Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy, “gys­ga he­ka­ýa­lar” žan­ry­nyň ta­ny­mal us­sa­dy O. Gen­ri­niň ha­ky­ky ady Wil­ýam Sid­neý Por­ter bo­lup, 1862-nji ýy­lyň 11-nji sent­ýab­ryn­da ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­ty­nyň Grins­bo­ro şä­he­rin­de luk­man maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ol üç ýa­şyn­da­ka eje­si ara­dan çy­kyp, daý­za­sy Ewe­li­no Por­te­riň ter­bi­ýe­si­ni al­ýar. Ewe­li­no Por­ter hu­su­sy mek­de­biň eýe­si bo­lup, Wil­ýam hem şol mek­dep­de baş­lan­gyç bi­lim al­ýar.

Wil­ýam 1879-1881-nji ýyl­lar­da da­ýy­sy­na de­giş­li der­man­ha­na­da iş­le­ýär, ýö­ne sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li, bu işi do­wam et­di­rip bil­män, Te­ha­sa git­me­li bol­ýar. Ol 1882-nji ýyl­da Os­tin şä­he­ri­ne gi­dip, ol ýer­de der­man­ha­na iş­gä­ri, bank gul­luk­çy­sy we ha­bar­çy ýa­ly iş­ler­de yh­las­ly iş­le­ýär. Por­te­riň il­kin­ji ede­bi sy­na­ny­şyk­la­ry 1880-nji ýy­lyň baş­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýar. Ol 1887-nji ýyl­da Atol Es­tes bi­len dur­muş gu­rup, ola­ryň Mar­ga­ret at­ly gy­zy dün­ýä in­ýär.

1894-nji ýyl­da Wil­ýam Por­ter Os­tin şä­he­rin­de “The Rol­ling Sto­ne” at­ly hep­de­lik žur­nal çy­ka­ryp, ony, esa­san, öz oçerk­le­ri, goş­gu­la­ry we su­rat­la­ry bi­len dol­dur­ýar. Bir ýyl­dan žur­nal ýa­py­lyp, Por­ter maş­ga­la­sy bi­len Hýus­to­na gö­çüp bar­ýar we ol ýer­dä­ki ýer­li ga­zet­le­riň bi­rin­de ha­bar­çy, ka­ri­ka­tu­ra­çy bo­lup iş­le­ýär.

1896-njy ýyl­da onuň dur­mu­şyn­da agyr gün­ler baş­la­nyp, Tä­ze Or­le­an­dan Gon­du­ra­sa git­me­li bol­ýar. 1897-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da ol aýa­ly­nyň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň agyr­dy­gy­ny eşi­dip, Os­ti­ne do­lan­ýar. Atol Es­tes 1897-nji ýy­lyň 25-nji iýu­lyn­da in­çe­ke­sel­den ara­dan çyk­ýar. Öm­rü­niň kyn gün­le­rin­de ýa­zy­jy öz eser­le­ri­ni O. Gen­ri la­ka­my bi­len ýa­zyp baş­la­ýar. 1902-nji ýyl­da O. Gen­ri Nýu-Ýor­ka gel­ýär.

1903-nji ýyl­da ýa­zy­jy Nýu-Ýork­da çyk­ýan “World” ne­şi­ri bi­len şert­na­ma bag­la­şyp, şo­ňa la­ýyk­lyk­da, her hep­de­de bir he­ka­ýa­ny 100 dol­la­ra sat­ýar. Ne­ti­je­de, onuň gir­de­ji­le­ri meş­hur ame­ri­kan ýa­zyjyla­ry­nyň ýyl­lyk gir­de­ji­le­ri bi­len deň­leş­ýär. O. Gen­ri ön­jeý­li iş­läp, bir wag­tyň özün­de beý­le­ki dö­wür­le­ýin ne­şir­ler üçin hem he­ka­ýa ýaz­ýar.

Ýa­zy­jy öm­rü­niň ahy­ry­ny ýal­ňyz­lyk­da ge­çi­rip, Nýu-Ýor­kuň myh­man­ha­na otag­la­ry­nyň bi­rin­de ýa­şa­ýar. Ol ahy­ry agyr has­sa­ly­ga uç­rap, 1910-njy ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da Nýu-Ýor­kuň has­sa­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de ara­dan çyk­ýar.

O. Gen­ri 600-den gow­rak he­ka­ýa­nyň aw­to­ry­dyr. Onuň eser­le­ri­niň do­ly ýy­gyn­dy­sy 18 jilt­den yba­rat­dyr. Ýa­zy­jy­nyň he­ka­ýa­la­ry­na in­çe ýu­mor we ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je mah­sus­dyr. 1918-nji ýyl­da ýa­zy­jy­nyň hor­ma­ty­na her ýyl­da be­ril­ýän ede­bi­ýat baý­ra­gy “O.Hen­ry Award” esas­lan­dy­ry­lyp, ol iň go­wy he­ka­ýa üçin ame­ri­ka­ly we ka­na­da­ly ýa­zy­jy­la­ra be­ril­ýär.