Be­la­ru­syň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko 12-nji no­ýabr­da We­na­da sa­par­da bo­lup, Awst­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wan der Bel­len bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu üç ýy­la go­laý wagt­dan soň­ra, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýur­du­na Pre­zi­dent Lu­ka­şen­ko­nyň il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­dyr. Awst­ri­ýa be­la­rus yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň iri ma­ýa­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Kipr Res­pub­li­ka­sy gel­jek ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Şen­gen zo­la­gy­na bi­rik­mek mak­sa­dy bilen Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ýüz tut­dy. Bu ba­ra­da Kip­riň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Ni­kos Hris­to­du­li­dis mä­lim et­di. Kipr Res­pub­li­ka­sy 2004-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy­dyr, 2008-nji ýyl­dan bä­ri bol­sa, ýew­ro pul bir­li­gi­niň do­la­ny­şyk­da­ky zo­la­gy­nyň ag­za­sy­dyr.

Nor­we­gi­ýa­nyň ösüş mi­nist­ri Dag-Inge Ulş­teýn 530 mil­li­on nor­weg kro­nu­nyň (52 mil­li­on ýew­ro) Ne­pa­lyň dür­li tas­la­ma­la­ry­na ýar­dam hök­mün­de bö­lü­nip be­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Mi­nist­r bu se­riş­de­le­riň 5 ýy­lyň do­wa­myn­da ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­da Ne­pa­la sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de mä­lim et­di. Se­riş­de­le­riň köp bö­le­gi Ne­pa­lyň we­la­ýat­la­ry­ny ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­ler.

Bel­li hy­taý işe­wü­ri, “Ali­ba­ba” in­ter­net-dü­ka­ny­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jek Ma “For­bes” žur­na­ly­nyň soň­ky reý­tin­gin­de HHR-iň iň baý adam­la­ry­nyň ba­şy­ny çek­di. Mun­dan ozal, bu sa­naw­da “Tencent” te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa hol­din­gi­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy Ma Hu­an­ten li­der­lik ed­ýär­di. Tä­ze reý­ting­de Jek Ma­nyň 38,2 mil­liard dol­la­ra eýe­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu ge­çen ýy­la ga­ra­nyň­da, 3,6 mil­liard dol­lar köp­dür.