy ýylyň 9 aýynda iki ýurduň işewürliginiň wekilleriniň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 9 million dollaryna golaý boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Italiýanyň “Desnet Ballestra”, SACMI, “Fondital”, “Eurosicma”, “Navatta”, “Storci” ýaly belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Italýan işewürleri bilen bolan duşuşygyň barşynda himiýa pudagynda, energetika, daşky gurşaw, gurluşyk, nebit we gaz, ulag, elektronika we telekommunikasiýalar, ulag ulgamlary, logistika, maşyn gurluşyk, azyk senagaty, agrosenagat toplumy ýaly ulgamlarda innowasion önümçiliklerini döretmegiň bilelikdäki taslamalaryny işläp düzmek boýunça teklipler berildi. Ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumlaryna häzirki zaman italýan tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrýar we şolaryň diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda-da uly isleg bildirilýän we bäsdeşlige ukyply harytlara öwrülmegini şertlendirýär. Birnäçe dokma kärhanalarynda Italiýanyň belli “Mazoll”, “Savio” kompaniýalarynyň enjamlarynyň ornaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Geljekde ýurdumyzda özleşdiriljek dag-metallurgiýa desgalarynda, demir önümlerini öndürýän toplumlarda italýan kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Dokma pudagynda italiýaly hyzmatdaşlar bilen dürli taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. “Cormatex” italýan kompaniýasynyň hünärmenleri düýe we geçi ýüňüni gaýtadan işlemek boýunça kärhanada awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ulgamlaryny gurnar.
Nebitgaz ulgamynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy has-da ösdüriler. Ýurdumyzda 2008-nji ýyldan bäri işläp gelýän Italiýanyň “ENI” energetika kompaniýasynyň şahamçasy – “Eni Turkmenistan Limited” kompaniýasy işleriniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Işewürler maslahatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň tanyşdyryş çäresi boldy. Şonuň barşynda italýan işewürleri TOPH gaz geçirijisiniň tehniki satyn alyş, durmuş we maliýe ölçegleri bilen birlikde, häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyryldy. Onuň durmuşa geçirilmegine Italiýanyň enjamlary iberýän we gurluşyk kompaniýalary hem çagyryldy.
Mahlasy, Milan şäherindäki işewürler maslahaty italýan işewürleriniň ýurdumyza bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek babatdaky oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy bilen berk baglanyşyklydyr.
Begenç BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.