Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek ugrunda halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy, munuň özi sanly ykdysadyýete geçilýän döwründe ykdysady bähbitleri artdyrmak meselelerinde aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategik ugry bilen milli ykdysadyýetimiz sanlaşdyrylýar, innowasion önümçiligiň hatary artdyrylýar. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar bilimli jemgyýeti kemala getirmekde, onuň maglumat giňişligini döretmekde, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, durmuş we ykdysady ugurlaryň dolandyryş ulgamlaryny kämilleşdirmekde, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmakda, ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki zaman dünýäsinde ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” diýlen düşünjä aýratyn orun berilýär. Aslynda, sanly ykdysadyýet diýmek nämäni aňladýar? Munuň özi, ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklardyr. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriniň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagyna, önümçilik harajatlarynyň peselmegine, harytlaryň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna amatly ýagdaýlar döreýär.
“Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri şu ýyl ýurdumyzyň durnukly ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 10 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi. Şeýle hem, Türkmenistanda 2019-2020-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatynda tabşyryklary berdi.
Sanly medeniýetiň emele gelmeginde bank hünärmenleriniň maglumat tehnologiýalaryny dolandyryp bilmegi uly orun eýeleýär. Bankyň her bir hünärmeni öz derejesinde ýerine ýetirýän işiniň ähli tarapyny ösdürmäge çalyşmalydyr.
Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzda sanly bank ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank hyzmatlarynyň sanly görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede, sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam eder.
Erkin SARYÝEW,
Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar
täjirçilik bankynyň Halkara amallar
müdirliginiň başlygynyň orunbasary.